06.04.2024 Döredijilik59 .

Keşbiň bardyr


Keşbiň bardyr

Gözel Gerkez obamyzda,
Dagda nurly keşbiň bardyr.
Zehiniňe älem haýran,
Dünýä dolan yşkyň bardyr.

Paýhaslaryň ýol-ýörelge,
Beýik mekdep hem görelde,
Ylahy ylham bar Sizde,
Kalpda guran köşgüň bardyr.

Arşyň Aý, Gün, ýyldyzyny,
Dünýäň öňüni, yzyny,
Gyş, tomsuny, güýz, ýazyny,
Beýan edýän goşgyň bardyr.

Adyň gezýär ilden-ile,
Nagyş etdiler dilden-dile,
Beýgelýärsiň ýyldan-ýyla,
Bagtyýar il-deştiň bardyr.

Ýylymyzda bar adyňyz,
Bakydyr şan-şöhratyňyz,
Diňe öňedir badymyz,
Belent heýkel — keşbiň bardyr.


Ene göwni

Sarpalaň enäni, söýüň enäni,
Ene göwni ynjamasyn, adamlar!
Şonda söýdügňizdir bütin dünýäni,
Ene göwni ynjamasyn, adamlar!

Ak arzuwlar bilen dünýä inderen,
Mährini siňdirip, ak süýdün beren,
Bagra basyp, gujagynda göteren,
Ene göwni ynjamasyn, adamlar!

Özi geýmän, saňa ýüpek geýdiren,
Özi iýmän, datly tagam iýdiren,
Bu barlygy, ýaşaýyşy söýdüren,
Ene göwni ynjamasyn, adamlar!

Ene bagtyýarka älem bagtyýar,
Ene bagtyýarka bala bagta ýar,
Boluň siz goragly, boluň ygtybar,
Ene göwni ynjamasyn, adamlar!

Ene mukaddeslik Ýeriň ýüzünde,
Mähir, gülki bolsun mydam ýüzünde,
Hemmäňize haýyş bar şu sözümde:
Ene göwni ynjamasyn, adamlar!

Täzegül Allagulyýewa,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen
7-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 28.03.2024

Tmpedagog