30.03.2024 Döredijilik196 .

Bizden salam bolsun (Rowaýat-hekaýa)


Sözbaşy
Ine, Soňydagynyň gözel jülgesi. Onuň owadanlygyna bir serediň-ä. Jülgäniň biri-birine bakyp, biri beýlekisine daýanç bolup duran belent daglary türkmeniň iki sany gerçek ogullaryny ýadyňa salýar. Olar hemişe bir-birine mähir bilen garap otyrlar. Olar pasly bahar gujagynda hemişe maýsalap oturan elwan gülleri biri beýlekisine gezekleşip gowşuryp duran mysaly. Olary bir-birinden daşlaşdyrjak, hoşlaşdyrjak güýç bolmaz.

Şu jülgäniň göwsünden ýylçyr-ýylçyr daşlary mähir bilen ýuwup, uly joşgun bilen aýdym aýtýan çeşmä näme diýersiň. Jülgäniň gözelligine görk goşýan bu bulagyň durnaň gözi ýaly tämiz suwuna diňe söýgi bilen buýsanyplar seredip oturmaly. Onuň jana şypaly sowuk suwundan gana-gana içen adam, şahyr bolmasada ylhamy joşuberýär. Onsoň ol ýa goşgy goşar, ýa-da dereleri ýaňlandyryp aýdyma zowladar.

Ine, daglaryň, deredir-jülgeleriň gözelliklerini her gün näçe gezek synlasa-da, onuň hoştap howasyndan sora-sora janyna şypa alsa-da, hiç ganmaýan ýaş Magtymguly bu ýerlerde owlak-guzy bakardy. Ol her säherde bu ýere gelip, diňe bir mallaryny sonarlatmakdan ötri, tereň-tämiz howadan sora-sora teşne köňlüne aram tapmaga howlugardy. Bu gözel mekan ony şeýle bir joşdurýardy weli, ýaş şahyr ýeldirgän ýaly bolup uzakly gün owazly sesi bilen dereleri ýaňlandyryp öz düzýän goşgularyny aýdym edip aýdardy. Bu ýerlere bolan buýsanjy gursagyna sygman, aram-aram”Ehe-heý, başy dumanly belent daglar, sowyk suwly, ter çemenli çeşme çaýlar, sizem diňläň aýdymlarmy, namalarmy” diýip, uly hyjuw bilen gygyrardy.


1.
Günlerde bir gün ýaş Magtymgulynyň goýun bakyp ýören baýyrlyklarynyň eteginde derwiş sypat bir adam peýda boldy. Ol ýolagçynyň tebigatyň türkmene eçilen bu gözelliklerinden sowulyp geçip bilmän, bu täsinliklere maýyl bolup gelendigi bildirýärdi. Ol haly horjunyny emaý bilen egninden aldy- da, çeşmäniň üç dört ädim golaýynda goş ýazdyrdy. Ýaz aýlary bolansoň dereleriň ot-çöpleri gül gunçalary bilen daş öweregi gözel görke getirýärdi. Ýolagçy bu gözellikleri ynjytmajak bolýan ýaly, töwereklerine göz aýlap, ot çöpleriň azyrak biten ýerinde ýerleşdi. Egin horjunynyň bir gözünden tämizje mis tüňçesini çykardy. Günüň şöhlesi bilen salamlaşan tüňçäniň ýalpyldysy, bu derwişiň örän beres, öz ulanýan zatlaryny diýseň arassa, aýawlly saklaýanlygyna şaýatlyk edýärdi. Derwiş horjunynyň beýleki gözünden akja ýaglyga dolanan çöregi we başga iýgi-içgileri çykardy-da, saçagyny ýazyp, onuň üstünde goýuşdyrdy. Soňra tüňçesini aldy-da, iki-üç ädim golaýynda durnaň gözü ýaly arassa suwly çeşmä tarap ýöneldi. Tüňçesine suw alyp, ony bir-k-üç ýola çaýkady. Onuň gabyny çaýkan suwyny yzyna çeşmä guýman, gyrada ösüp oturan otlaryň düýbüne assaja guýmasy, bu adamynyň tebigata näderejede aýawly garaýanlygyny äşgär etýärdi.

