02.05.2024 Döredijilik61 .

Obam (Oýlanma)


Türkmen ýaýlasyna gelen bahar paslynyň gözel görnüşi her bir ynsanyň ylham gapysyny kakýar. Ýaz paslynyň dumly-duşy owadan lybasa beslän häzirki günlerinde hyýallarym meni ýene-de çagalygyma alyp gitdi.

Öýümiziň öňündäki üzüm teläriniň çetinde asylyp duran çekizeli haltadan damýan damja baharda ýagýan damjalar ýaly owadan ses edip, hemişe damyp durandyr. Ejem pahyr ony mydama başýuwluk edip ulanardy. Arasynda goňşularymyz hem şol başýuwlukdan alyp giderdiler. Öýli-işikli bolan doganlarym atam öýümiziň iki gapdalyndan öý tutundylar. Men öýümiziň körpesi bolamsoň, doganlarymyň uly çagalary meniň deň-duşlarymdy. Onsoň men olar bilen hem dogan, hemem deň-duş goňşudym. Şolar bilen Gün dogandan tä batýança, öýümiziň gaýra tarapyndan mal-beýleki üçin salnan kepbämiziň arka tarapynda arasy gaty daşda bolmadyk iki düýp erik agajynyň saýasynda gurjak oýnuny oýnaýardyk. Ana, şol agaçlar ýaz paslynda şeýle bir owadan görnüşe gelýärdi. Hemmämiziň gurjagymyz tut çybygydyr ýa-da owadan reňkli çüýşelerdir. Olaryň başyna bölek matajyklardan daňyp ýaglyk, göwresine bolsa ýene-de bir bölek matalardan daňyp köýnek geýdirerdik. Garaz, saýlap alan tut çybyklarymyzydyr çüýşelerimizi öz başardygymyzdan bezäp, gurjak ýasardyk. Onsoň ol gurjaklar biz üçin dünýädäki ähli gurjaklardan owadandyr. Şeýdip, iki erik agajynyň arasynda sallançak ýasardyk, hüwdi aýdyp, «çaga» ýatyrardyk, «gelin» alyp, «toý» ederdik, biri-birimize «myhmançylyga» barardyk, baharda gögerýän otjagazlary ýolup, «ekin ekerdik». Umuman, ulularyň durmuşynda görýän hereketlerimizi öz oýnumyzda gaýtalardyk, çalt ulalmagy arzuw ederdik. Birdenem ýaňy bişen tamdyr çöreginiň ysy biziň ünsümizi bozup, ajyganymyzy şonda bilip galardyk.

Ejem pahyr çörek bişirende, hamyrlary uly bölerdi, hemişe çörekleri gyradeň we olaryň arasyny kiçijik çörek kökejikleri bilen bezäp ýapardy. Tamdyra ýapýan çörekleri ululygyndan ýaňa repideden syrygyp gaçaýjak ýalydy, emma olaryň ejemiň elinden gaçyp hiç ýere gitjek gümany ýokdur.

Tamdyrdan gelýän ýakymly ys seni öz erkiňe goýmazdy. Ylgap nädip baranyňy bilmersiň. Ejemiň agtyklaryna goşulyp men hem barardym. Her haýsymyz şol owadanja çörek kökejiklerinden ýetdik paýymyzy alyp, ýene-de bir oýnuň kül-külüne düşerdik. Men soň-soňlar hem ejemiň çörek ýapyşyny köp synlapdym. Tamdyra ot goýberende, onuň körügini açyp, çöreklerini ýapjak bolanda, şol körükleri ýapardy. Ol nahar bişirilende-de, çörek ýapylanda-da, hökman çaga bilen myhmanyň paýynyň hem bolmalydygyny işini edip duran ýerinden öz-özüne gürrüň berýän ýaly düşündirerdi.

Çagalygymy ýatlanymda, daýhan birleşigimiziň obamyza görk berip oturan içi bakjaly, ir-iýmişli bagçylygy hem hemişe ýadymda. Ony ýaz paslynda görmäge göz gerek diýlenidi. Mekdebe gatnaýan köçämizden sowarak bolsa-da, öýe gaýdyşyn edil bäsleşýän ýaly biri-birinden owadan gülleýän şol baglary synlap, gözümiz doýmazdy. Gapdalyndaky ýapdan tolkunlary joşgunly saz çalýan ýaly lummurdap akyp geçýän suw bolsa biziň çaga kalbymyzy has hem heýjana getirerdi. Şol ýabyň gyrasyndan çykýan ýaşajyk gamşyň baldaklaryndan ýolup alyp, herimiz bir gaýyjak ýasap, suwuň akymyna görä goýbererdik-de, haýsymyzyň ýasan gaýyjagymyzyň suwda çalt ýüzýändigini biljek bolup ylgaşyp, öýümize nädip gelenimizi bilmezdik.

Mähriban obam, sen hemişekileriň ýaly ýene-de owadan lybasyňy geýensiň. Obamyzyň daýhanlary bolsa aýak üstündedir. Şahyrlaryň biriniň «Obam» atly goşgusynda şeýle setirler bar:

Obam, bu ömrüm senden başlanýar,

Sende köküm-puşdum, sende pederim.

Bu, hakykatdanam, şeýle, men — obamyň bir ülşi. Men nirede bolsamam, sen meniň üçin mähribansyň, obam! Sebäbi sende kyblamyň agras nazary, käbämiň meniň üçin aýdan owadan hüwdüleri, doganlarym bilen bileje ulalan, örňän atam öýüm bardyr. Ýurdumyzyň kiçijik bir bölegini bezäp oturan eziz obam, sen meniň üçin mähribansyň, mukaddessiň!

Gülşat ATAJANOWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
7-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.

"Balkan" welaýat gazeti, 25.04.2024

Tmpedagog