27.01.2023 Döredijilik171 .

Mugallymçylyk wezipesi mukaddesdir!
(hekaýa)


Maşgalasy bilen seýilgähe gezelenç edýän ýigit 25 ýyl mundan ozal özüni okadan başlangyç synp mugallymyny seýilgäh otugujynda dynç alýarka gabatlaşdy we: “Salam mugallym meni tanadyňyzmy?” -diýdi. Nurana mugallym ýigidiň ýüzüne ýiti nazarlap seredip: “Ýok tanap bilmedim, kim siz?” –diýdi. “Meni nähili tanamarsyňyz, ýatdan çykaran dälsiňiz-ä, başlangyç synpda okadan okuwçyňyz Nazar men, ýadyňyza düşdümmi, bir gün sapakda bir okuwçynyň sagady ogurlanypdy, siz hemme okuwçyny ýerinden turuzyp tagta çykaryp barlapdyňyz. Şonda men bu eden işim üçin diýseň ökünipdim, käşge bu işi etmesedim diýip puşman edip durkam, siz hemmämize gözlerimizi ýummagymyzy talap edipdiňiz. Ortarakda duran ýerimde mana tarap hemmäni barlap gelýäniňizi görmesem hem duýýardym. Siziň maňa ýakynlaşýan aýak sesleriňiz meniň ýürek uruşumyň seslerini has hem beýgeldýärdi. Barlamak gezegi maňa ýetende sessizlik bilen jübimden sagady alyp öz jübiňize salypdyňyz. Menden soňky okuwçylary hem doly barlap bolansoň ýerimize oturdupdyňyz. Meniň ogurlan sagadymy ýüzüme urup aýtman eýesine gowşurypdyňyz. Näçe ulaldygymça meniň eden ýalňyşyma siziň beren beýiklik mertebäňiziň öňünde her ýadyma düşende has kiçeldim. Mugallym men häzir 32 ýaşymda, aslynda durmuşdaky iň gowy sapagy şol gün sizden aldym. Siziň şol beýikligiňiz bilen şol ýagdaýda meni synpdaşlarymyň arasynda utandyrmadygyňyz, geljek ömrümde jemgyýetde öz ornumy tapmaga itergi berdi. Mugallym indi bir tanadyňyzmy meni?”- diýdi.

 Baýry mugallym birneme dikelip okuwçysyna seretdi-de: “Ol hadysany ertesi gün ýatdan çykarypdym men, häzir sen ýadyma salaýdyň. Biler bolsaň, şonda siziň hemmäňize gözleriňizi ýumuň diýenimden soňra özüm hem gözümi ýumupdym. Şol ýaşlarda siziň ýalňyşmagyňyz geň däldi. Sagady ogurlan okuwça garşy ters duýgymyň döremezligi üçin şeýdipdim, diýmek ol sen hä? ” –diýdi.

Ýedibaý Baýramdurdyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



atavatan-turkmenistan.com

Tmpedagog