Soňra ol töwerekden gury jygrama çöpläp, ot ýakdy-da, çaý gaýnadyndy. Çaýyny üç ýola gaýtardy-da, bu gözel jülgä aşyk gözi bilen garap, naharlanmaga oturdy. Gök çaýdan lezzet alyp oturşuna özbaşyna birnäçe goşgy setirlerini sanaşdyrdy:

Gözüm öňün tutdy perde,
Çäre tapman men şu derde,
Durdy şahyr her säherde,
Oldur ki mydarym meniň.

Soňra ony uzak ýoluň argynlygy basmarlap başladymy-ka, egnindäki donuny çykaryp, kellesiniň aşagyna goýdu-da gyşaryp ýatdy. Birneme ymyzgandy. Näçe wagt geçeni belli däl, ony alys bolmadyk bir ýerlerden eşdilip başlanan aýdymyň sesi oýardy. Ol duýdansyz ymyzganyşy ýaly-da, duýdansyz tarsa oýandy. Hasyr husyr ýerinden galyp, ses gelýän tarapa ellerini gözleriniň üstüne tutup, dikanlap-dikanlap garady. Gözlerine ynanmajak boldy. Ho-ol aňyrda dag eteginde bir ýetginjek goýun-guzy bakyp ýörşüne, sesiniň ýetdiginden aýdym ýaly edip, owadan sesi bilen şygyr okaýardy. Derwiş sypat adam birsellem diňşirgenip, hoş owaza maýyl bolup durdy. Ol:

--Be-e, beýle labyz bilen okalýan şygyrlara öň duşmandym-la. Bu halypamyz Döwletmämmet Azadynyň goşgulary-ha däl. Bu goşgulary okaýanam ýetginjek oglana meňzeýär.

Ol şeýle pikirlere gaplanyp durşuna, özüniň diýseň biliesigeliji adamdygyny, kalby joşgunly, şygyr-namadan başy çykýanlygyny daşyna çykardy. Buýsanç bilen sözledi:

--Be-e. Bu köňül çuňlugyndan çykýan joşgunly şygyrlary owazlandyrýan ýetginjek kim-kä? Men seýil-syýahatlarda bolup, türkmeniň goly ýaýran mekanlarynda ençeme gezek aýlanyp çyksam-da, beýle owazly setirlere gabat gelemok, şindi. Men Balkan sebitlerinde Döwletmämmet Molladan gaýry özüme taý geljek bardyr öýdemokdym weli, Allanyň gudraty bilen maňa taý geljek zehinem döräýen ýaly-la. Bu täsin wakany ilik-düwme edip çözmesem-ä ynjalman. Hany men Garry mollanyň ýanyna barmakam, bu ýetginjek bilen bir söhbetdeş bolup göreýin. Haýyrlysy bolar, enşalla.

Ol şeýle diýdi-de, goşlaryny arassalaşdyryp, horjunyna ýerber-ýer edip salyşdyrdy. Horjunyny egnine atyp, çopan oglana tarap ugrady. Ýetgijek oglan çopan taýagyny dutar edinip, goýunlarynyň yzynda aýdyma zowladyp ýörşüne, derwişiň gelenini-de duýman galdy. Ýolagçy çopanyň bäş-alty ädim golaýyna ýetip, sägindi-de, ardynjyrady. Oglan allaniçiksi bolup, yzyna garady. Ol derwiş sypat adama gözi düşenineden, aýdymyny goýdy-da, ylgap diýen ýaly baryp, ýaşula edep bilen salam berdi:

--Essalawmaleýkum, agam!
Ýolagçy bu edepli, salyhatly ýetginjege guwanyp, oňa mähir bilen ýylgyryp durşuna, uly buýsanç bilen oňa iki elini berip görüşdi. Içnden:

“Edepli ýeriň çagasy bolmaga çemeli”- diýip, oýlandy.
Saglyk-amanlyk, hal-ahwal soraşdylar. Derwiş ýetgenjegiň boýuna-syratyna guwanç bilen garap duşuna, özüni gyzyklandyrýan esasy sowal bilen ýüzlendi:

--Sen, ogul, bu oýlarda kimlerden bolarsyň? Bu okaýan şygyrlaryň, kimiň şygyrlarydyr? Men her näçe gezende adam bolsam-da, beýle labyzly şygyrlary şu ömrüme hiç wagt, hiç ýerde eşitmändim!

