06.04.2024 Döredijilik35 .

ÝÜREK AÝDYM AÝDÝAR


ÝÜREK AÝDYM AÝDÝAR

Ýürek aýdym aýdýar hiňlenip çala,
Öz sesini özi eşitse bolýar.
Ýüregiň aýdymy edil doga dek,
Göwni giň, göwresi ejizje bolýar.

Ýürek aýdym aýdýar hiňlenip çala,
Öz sözüniň özi manysyn tirýär.
Ýüregiň töründen çykan jümleler
Ýene-de öwrülip ýürege girýär.

* * *

Meniň doglanyma kän ýyl geçipdir,
Olar göýä ötüp barýan kerwen dek.
«Haýal ýöre!» diýip tutsam dawany,
Bolsam oň boýnundan ilen şermende.

Goşgy bilen güýmäp kerwenbaşyny,
Çeksem onuň düýesiniň owsaryn.
Belki, şonda ömrüň bady haýallap,
Geçip giden ýaşlygyma gowşaryn.


TIKEN

Dabanyň astyna düşen tiken deý,
Gara ýere çümüp-çümüp gitsedim.
Ýa ojaryň ody bolup tükensem,
Kim ynanar ot bolýanna tüssesiz.

Dabanyň astyna düşen tiken deý,
Ömrümi gutarsam tene sünjülip.
Kim ynanar dynnym tikendigime,
Bir göwräni dolduramsoň ünjüden.

* * *

Ýeňsämden gelýäni görjek bolamok,
Basamok öňdäkiň ökjesini-de.
Indi biraýakdan sürjek bolamok,
Bu dünýäň nadanyn, ökdesini-de.

Aňymda süzmäge çalyşýan indi,
Pelegiň her dürli hokgasyny-da.
Ynsaby bazara çykaryp bilmen,
Berjek diýseň tyllaň tokgasyny-da.

* * *

Guşlaryň sesini eşdesim gelmän,
Öýüň ýanyndaky bagy terk etdim.
Haçan düşüp ýörün bu ýagdaýa men,
Haçan bu düşnüksiz ahwala ýetdim.

Ýogsa, bir ullakan bolan zadam ýok,
Baga bir delje guş geldi diýmeseň.
Daş keşbinde ilden artyk zady ýok,
Diňe oň saýraýşy geňdi diýmeseň.


ÝOLAGÇY

Bu dünýä keýpine gelen ýolagçy,
Ötmeli ýollaryň ýeňil däl munda.
Ol ýol käte baryp daga direler,
Käte ýitip gider çägede, gumda.

Bu dünýä keýpine gelen ýolagçy,
Gaýygyň — öz göwräň, ýelkeniň — kalbyň.
Sen mawy deňize ýetmek islärsiň,
Ýoluňy kesendir mawy däl salgym.

Bu dünýä keýpine gelen ýolagçy,
Göwün ganatyny ýaýsaň pelpelläp.
Seň soň gaýdyp ýere gonasyň gelmez,
Soň ýere gonasyň gelmez kes-kelläm.

Şirinjemal ÝEGELEKOWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen
44-nji orta mekdebiň ýokary derejeli mugallymy.

"Nesil" gazeti, 06.04.2024

Tmpedagog