02.05.2024 Döredijilik73 .

Belent aýdym sen


Dagynyklyk derdini çekip, özgä
Bagly bolmaklykdan köýüp-ýandyň sen!
Özüň pida edip alawa-jöwza
Erkinligiň ýol aljagyn aňdyň sen!

Taryp edip «merdiň ogly merdini»,
Söýdüň durkuň bilen ata ýurduňy.
«Pederleriň miras goýan derdini»
Aýdyma öwüren zaryn heňdiň sen!

«Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasyn»
Köp gözlediň gülletmegiň çäresin.
Watan topragynyň keremli ysyn
Ýagşy niýet bilen sorup gandyň sen!

«Akyl gämisini» batyryp oýa,
Otyrsyň bagymda misli bir gaýa.
Bu gün şägirtleriň gelmişdir toýa,
Mizemez bir seždegähe döndüň sen!

Türkmenimiň mertebesi bolansyň,
Ylham täji bolup kalba dolansyň,
Ruhuň bu gün Diýaryma dolansa,
Dillerde ýaňlanýan belent aýdym sen!

Boldy adyň bu gün ýylyň şygary,
Paýhasyň ummany — beýik Pyragy,
Döwürleriň, göwünleriň çyragy,
Senden ugur alsam ýolum aýdyň meň. Gülkamar KÖSÄÝEWA,
Darganata etrabyndaky
2-nji orta mekdebiň müdiriniň orunbasary.

Gülkamar KÖSÄÝEWA,
Darganata etrabyndaky
2-nji orta mekdebiň müdiriniň orunbasary.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 02.05.2024

Tmpedagog