--Agam, men Döwletmämmet Garrymollanyň öwlady bolaryn. Adyma-da Magtymguly diýýärler. Okaýan şygyrlarymy-da özüm düzýärin. Bu sözlere derwiş aňk bolup galdy:

--Aý, goý-a, aý, goý-a!-diýip, geň galyjylyk bilen öwran-öwran gaýtalady. Magtymgula çiňňerilip-çiňňerilip garady:

-Garrymolla ýaly parasatly ynsanyň sen ýaly öwladynyň boljakdygyna men ynanýaryn. Ýöne beýle kämil şygyrlaryň seniňki bolýandygyna gaty bir pisint edesim gelenok. Magtymgulynyň terne ýaly terje ýüzi ýaşulynyň sözlerine bir gyzaryp, bir agardy. Ol çyny bilen:

-- Ýok, agam, özüm düzýärin, şol bada-da ýat bekleýärin. Dogry bu zehin meniň kakamdan miras bolmay. Pederimiň şygyrlaryny oglanlykdan ýat bekleýärin we hemişe gaýtalap ýörýärin. Ol eserler meni hemişe döretmäge ruhlandyrýar. Magtymguly şu sözlerden soňra atasynyň “Wagzy-Azat” eserinden bir jümle aýdyp goýberdi:

--Hak ýaratmyşdyr dili ynsan üçin,
Sözle diýmiş zikri-hak Subhan üçin.

Dil bile mälim bolar küfr hem iman,
Dil bile mälim bolar ýagşy-ýaman. . .

Köňlüň içre ilki pikir eýlegil,
Parh edip ýagşy-ýamany, söýlegil.

Geç ýaman söz bolsa, ýumgul dodagyň,
Ýagşydyr ýagşy söz bolsa aýdanyň.

Ýaşuly henizem ýetginjek oglana ynamsyzlyk bilen seredip durşuna:
“Döwletmämmediňki diýseň-ä, ynanjak weli. . . ” -diýip, köpmanyly gürledi. Magtymguly derwişiň bu sözlerine bir azajyk ynjajak boldy. Ol ýaşulynyň özüne sorag bilen ýüzlendi. Onuň sesi bir azajyk kineli çykdy:

--Agam, siziň özüňize kim diýerler? Meniň atamy nirden tanaýaňyz?
Derwiş Magtymgulynyň kakasy barada söz açmaly bolanyna buýsanýan ýaly kamatyny dikeltdi. Ol şeýle sözledi:

--Ha-haý, inim, Garrymollany türkmen ilinde tanamaýan barmy?!
Bu sözlere Magtymguly uly buýsanç bilen ýylgyrdy.
Derwiş sözüni dowam etdi:

--Maňa bolsa, inim Magtymguly, Durdy şahyr diýerler. Ýetginjek bu söze aňk boldy:

--Siz, Siz. . Durdy şahyrmy. Eý-weý-eý, gowudygyny.

Ol ýortup bardy-da, Durdy şahyr bilen gaýtadan iki elläp görüşdi:

--Salawmaleýkim, halypam! Men siz barada kän eşidipdim. Gör, nähili täsin duşuşyk. Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. Siz barada atamdanam hemişe sorap ýörün-ä men.

-- Şeýlemi, ogul, ine menem Azady şahyry görmek arzuwy bilen şu oýlara düşdüm.

--Halypam, ýörüň bize gideliň. Atam siziň geleniňizi eşidip örän begener. Ol sizi dilinden düşürenok. Gaty begener ol.

-- Gideli, Magtymguly, Azady halypam bilen bir didarlaşaýyn.
Magtymguly sürüsiniň başyny oba tarap aýlady.


