02.05.2024 Döredijilik58 .

Türkmenistan — ösüşleriň mekany


Güneşli Watanym ösýär, özgerýär,
Ata Watan — rowaçlygyň mekany.
Il-gün täze döwrüň hözirin görýär,
Eziz Diýar — ajap döwrüň mekany.

Beýik işler haýran edýär jahany,
Artyp barýar ýurduň şöhraty-şany,
Dost-dogana açyk ýoluň çar ýany,
Dogduk Watan — asudalyk mekany.

Arkadagly Serdar — şamçyrag bilen
Halkyň Gahrymany — Arkadag bilen,
Diňe öňe barýas ajap çag bilen,
Türkmenistan — dost-doganlyk mekany. Mehremjemal REJEPOWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen
3-nji orta mekdebiň mugallymy.

Mehremjemal REJEPOWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen
3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 02.05.2024

Tmpedagog