20.01.2023 Döredijilik259 .

Bagt näme?


Bagt näme?

Bagt näme? Dogulmagym,
Ilkinji ädim ätmegim.
Ejem janyň ýyly mähri,
Halal duz-çörek datmagym.

Bagt näme? Çaga wagtym,
Elipbiýi okan günlem.
Okap, ýazyp, many alyp,
Ganat baglan, bekän günlem.

Bagt näme? Ýaşlyk çagy,
Bir gyza aşyk bolmagym.
Söýgi hakda pikir edip,
Goşgy baryny ýazmagym.

Bagt näme? Arzuw edip,
Perzendimi gören döwrüm.
Onuň ajap gülküsine,
Guwanyplar ýören döwrüm.

Bagt näme? Kärim söýüp,
Zähmet çekip gezmekligim.
Ilim-günüm bilen bile,
Bagtly döwri görmekligim.


Eje

Ejiz gelýär şygyrlam,
Waspyň etmäge, eje.
Mähriň mydam gerekli,
Sen dünýäde ýekeje.

«Balam» diýip ezizläp,
Özüň iýmän, iýdirdiň.
Öwüt-nesihat berip,
Hak ýollara uýdurdyň.

Ejem jan, uzak ýaşa,
Her günüň bahar bolsun.
Eşideniň alkyş söz,
Duýjagyň mähir bolsun.

Ynjamasyn ýüregiň,
Mydam aramyzda gez.
Dünýä ýaz seniň bilen,
Ömrümize bol bezeg.

Batyr Halymow,
Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 19.01.2023

Tmpedagog