2.
Azadynyň ak öýüne golaý gelenlerine mähetdel, Durdy şahyry alyp gelýändigini Magtymguly uly joşgun bilen atasyna buşlady. Ol goýunlaryny agyla gabap-gabamaka:

--Ata, ata! Men Durdy şahyry getirdim! Bize Durdy şahyr gelýär, --diýip, uly şowhun bilen gygyryp başlady. Ogluny bu şowhunly sesine ak öýden Döwletmämmet donunyň ýarysy egninde, egnine atyp ýetişmedik beýleki ýarysyny gysymyna gysyp, ylgap diýen ýaly çykdy. Onuň yzyndan Magtymgulynyň käbesi Orazgül eje-de gyňajynyň ujuny mäkäm dişläp gapynyň agzynda göründi. Atasyna gözi düşen ýetginjek bir bökende onuň ýanyna bardy-da, göreşde ýeňiş gazanan mysaly, uly buýsanç bilen, ikinji ýola bu täsin habary atasyna buşlady:

--Ata, ata! Men Durdy şahyry getirdim! Bize Durdy şahyr geldi!
Garrymolla özüne ýylgyryp garap gelýän Durdy şahyry garşylamak üçin ellerini giňden açyp gelşine, oglunyň buşlugyna-da jogap bermäge ýetişdi:

-- Haý, berekella balam, saňa döneýin. Iş bitiripsiň!
Garrymolla bilen Durdy şahyr ozal bir-birini görmedik bolsalar-da, köne tanyşlar ýaly gujaklaşyp görüşdiler.

Hemişe geleni güler ýüz bilen garşy almany özüne uly bir bagt hasaplaýan, myhmansöýerlikde ile özüni tanadan Döwletmämmet molla, Durdy şahyry göterip diýen ýaly öýüne alyp bardy. Öýlerine arzyly myhman getirenine oglundan göwni hoş bolan Orazgül eje-de myhmany gadyrly garşylady:

--Aman saglykmy, Geliň geçiň, şahyr aga!
Olaryň yzyndan öýe giren Magtymguly, Durdy şahyry öýlerine alyp gelenine buýsana-buýsana şowhun bilen bir sözüni gaýtalaýardy.
-- Men Durdy şahyry getirdim! Bize Durdy şahyr geldi, ata jan!
Atasy ogluna uly guwanç bilen bakdy:

-- Haý, berekella, balam, saňa döneýin. Iş bitiripsiň!
Soňra-da sözüniň üstüni ýetirdi:

--Myhmana çaý-nahar äbermäge ejeňe kömekleş oglum.

--Bolar, ata jan!


3.
Bular jaýlaşykly oturyp çaý-nahar edindiler. Soňra iki şahyryň gürrüňleri gyzyşyp gitdi. Ýanynda oturan ejesiniň özüne äberen tüňçesinden käsesine guýýan çaýyndan, käte bir owurtlap oturan Magtymguly myhman şahyr bilen atasynyň gürrüňleriniň gylyny gymyldatman diňleýärdi. Şygyr barada gürrüň açylaýsa dagyn sesini çykarman, öňe-öňe omzap, durşuna gulaga öwrülýärdi.

Söhbetdeşlikleriň arasyna böwşeňlik düşürmän oturan Durdy şahyr Garrymolla ýüzlendi:

--Halypam, men şu gezek ýörüte siziň bilen didarlaşmaga geldim. Siziň il içinde aýdylýan “Wagzy--azat” eseriňizi özüňizden eşitmegi arzuwlap geldim. Siz okap berseňiz, bizem parasatly pikirleriňizden kalbymyzy gandyrsak.

Azady ajap bolar diýen terizde myhmana başyny atdy-da, okap başlady:

--Owgi-alkyş, şükür bolsun Hudaýa,
Terbiýet berdi ol topraga-laýa.

Hoş ajaýyp, görkli surat etdi ol,
Jan berip, ot atlaryn öwretdi ol

Hak tagala soňra oňa dil berip,
Söýdi onuň kaddy-kamatyn görüp.

Bir hoşsurat gyzy oňa kyldy ýar,
Aýşy-eşret üçin berdi ygtyýar.

