18.07.2024 Döredijilik61 .

Arkadagly Serdaryň saýasynda


Arkadagly Serdaryň saýasynda

Asudadyr, agzybirdir halkymyz,
Arkadagly Serdaryň saýasynda.
Bagtly hem-de şat geçýändir wagtymyz,
Arkadagly Serdaryň saýasynda.

Hyjuwlydyr, gujurlydyr ýaşlary,
Maksatlary belent, belent başlary,
Bir suprada taýýar kylnar aşlary,
Arkadagly Serdaryň saýasynda.

Türkmenistan älem-jahan dilinde,
Alkyşlaýar her bir myhman gelende,
Dostlaşmakdyr, gatnaşmakdyr serinde,
Arkadagly Serdaryň saýasynda.

Arkadagyň ýoly bilen barýarys,
Şol ak ýolda rysgal-döwlet tapýarys,
Täze oba, täze şäher gurýarys,
Arkadagly Serdaryň saýasynda.

Eziz Diýarymyz bagy-eremdir,
Topragymyz keramatdyr, keremdir,
Ähli arzuwlarmyz wysal bolandyr,
Arkadagly Serdaryň saýasynda.

Ata Watan, waspyň eder sözlerim,
Garaşsyzlyk açdy meniň gözlerim,
Dowamatdyr Arkadagly ýyllarym,
Arkadagly Serdaryň saýasynda.


Pyragy

Arzuw etdiň bir berkarar döwleti,
Arzuwlaryň hasyl boldy, Pyragy.
Taglymatyň birleşdirip milleti,
Adyň dünýä belli boldy, Pyragy.

Şygyrlaryň ýol görkezýär ilime,
Adyň tutsam, ylham gelýär serime,
Kalbym joşup, bal goşulýar dilime,
Nesihatyň nusga boldy, Pyragy.

Beýan etdiň külli türkmen durmuşyn,
Bu dünýäniň, Ýeriň-gögüň gurluşyn,
Alkyşladyň adamlaryň ýagşysyn,
Maksatlaryň myrat boldy, Pyragy.

Magtymguly, buýsanýarys adyňa,
Milli Lider goşgy ýazdy şanyňa,
Prezidentim şan goşdy şöhratyňa,
Öwütleriň çyrag boldy, Pyragy.

Baýjan TAGANGELDIÝEW,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki
28-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 18.07.2024

Tmpedagog