20.04.2024 Döredijilik34 .

Höwür-höwür kömelek... (Oýlanma)


Baharyň dolup-daşyp, kükräp, syçrap-çisňäp, gök gümmürdedip, sähel salymda töweregi suw--sil edýän ýel-ýagmyry adamlary joşdurýar, kalplara mähir, umyt, gözellik çaýýar. Şol günler tebigat ýaňyja tikilip, entek ysy hem gitmedik begres don, türkmeniň törüne ýazylan ajaýyp haly kimin, müň bir öwşün atýar. Şeýle keýpiçag halda neneň töweregi synlamajak, neneň kalbyňy ajaýyp ter hem näzik duýgular bilen doldurmajak?!

...Tanyşlarymyz kömelekli ýeri salgy berdiler. Kömelekleri tebigatyň gizlänje ýerinden tapmagyň aýratyn lezzeti bar. «Garry mama sanajyny kakandan» eliň sebetlije aýlanyp, ýaşajyk, entek ýaşmagy hem doly açylmadyjak kömelekler çöplenilip, arassalanylyp, duzlanylyp, çişe düzülip, käwagt şorja suwy damdyrylyp, ýa tabada mesge ýagyna gowrulypjyk iýläýse, şoruň-a ýatyrýar. Şu pikirleri kalbyňda besleýäň welin, agzyňam suwaryp başlaýar.

Şeýle hyýalda kömelegiň ugruna çykdyk. «Sen ondan ýöre-de, men mundan» bolşup, kim tapdym diýäýerkä diýen umytda aýlanyp ýörüs. Esli aýlansagam çolpymyza zat düşmän, lapykeç halda ulaga dolandyk. Şol wagt aňyrrakdan oglanjyklaryň sesleri eşidildi. Biz olara golaý baryp, kömelegiň bol ýerini salgy bermeklerini haýyş etdik. Olar ýylgyrşyp, ýaňy aýlanan ýerlerimize gitdiler, sähel salymdanam kömelekli dolanyp geldiler. Biz näme diýjegimizi hem bilmän, olara kemput paýlaşdyrdyk-da, saparymyzyň şowly bolanyna begenip, öýe gidip, şamlyk taýýarlamaga gyssandyk.

Türkmen aganyň «Serçe-de bolsa gassap soýsun» diýmesi çyn-ow, ýogsa, bizem-ä şol ýerleri torç edipdik. Ýöne tapan zadymyza bolmady” diýip oýlandyk.

Sähra belet çagalaryň kömelek tapmaga ezberdiklerine gözümiz gitdi.

Nurmyrat ATAÝEW.
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 18.04.2024

Tmpedagog