10.10.2024 Döredijilik95 .

Döwletliligiň hikmeti (Hekaýa)


— Eger-eger bir ýere çykarlygym ýokdur. Heý, bu janawary otdan doýrup bolanok-la, ýa munuň men ýok mahalym agzyny asmandan asaýdyňyzmy? — diýip, eline tirt garylan iýmli çelegi alyp, mal agylyna giren Jahan ejäniň sözüni tassyklaýan ýaly, maňlaýy ala, gyzylymtyl sygyr iýip duran otunam goýdy-da, ýüpüni üzere getirip dyzady.

— Haýt, şahy döwülmiş, çyda birsalym! Özümiň-ä iýmejegim belli şü tirti. Garaş, gara garny doýmadyk diýsäni! — diýip, gapdalda duran nowany çekip, oňa tirti guýup ýetişerine mähetdel, ala sygyr hapyrdap, iýme agzyny urdy. Onuň iým iýşini ozal görmedik ýaly Jahan eje haýran galyp, gyra geçip durdy.

— Aý-u, Jahan, bu näme, gürleşmäge adam gyrlypmy, gyz, şahy döwülmişiň bilen gepleşmeseň. Hiç bolmasa, meniň ýanyma geläýseň bolýar-a.

Jahan eje özi bilen ýaşytdaş goňşusyna salam berdi:

— Salamälik, Eneş goňşy! Sag-aman otyrmysyňyz?

Belent çilde tutulan haýata ýaplanyp duran Eneş eje goňşusynyň salamyny alyp soraşdy. Soňra:

— Saňa öňräkden bäri aýdaýyn diýip ýördüm. Men-ä, şunça ýaşasamam, olar ýaly zat eşidib-ä görmändim, dogrusy. Öňräk gumuň eteginde çarwaçylyk edýän garyndaşlarymyza toýa gidipdim-ä, ana, şol ýerde üýşmeleňde boldy gürrüňi. Men-ä şo ýerde eşidenimde derim giňäp gitdi.

— Näme zat gyz ol? — diýip, gyzyklanma bilen Jahan eje-de haýadyň bäri erňegine dykylyp bardy. Eneş eje gürrüňi has süýjütdi:

— Meň-ä garajam öýümiň döwleti eken. Hudaýa şükür, ogul-gyzym, agtyk-çowlugym sag-salamat. Girdejimiz öýümize siňýär. Bag-bakjam bol hasyl getirýär, iýip tükedip bolanok...

Jahan ejäniň halys sabry çydamady, ellerini daldalatdy:

— Näme zatdygyny bir aýd-a!

— Nämedigini aýtmadymmy entek? — diýip, bilgeşleýin edýän ýaly, sözüne dyngy beren Eneş eje öz mal agylyna tarap öwrüldi. Agylynda howlukman gäwüşäp duran gara sygryny görkezip, onsoň bärsine öwrüldi:

— Ine, bu haýran garajama diýýän-le, Jahan goňşy! Agylyňda duran malyňam reňkinde-de bir hikmet bar eken-dä, ynansaň. Saňa ýalan, maňa çyn, gara sygyr öýe, hakyt, döwlet getirýärmiş.

Şol gürrüňlere birbada ynanmadygam bolsa, goňşusynyň sözleri zol Jahan ejäniň gulagynda ýaňlandy durdy. Ylaýta-da, garny ala, otdan doýmazak sygrynyň ýanyna baran wagty ýadyna düşüberdi. Sygryna seredip «Bu janawarda näme günä bar?» diýip oýlansa-da, gözüniň öňüne gara sygyr geliberdi. Öýlerinde birki ýyldan bäri bolýan wakalary ýadyna salanda-ha, hasam hopukdy. Gaýa ýok, gopuz ýok ýerden kesel däl halyna birden adamsynyň bu dünýäden gaýtmagy, oglunyň: «Işlerem başa baranok» diýip soňky günler öýe giç köwlenmesi, baglarynyň hasylynyň az bolmagy — bularyň bary gözüniň öňünde gaýmalaşyberdi. Ýogsam adamsynyň ýüregagyrydan ejir çekýändigi, baglara-da seredijiniň hem şoldugyny welin kellesine getirmedi.

