12.04.2024 Döredijilik32 .

­Ýör, gi­de­li Ger­ke­ze!


­Ýör, gi­de­li Ger­ke­ze!

Üç ýüz ýaş­da toý tut­mak
Ne­sip et­mez her ke­se.
Gat­naş­sak, to­gap et­sek,
Ýör, gi­de­li Ger­ke­ze!

In­ti­zar köp ýyl bä­ri,
Üý­şen eý­ýäm il ba­ry,
Ar­zuw edip di­da­ry,
Ýör, gi­de­li Ger­ke­ze!

Syn­lap ça­ýyn, çeş­me­sin,
Be­zäp kö­ňül keş­de­sin,
Se­nem şyg­ra teş­ne­siň,
Ýör, gi­de­li Ger­ke­ze!

Dag­la­ra dü­şer gö­züň,
Dag hak­da bo­lar sö­züň,
Be­ýik şa­hyr hö­we­siň,
Ýör, gi­de­li Ger­ke­ze!

Hy­ýal, gör, ni­rä ça­par?
Küý­sä­nin göz­lär, ta­par.
Ýat­dan çyk­maz bu sa­par,
Ýör, gi­de­li Ger­ke­ze!


Dana şahyra

Sa­da hal­kyň gö­wün ho­şy,
Py­gam­be­re de­ňä­ni sen.
Üç asyr­dyr ker­wen­ba­şy,
Ýo­la sal­ýaň hem­mä­ni sen.

Deň çe­ki­şip il aza­ryn,
Ka­kyp gel­ýäň ýü­rek ta­ryn.
Ha­kyň ha­lap, gow­luk ba­ryn
Bir göw­re­de jem­lä­ni sen.

Aryf bo­lar akyl alan,
Ýol al­ma­ýar söz­län ýa­lan.
Peş­geş ber­diň na­kyl bo­lan
Ni­çe se­tir-jüm­lä­ni sen.

Adyň meş­hur Ýer şa­ryn­da,
Nus­ga­lyk bar yg­ra­ryň­da.
Kül­li yn­san yk­ra­ryn­da
Öň­den gö­rüp bil­ýä­ni sen.

Gö­ze il­diň ýi­git ça­gyň,
Ha­syl ber­ýär eken ba­gyň.
Hak söýleýär Ar­ka­da­gym:
«Pä­him-paý­has um­ma­ny sen!».

Nur­gu­ly ÝAG­MU­ROW,
Dar­ga­na­ta et­ra­byn­da­ky 14-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 12.04.2024

Tmpedagog