Ýaşamaga yşky ýollar açyldy,
Hak olara kän-kän perzent eçildi.

Owal boşdy, doly boldy bu janan:
Ýagşy-ýaman, käpir, mömin-musulman.

Äşgär etdi: ”Meni bilsin –diýdi ol,
Emr eden işlerim kylsyn”—diýdi ol.

Ondan ötri peýda boldy barça zat,
Hak nurundan dünýä geldi adamzat.

Halypasynyň jopup-joşup okaýan, içi many-mazmundan doly setirlerini aňyna siňdirip oturan Durdy şahyr käte-käte asyrynlyk bilen ýaş Magtymgula göz aýlaýardy. Bu mahal Magtymguly atasynyň goşgularyna düýrmegi bilen siňip gidene çalym edýärdi. Onuň ýere garap, ýuwdunyp-ýuwdunyp oturyşy, käte-de galkyjaklap-galkyjaklap dodaklaryny müňküldedişi “Wagzy-Azady” ýat bekläne meňzeýärdi. Magtymgulynyň bu hereketlerini gözi bilen ýazgy edip oturan Durdy şahyr: “Hakykatdan-da şu oglanda bir nyşan-a bar”, -diýip oýlandy. Pursatyny peýläp oturşyna, Döwletmämmet şahyr sähel sägindi welin:

--Halypam, --diýdi. —aýyp syn etmeseň, sizden bir zat sorajak.
Döwletmämmet okap oturan golýazmasyndan başyny galdyrdy.

--Onuň aýyp-syny bolmaz, sora şahyrym.

--Häli şu ýere gelýärkäm siziň öwladyňyz Magtymgulynyň joşup-joşup okaýan şygyrlaryny diňlemek maňa miýesser etdi. Asyl-a ogluňyzyň dereleri ýaňlandyryp, aýdym ýaly edip okaýan owazly setirleri meni siziň ýanyňyza getiren. Men Magtymgulydan soradym ”Bu şygyrlar kimiňki?” diýip, ol bolsa “Özümiňki” diýip, jogap berdi. Eýsem bu şeýlemidir? Ýa-da siziň kämil goşgularyňyzy öwladyňyz ýat bekläp, soňra aýdym edip aýdyp ýörmi-kä? Döwletmämmet Durdy şahyryň bu soragyna hezil edip güldi. Soňra salyhatly görnüşe girdi.

--Durdy şahyr! Size şygyr ýazyş kadalaryny biz öwretmeli däl. Öz pikiriňi beýan etmegiň ýollaryny-da siz bizden ýagşyrak bilýäňiz. Eýsemde, Magtymgulyny diňlän bolsaňyz, heý, meniň şygyr ýazyş usullaryma gabat gelýän ýerleri barmy?
Durdy şahyr “ýok” diýen manyda iki egnini galdyryp ýatyrdy.

--Ine, Magtymgulynyň özi-ýä bize: “Maňa şahyrçylygy Beýik perwerdigär berdi. Sen şahyr bolmaly diýip gursagyma guýdy, - diýýär, Erenler gelip, Allanyň adyndan ak pata berdiler”, -diýýä. Galanynam näme goý onuň özi aýtsyn”-diýdi. --Hany oglum, Durdy şahyra bu barada sen näme aýdyp biljek.

Şu çaka çen edeplilik bilen bir agyzam gürlemän oturan Magtymguly atasyna golaýyrak süýşdi-de, şygyr okamaga başlady:

--Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört atly gelip:”Turgul!” diýdiler,
--“Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda,
Şol ýerde ärler bar, görgül!”diýdiler.

Magtymguly goşgusyny ýatdan, şeýle bir hyjuw bilen okady weli, Durdy şahyryň ýüregine jüňk bolaýdy.

Magtymguly:

--Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Serne ne köýler gelip geçipdir,
Mest iner dek ak köpükler saçypdyr,
“Oglan, alla ýaryň, bargyl diýdiler,

--diýip şygryny tamamlady.

Durdy şahyr şygryň täsirinden aýňalyp bilmän, ýaňky dört atlyny gözleýän şekilde, daş-töweregine garanjaklap bir pursat oturdy. Soňra özüniň bu bolşundan utanyp ýüzüni aşak sallady.

