04.04.2024 Döredijilik74 .

Kakam — öýümiziň hany


Kaka — bu söz çaga üçin iň ýakyn hossar manysyny berse-de, kaka diýmek göýä, maşgalanyň we maşgala agzalarynyň her biriniň goragçysy, sakçysy diýen manyny berýän ýaly bolup dur. Bu, belki-de, şeýle bolmalydyr...

Her gün agşamlyk naharyna oturyljak mahaly ejemiň: “Häzir kakaň gelsin, onsoň hemmämiz bileje agşamlyk edineris” diýýän sözleri gulagymda ýaňlanyp dur. Özüm ene bolamsoň-a, şol sözler gündelik durmuşymyzda-da gaýtalanýar. Elbetde, kaka garaşmagyň, bir suprada jem bolup naharlanmagyň lezzeti-de üýtgeşik. Agşamlygy ejem bilen bileje hemmämiz üçin taýýarlanam bolsak, bary kakam üçin ýaly. Kakamyň öýe gelip: “Hany, bu gün näme bişirdiler-kä?” diýýän sözlerine: “Baý, örän süýji bolupdyr-a” diýýän arzyly bahasyna ýetmek bolsa iň gyzykly ýeridi. Sebäbi, ol öýüň hany. Özem örän adalatly hany.

Meniň kakam bilen edýän söhbetimiz, dostlugymyz kän synagdan geçdi. Heniz men ýaňy birinji synpa giden gulpaklyja gyzjagazkam, kakamyň ýanyna dostlary gelen mahaly, saý sebäp bilen ýanlaryna baraýsam: “Ynha, meniň naýbaşy gyzym şu, özem akylyň öýi” diýýän sözleri henizem ýadymda. Özem şondan soň näçe aýlar, ýyllar ötenem bolsa, hamana men bar ýerde, okuwda, işde, durmuşda... kakamyň aýdyşy ýaly, naýbaşy bolmaly ýaly bolup durun.

Bil, kakaň aňrysy seňem aňryňdyr,
Gaňrylyp bakmagyn, kakaň — Taňryňdyr.
Öwren sen, kakaňa hoş söz diýmäni,
Ony ynjydanyň bolmaz imany.
Kakaň aýdanlary kanun, hökümdir,
Çagalaň — şahaňdyr, kakaň — köküňdir. —

— diýip, şahyr Atajan Annaberdiýew örän jaýdar belläpdir. Sebäbi, nesil daragty esasy kakadan gaýdýar. Gelin bolup nirä düşseňem, ýa bir nätanyş ýere işe barsaňam, ilki bilen: “Sen kimlerden? Kakaňa kim diýýärler, kimiň gyzy?” diýlip soralanda, eziz pederiň şo bada göz öňüňde janlanýar. Bu bolsa biziň türkmençiligimizde ata-baba adat bolup gelýän maşgalabaşynyň kakadygynyň we olara goýulýan aşa uly hormatdygynyň nyşany bolsa gerek.

Dogrudanam, mukaddes ojagyň, maşgalanyň hyzmatynyň agramyny kakalar çekýär. Şeýle jogapkärli keşigi çekip ýörşüňe, men saňa neneň, han diýmäýin, kakam jan!

Sülgün GURBANOWA,
Murgap etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy,
ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 04.04.2024

Tmpedagog