26.07.2024 Döredijilik318 .

Ýyldyzly asman (Hekaýa)


Daýzasynyň gyzydygyna garamazdan, geleli bäri Gülnäz bilen arkaýyn gürleşmegiň ebeteýini tapmadyk Aýhan ony demir ýol menzilinden ugratmagy tabşyranlarynda hem begenipdi, hem gussa batypdy. Begeneniniň sebäbi — demir ýol stansiýasyna otly daňa golaý gelýär. Diýmek, Gülnäz bilen gürleşmek üçin wagt ýeterlik boljak. Gussa batmagynyň sebäbem, şondan soň Gülnäzi haçan görjeginiň nämälimdigi. Şonuň üçinem Aýhan ykbalyň şujagaz döreden pursatyndan hökman peýdalanmaly diýen pikiri ýüregine berk düwüpdi.

Aýhanlaryň obasy dag eteginde ýerleşse-de, otla münmek üçin giň sähranyň goýnuna aralaşmalydy. Şonuň üçinem otla münmek üçin dag obalaryndanam, sähra jümmüşindäki ilatly ýerlerdenem gelerdiler-de, gijäň bir wagty hem çolaja stansiýada bäşlän-üçlän adam hökman bolardy.

Gülnäzi ugratmaly boljagyny bileli bäri Aýhan onuň bilen näme barada gürrüň etjegini pikirlenip, öz ýanyndan taýýarlyk baryny gördi. Oturyp-oturybam, hiç bir zat barada-da iki-üç sözlemden artyk gürrüň edip bilmejegine göz ýetiripdi. «Men bir çopan oglan. Mal-gara barada gürrüň bereýinmi? Ýabymy ýa itimi taryp edeýinmi? Dag ýodalarynyň haýsynyň nirelerden çykarýandygy barada gürrüň edeýinmi?» diýip, dosty Didara ýagdaýyny aýtdy. Ol näme bolsa-da, bir ýaş ululygyny etdi. «Sen onuň bilen näme üçin gürleşjek?» diýip sorady. Aýhanyň näme, dostundan zat gizlejek gümany barmy? «Gowy görýän» diýdi. «Oňarsam, söýýändigimem bildirjek. Iň bolmanda, onuň ýene gelmegini haýyş etjek, garaşjakdygymy aýtjak» diýdi. «Onda näme öz gowy görýän zatlaryňy sanap otyrsyň?» diýip, Didar başyny ýaýkady. «Sen onuň gowy görýän zatlaryny öwren-dä. Şonda ol bilbil bolup saýrar. Gürleşdigiňizçe-de araňyz ýakynlaşar» diýdi. Ýüregine jüňk bolsa-da, Didaryň maslahaty Aýhana peýda etmedi. Gülnäziň gowy görýän, gyzyklanýan zatlaryn-a bildi welin, olary içgin öwrenere wagtam, mümkinçiligem tapmady. Daň bilen-ä çekenesini öňüne salyp dagyň içine siňip gidip, agşamara dolanyp gelýän oglan şol aralykda bir zatlar okamaga, öwrenmäge maý tapman geçdi. Ýogsam bir gün-ýarym gün özüne derek inilerini ugradybam gördi. Onda-da alan galasy bolmady. Wagtam: «Haçan Aýhan taýýar bolarka?» diýip garaşyp duranok, Gülnäziň gitmeli güni derrew ýetip geldi.

Aslynda Gülnäz Aýhanyň öň görmedik gyzy-da däl. Ol çagakalar daýzasynyň yzyna düşüp kän gelerdi. Birki gezek Aýhanyň özem olaryňka baryp görüpdi. Ol wagtlar nädip gürleşmeli, näme hakda söhbet etmeli diýen pikir golaýyna gelmese näme?! Daýzasynyň galan çagalarynyň ählisem oglandyr welin, Aýhan şu çaka çenli Gülnäziň beýleki doganlaryndan tapawudy bardyram öýtmezdi. Bile oýnar ýörerdiler. Göräýmäge, şol bir gyz, şol bir gözler, şol bir bakyşlar. Ýöne ikisiniň arasyndaky ýagdaý welin düýbünden başgaça. Gülnäzem öňküleri ýaly, bälçiklik ediberenok. Beýlekiler bilen beýle bolmasa-da, Aýhana gezek gelende agzyna suw alana dönäýýär.

Ine, inden otyrlar, çolaja demir ýol stansiýasynda. Ýolagçam kän däl. Ýöne ýagdaý ýene öňki-öňkülik. Öýden çykanlary bäri iki agyzdan artyk gürleşenem däldirler. Dymşyp oturyşlary Aýhanyň ýadyna dagda ýatymlyk galýan gezeklerini saldy. Şonda onuň bar güýmenjesi garaňky gijelere özboluşly bezeg berýän ýyldyzlar bolardy. Şu pikirler bilen Aýhan asmana seretdi. Eýýäm daň ýyldyzy ýokary galyp, töwerek-daş saýgardyp ugrapdy. Ol:

— Çopan ýyldyzy dogdy, ind-ä otly kän eglenmez — diýenini bilmän galdy.

Gülnäz bir Aýhana, birem asmana seretdi.

— Çopan ýyldyzy?..

— Hawa, hana, ho-ol ýyldyzy görýäňmi? Şoň ady Çopan ýyldyzy-da.

— Olaryň hersiniň özbaşyna adam bolýamy?

Aýhan ýylgyryp baş atdy.

— Hemmesiniňem adyny bilýäňmi onsoň?

Gyzy gürledip bilenine, asyl, gürleşmäge zat tapanyna göwni göterilen ýigidiň: «Hawa» diýesi geldi. Ýöne gyzyň: «Hany, otly gelýänçä birýan ujundan sana» diýerinden ätiýaç edip dogrusyndan geldi:

— Aý, edil hemmes-ä däl, käbiriniňkini bilýän — diýip, ol asmana seretdi. Ýöne eýýäm ýyldyzlar öçügsilenip, daň şapagy gündogardan öz hökümini ýöredip ugrapdy. Şonda-da ol bilýänje ýyldyzlarynyň atlaryny sanap başlady: — Wah, köpüsi sönüp ýetişipdir welin, şu günler gijelerine yzyna Üçýyldyzy tirkäp çykan Ülkeri, Zöhre, Kowus, Mizan, Öküzgöz ýyldyzlaryny synlap bolýar. Onsoňam...

Ol barmana otlynyň sesi geldi. Ýaňy bir göwni göterilip ugran ýigidiň keýpi gaçsa-da, syr bildirmän: «Aý, yzyny indiki geleňde aýdyp beräýerin» diýen boldy.

Otly gidensoňam gözüni bir nokada dikip, gozganman oturan Aýhan: «Şu çaka çenli ýyldyzlary ýada salman näme işledimkäm» diýip, öz-özüni kötekledi. Dagda, goýun yzynda gezip ýörkä hemişe özüne hossar çykýan ýyldyzlardan juda zerur wagty kömek etmändikleri üçin göwün etdi. «Hemişe ýalpyldap, «Ine, men» diýşip durandyrlar welin» diýip, ahmyr bilen başyny ýaýkady. Pikirlenip-pikirlenibem, ýyldyzlaryň näme üçin beýle edendiklerine düşündi.

«Ýagtylygyň bar ýerinde ýyldyzlaryň şuglasy öçüşýär-dä. Gülnäziň owadan jemalynyň ýalkymyndan ýaňa ýyldyzlar gözüme görünmedik bolmaly» diýip, içini gepleden ýigit ýerinden turdy-da, öz ýoluna gidiberdi.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 26.07.2024

Tmpedagog