19.01.2023 Döredijilik253 .

Şahyr joşa gelse döreder dessan...


 Bütin dünýäni özüniň ýyly mähri bilen çoýýan, söýgüsi bilen ýyladýan mähriban enelerimiz barada näçe ýakymly sözler aýtsagam bärden gaýdýar. Bagşy eneleri ajaýyp aýdym-sazlary bilen wasp etse, suratkeş kalby mähirden, söýgüden, oňat arzuwlardan pürepür enäniň nurana keşbini çekip, öz sungatynyň güýjüni açyp görkezýär. Şahyr bolsa eneleriň şanyna duýgur kalbyndan syzylyp çykan ajaýyp goşgulary bagyş edýär. Özem enä bagyşlanan sungat eserleri bir ýa iki däl, olar barmak basyp sanardan kän.

 Enäniň mähri, söýgüsi, hüwdüsi, arzuwy, dilegi ýazyjydyr şahyry öz erkine goýmaýar, oňa mähriban enäniň şanyna dessan bagyşlamaga joşgun berýär. Gara Seýitliýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Berdinazar Hudaýnazarow, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew... ýaly meşhur şahyrlarymyz sözleriň şirinden şirinini, nepisden nepisini saýlap, enäniň şanyna sözden belent ýadygärlik galdyrdylar.

 Gara Seýitliýew «Ene ýüregi» şygrynda mähriban enelerimiziň derýadan giň, deňizden çuň, syzgyr, duýgur ýüregini wasp edýär:

Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz,
Enäniň ýüregi gülden näzikdir.
Enäniň hiç erbet arzuwy bolmaz,
Arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr.

 Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Enäniň şanyna» goşgusynda dünýäniň görki, örki, berki, durky hasaplanýan enelerimiziň tarypy edilýär. Şahyr mähriban enäniň öňünde dyzyna çöküp: «Dünýäniň durky, ene, sen, ene!» diýip ýüzlenýär.

 Eziz perzentlerini ýelden ýelpäp, günden goraglaýan eneleriň hamraklygy, aladaçyllygy barada Kerim Gurbannepesowyň şygyrlary has-da tapawutlanýar:

Säher bilen hemmämizi oýadýan,
Süýt bişirip, çaýymyzy gaýnadýan,
Soňra bolsa başymyzdan sypalap,
Köçä çykyp ak mekdebe ugradýan
Mähriban enemizdir!

 Goý, iliniň-ýurdunyň abatlygyny, bagtyýarlygyny arzuwlaýan eneleriň dilegi hasyl bolsun! Mähriban ynsanlara asuda durmuşda uzak ömür sürmek, perzentleriniň, il-gününiň bagtyna guwanyp ýaşamak miýesser etsin!

Ogulbibi MÄMMETJUMAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky
14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 18.01.2023

Tmpedagog