18.01.2023 Döredijilik143 .

Diýar bilen Bagtyýar
(ýa-da «Jigim bilen men» atly hekaýalar toplumy)


Akbaýyň garagollugy

 Kakam kiçijik akja güjüjegi bize sowgat getirdi. Onuň adyny men dakdym. Akbaý. Akbaýyň gara ýerl rem bar, akja ýerleri köp bolansoň dakaýdym. Kakam «Alabaý dakaý» hem diýdi, ýöne ol dostumyň itiniň ady ahyry. Biz onuň bilen günde daşarda oýnaýardyk. Hatda oňa tegelejik halkany gapmagy hem öwretdik. Özem, baý, oýunça-a. Akbaý biz nirä gitsek yzymyzdadyr. Jigim oňa öýden öz iýýän zatlaryndanam getirip beriberýär. Akbaýyňam işdäsi zor. Bir gün Akbaý bilen oýnap ýörkäk, goňşy gyz özüniň tegelek aýlawly, halka meňzeş saça dakýanyny gaçyrdy. Akbaý muny görüp, derrew agzyna salyp alyp gaçyp gaýtdy. Ol biziň gapyp getirmegi öwreden halkalarymyz öýdendir-dä. Gyzjagazam gözüni elek-çelek edip, gözýaş dökmäge başlady. Menem Akbaýy çagyrdym. Ol derrew ylgap, ýanyma geldi. Saça dakylýany aýagymyň ýanyna getirip taşlady. Menem ony Dürdänä eltip berdim. Ol aglamasyny goýdy. Ýöne onuň dişlenen ýerine seredip, ýene möňňürip başlady. Men onuň hapa bolan ýerlerini ýuwup, oňa getirip berdim. Akbaýyň bu garagollugy üçin bolsa men ötünç soramaly bolaýdym.

Obada

 Enem dagy obada ýaşaýar. Oba barsaň nähili hezildigini sizem bilýänsiňiz. Enemleriň howlusynda dürli miweli baglar bar. Ir bilen gelnejem bize göleli sygryň süýdüni sagyp, bişirip berýär. Gaýmagyny «men iýjek-de men iýjek» bolşanymyz üçin enem onam bize bölüp berýär. Onsoň biz uzakly gün howluda oýnabermeli. Atam käte ekine aýlanyp gaýdýar. Bu gün biz atam, Illi kakam dagy bilen bugdaý meýdanyna gitdik. Bagtyýar, Didar, Ilaman dagam biziň yzymyzda. Ol ýerde uzakdan bir adam göründi. Men atamdan soradym:
  – Ata, ol ekiniň ortasynda häliden bäri gozganman duran adam kim?
  – Ol adam däl, köşegim. Oňa garantga diýýärler.
  – Hä-ä, ýadyma düşdi, ene dili sapagynda geçipdik. Ol ekini goraýan bolmaly.
  – Hawa, ekine gelen guş-gumrular oňa adamdyr öýdüp gorkýarlar. Oňa çenli jigimem jedirdedi:
  – Ata, ol seniň öňki telpegiňi geýipdir mi? Atam muňa ýylgyryp:
  –Tanaýdyňmy, inerim. Hawa, biz oňa geýmejek, könelişen eşiklerimizi geýdirdik. Biz garantgany ýakyndan synlasymyz geldi. Onuň içi agaçdan edilen ekeni. Uzyn taýaga gapdallaýyn taýak çüýlenipdir. Ol garantganyň elleri bolýan eken. Onuň eşikleriniň ýyrtylan ýerlerem bar ekeni. Atam islendik eşigiň Günüň aşagynda köp dursa ýyrtylagan bolýandygyny bize düşündirdi. Garaz, biziň obada wagtymyz juda tiz hemde gyzykly geçdi.

Sirkde

 Meniň doglan günüme näme isleýändigimi soranlarynda: «Sirke gidesim gelýär» diýipdim. Kakam ýatdan çykarman ekeni. Bize sirke petek alypdyr. Ol ýerde gaty gyzykly çykyşlar bolýanyny telewizorda görýärdim. Ejem jigim ikimizi meňzeşje geýindirdi.
 Sirkiň içi juda uly eken. Çykyşlar başlandy. Ilki bir gyzjagaz akja kepderileri we halkasy bilen çykyş görkezdi. Kepderiler halkanyň içinden uçup geçip, gyzyň egnine gondular. Soňra kellesinde uzyn ýaşyl başgaby, burnam ullakan we çym gyzyl eşikli masgarabaz geldi. Onuň köwşem şeýlebir uzyn, ujunda togalajyk gara şara meňzeş ýerem bar. Onuň ýöreýşem gaty gülkünçdi, biz oňa gülüp hezil etdik. Soňra ol özüniň tigrini getirdi. Tigri şeýlebir kiçijik, ol onuň üstünde ullakan bolup otyr. Özem elinde topjagazlary zyňyp gapýar. Käte balagynam çekip goýberýär. Jigimiň dagy gülmekden ýaňa ýüzi gyzaryp gitdi. Iň soňunda atly çykyşlary görkezdiler. Onda oglan-gyzlar dürli oýunlar görkezdiler. Diňe bize däl, ejem kakama-da bu çykyşlar juda ýarady. Jigim gaýdanymyzda: «Ýene-de haçan gelýäris» diýip, zol sorag berdi durdy. Kakam oňa: «Eger mekdepde oňat okasaň, ýene hökman getirerin» diýip aýtdy.


Leýla GARRYÝEWA,
Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen
20-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Güneş" žurnaly, 2023 - №1

Tmpedagog