Ejesine degen «keseliň» sebäbine düşünse-de, öýlerini süýtli-ýagly edip duran, kakasy aýtmyşlaýyn, «tohum maldan» geçmäge onçakly razy bolmasa-da, onuň bir-ä, öz aýdanyny etdirýändigi, ikinjidenem, iňňirdisinden dynmak maksady bilen, Oraz kellesini garga deýin çokjalaýan pikirini daýysyna ýaňzytdy.

Jahan ejäniň ala sygryna hyrydar basym tapyldam, aňsatjak satyldam. Hatda bazara äkitmegiňem zerurlygy bolmady. Körpe dogany Haýyt aga: «Tohum mal daşa gitmesin, özüm alaýjak» diýip, bahasynda-da çekeleşmedi-de, doganynyň aýdan puluny berip, maly alyp ötägitdi. Boldy-boldy, Jahan ejä boldy, ýatagy haňlap galdy. Üç dynç güni mal bazarynda selpese-de, gara reňkli mala sataşmady. Süýtsüzlik bilen ýagsyzlygam bir ýana. Iliň gapysynda asylgy duran süzmeli halta göräýse-hä, ýarasy täzelendi.

Bu aralykda Orazyň wezipesini ulaltdylar. Hatda oňa täzeje maşynam berdiler. Uluja agtygy lukmançylyk mekdebine resminamalaryny tabşyryp, enesiniň birmahalky lukman bolmak arzuwyny wysala ýetirdi. Bir salym gara sygyr baradaky oý-hyýallar hem ýatdan çykyşdy.

Günleriň birinde agşamlyk nahary ýaňy öňlerine alan wagtlary salam beren Haýyt aga işikden ätledi.

— Gel, dogan, geleweri, geçeweri! — diýip, ony mähir bilen garşy aldylar. Ömrüne görmedik gaýynenesiniň söýenini aýtdylar. Ýaşlykdan eneden galyp, daýzasynyň elinde ulalan gyzy ömrüne ýanýoldaş edinen Haýyt aga bolsa degişmä salyp, olary gyzyl-gyran güldürdi. Nahar iýlip, töwir galdyrylandan soň, orta gök çaý geldi. Haýyt aga doganyna ýüzlendi:

— Ýeri, Jahan dogan, sygyr edinmegi ne beýle yza süýşürdiň-le? Sadalygyň, türkanalygyň şol ýaşlyk döwrüňdäki. «Erkek eşek guzlapdyr» diýselerem, «Hany?» diýýänlerdendiň.

— Göwün diýen malym duşanok, şondan edinip bilmän oturanymyz — diýip, Jahan eje müýnli gürledi.

— Özüňdäki bar zadyňy äsgermezlik etseň, sataşmazam ol. Nebir sygryňy harladyň. Ine, biziňkiler hezil edinip otyr. «Malyň süýdi agzynda», berdigiňçe berýär, janawar.

Jahan eje näme diýjegini bilmän, halynyň gölüni dyrmalady. Orazyň ejesiniň bolşuna ýüregi awady:

— Daýy, bolýa-la, gel, beýtmäli! Ejeme baryny bolşy ýaly aýdaly. Ala sygrymyzyň halalja duranyna gözi ýetse, begenjegini bilýän.

Haýyt aga doganyna ýüzlendi:

— Ogluň edil atasyna meňzäpdir. Hem seniň göwnüňi ýykmajak bolýar, hem kakamdan galan sygyrdy diýip, ala sygry elden çykarmajak bolýar. Onsoň maslahatlaşdyk-da, Orazyň özi öz sygryňyzy satyn alaýdy. Menem bir araçy boldum, malyňy elinjek bakyp-seredip berdim. Ýaňyja-da, öňküje durýan ýerine getirip daňdym. Indi özüň seredersiň-dä?!

Jahan eje aňk-taňk boldy. Dogrusy, öz malyny öz eli bilen ýitirenine şeýle bir jany ýanyp, alaçsyzlykdan gürläp bilmän ýördi. Haýyt aganyň sözüni eşidip, ol gaty begendi, ogluna alkyş okady. Döwletli hem agzybir maşgalada bu gije uzak wagtlap şadyýanlyk höküm sürdi.

Bahar ANNAŞOWA,
Görogly etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 10.10.2024

Tmpedagog