31.01.2023 Döredijilik57 .

Saňa


Ýollar meni alyp gaýtdy ýanyňdan,
Yşkyň ody meniň kalbymda körär.
Ýanyp duran baglar çykdy alnymdan,
Ýangyny ýalňyzlyk derdiňden dörän.

Soň yzymda garap galdy köçeler,
Ýorgudyna meňzäp oraşan düýşüň.
Ýatlamalar ýüregiňe göç eder,
Ýöne sen ýönekeý bir zada düşün.

Duýgularym minut saýyn terlener,
Olar lowlap duran ataşdyr, ot dur.
Bil seň, indi bize döwran dolanmaz,
Bil seň, indi bize sataşma ýokdur.

Bu dert atalardan mirasdyr köne,
Ötsün günämizi yşka uýanlar.
Çünki men gaýtmakçy däldim ýanyňdan,
Özi bilen alyp gaýtdy bu ýollar.

Maksat HUDAÝBERDIÝEW,
Darganata etrabyndaky 9-njyorta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 26.01.2023

Tmpedagog