03.01.2023 Döredijilik127 .

Durmuşyma täsir eden ynsan (Bolan waka)


 «Käte bir okuwçynyň durmuşyna bir mugallym täsir edip bilýär. Okuwçy mekdebe diňe şol mugallym üçin barýar. Ana, şol mugallym siz boluň, özi-de her gün boluň...». Internet sahypalarynda gabat gelen bu setirleri okap, çagalyk döwrüm ýadyma düşdi. Dogrudanam, işine yhlasly mugallym okuwçynyň durmu şynda uly täsir galdyryp bilýär. Bu meniň durmuşymda-da şeýle bolupdy...

 4-nji synpa gadam basypdyk. Täze dersler, täze mugallymlar, täze synp otagy, garaz, biziň üçin hemme zat üýtgeşikdi. Birinji sapagymyzam türkmen dili dersidi. Bu ders bize nätanyş däldi, emma ondan soňky edebiýat dersi welin bize düýbünden ýatdy. Elbetde, başlangyç synplarda nusgawy şahyrlaryň birlän-ikilän goşgulary, döwürdeşlerimiziň çagalar üçin ýazan hekaýalary bilen tanyşdyk. Ýöne bularyň edebiýat sapagyna degişlidigini welin entek bilmeýärdik. Enemiň kitap tekjesinde edebiýat kitaplary köpdi, ýöne men olary hiç gyzyklanyp okap görmändim. Şeýle pikirlere gümra bolup oturyşyma, birden gapy açylyp, ýüzi nurana zenan synp otagymyza girdi. Biz oňa ses goşup, salam berdik. Ol adynyň Aýjemaldygyny, şu günden başlap bizi türkmen dili we edebiýaty dersinden okatjakdygyny aýtdy. Bu mugallymy biz heniz görmändik. Ol şol ýyl biziň mekdebimize täze işe gelen ekeni.

 Her gün diýen ýaly türkmen dili we edebiýaty sapaklary bardy. Mugallymy günde görýänime diýseň begenýärdim. Sebäbi Aýjemal mugallymyň sapagy gaty gyzykly geçýärdi. Sapagyň dowamynda dürli ýaryşlar, oýunlar guralýardy. Ertekileri dagy şeýle bir gyzykly edip gürrüň berýärdi welin, özümizi edil şol ertekiniň içindäki bir gahryman ýaly duýýardyk. Synpdaş oglan-gyzlar bilen birek-birekden galmajak bolup ýaryşyp okaýardyk, her gün sapak aýtmaga birinji çykjak bolup jan edýärdik. Türkmen dili we edebiýaty gurnaklarynda döredijilik bäsleşikleri guralýardy. Her kim öz ýazan goşgusyny okap berýärdi. Goşgy okamak, ýat tutmak bolsa meniň iň gowy görýän pişämdi. Aýjemal mugallym meni, ýene birki sany synpdaşlarymyzy ders bäsleşigine-de hödürläpdi. Meniň bu derse bolan gyzyklanmam gün-günden artýardy. Türkmen dili we edebiýaty sapagy iň söý-güli sapagym boldy.

 Bir gün sapakda mugallym bize işden gidýändigini, ýanýoldaşynyň başga bir şähere işe goýlandygyny aýtdy. Ol gün menem, bütin synpymyzam gynanmak gynandyk. Mugallymymyzdan haýyş edip, habarlaşyp durmak üçin telefon belgisini aldyk. Şol gün edil Aýjemal mugallym ýaly, türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolmagy berk ýüregime düwdüm... Şondan soň 9-njy synpda okaýan wagtlarym Aşgabatda demir ýol menzilinde Aýjemal mugallyma birje gezek sataşdym. Bokurdagym dolup, aglaman zordan saklandym...

 Aradan ençe wagt geçdi. Orta mekdebi tamamlap, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby bolmak bagty nesip etdi. Ýokary okuw mekdebinde-de ýurdumyza belli ussat mugallymlardan sapak aldyk. Mugallymçylyk käriniň inçe syrlaryny öwrendik. Çagalyk döwrümden ýüregimde besläp ýören arzuwlarym hasyl boldy. Şeýle asylly käriň eýesi bolanym üçin özümi diýseň bagtly saýýaryn hem-de mende bu hünäre bolan söýgini döreden Aýjemal mugallymy elmydama minnetdarlyk bilen ýatlaýaryn.

 Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda: «...mugallym arzuwlara uçgun berip, ony lowladyp ýakýan çakmak daşydyr» diýlip bellenýär. Arzuwlaryma uçgun beren şo-ol mähriban mugallymymy indi her gün diýen ýaly görýärin. «Nädip diýýäňizmi?». Aýjemal Annaýewa häzir «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda žurnalist bolup işleýär.

Gülälek WEPAÝEWA,
Köýtendag etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

"Nesil" gazeti 2022-nji ýylyň 20-nji dekabry

Tmpedagog