Garrymollanyň “Ýeri, muňa näme diýersiň, şahyrym?” diýen soragy başyny galdyrmaga ony mejbur etdi. Ol şygyrdaky wakalaryň täsirinden çykyp bilmän oturandygyny bildirmejek bolupmy, ýa-da ýaş Magtymgula çalaja bassaşlyk edipmi, öý eýeleriniň islän hörpünden gopmady:

--Halypam, bu şygyrda gürrüň berilýän wakalar, siziň öwladyňyzyň arzuw-hyýaly bolaýmasyn. Şu ýaşyma çenli men-ä, Allatagalanyň ynsana şahyrlyk hödür edenini eşidemok. Magtymguly ýerinden gowsunyp, bir zatlar diýmekçi boldy. Azady ardynjyrap ogluny köşeşdirdi. Parasatly Garrymolla myhman sarpasyny saklap bilýänligini görkezdi.

--Şeýle bolsa-da bolýandyr, Durdy şahyr! Ýöne ikimize şahyrçylygy kim berdi-kä?. . Şu ýerde oglunyň şahyrçylygyna göwni ýetmeýänligine gatyrganjak bolan Magtymgulynyň käbesi Orazgül eje gyssanmaçlyk bilen gürrüňe goşuldy:

--Magtymguly jan şol wakadan soňra ýedi günläp üşüdip-gyzzyryp ýatdy. Bu-ýä hyýal däl, hakykat. Onuň başujunda oturyp, illäp-günläp zordan özüne getirdik. Şondan soňra-da ol şahyrlyk tapdy. Atasam oňa ak pata berdi, -diýip, gyňajynyň ujy bilen gözüniň ýaşyny süpürdi.

Durdy şahyr öteräk geçenini aňdy. Ol myhman ýeriniň juda göwnüne degenligine göz ýetirdi. ” Ýeri, ynanmasaňda, iýen duzuň hatyrasyna ”Be-e, bul-a örän täsin waka ekeni!” diý-de,, başyňy gutar-da. Näme bolanda saňa näme, görüpligiňi ýüze çykaraýdyň-ow”, diýip, oýlandy.

Bu dartgynly ümsümligi Döwletmämediň özi bozdy.

--Hany şahyrym, indi gezek seniňki. Senem bir goşgy okap, hezil ber-ä bize. Durdy şahyr Garrymolla naýynjar garady-da:

--Halypa, günämizi öteweriň, men öteräk gidip gödegiräk gürläýipdirin. Şu özgeler bilen bassaşlyk etmek häsiýetimden ejir baryny çekýänem weli, ýene “öwrenilen gylygy örkleseň-de bolmaz” diýileni bolaýýar-da, käteler.
Günämi öteweriň!

Her bir sözünde akyl parasada uýýan, her bir işi adalatly çözmegi başarýan Azady sypaýçylyk bilen myhmany köşeşdirdi:

--Bu ýerde geçip geçmez ýaly günä iş ýok-a. Sen öz pikiriňi aýan edýäň. Seniňki dogry bolmagy-da mümkin. Eýse, bu zatary wagt görkezer. Alla keremdir Hany sen bize goşgy okap ber, indi seni-de diňläli.

Myhmanyň öňküligi bolmasa-da öý eýesiniň göwni üçin üçdür-bäşdir goşgy okady. Ýöne söhbetdeşligiň eýýäm gyzygy gaçypdy.

Durdy şahyryň ynamsyzlyk bilen aýdan sözleri Magtymgulynyň çetine gatyja degipdi. Ol Durdy şahyrdan ”Haý, berekella!” sözüni aljakdy. Ony özüne halypa tutunjakdy.

“Şahyrdan eden tamam-a çykmady. Gaýtam ol maňa göwniýetmezçilik edýär. Onuň maňa göwnüniň ýetmeýänligini häli ilki duşanymda-da aňdym-la. “Özüňki-mi?” diýen bolup. Men-ä ondan ak pata aljakdym. Zeleli ýok. Atam Azadynyň beren ak patasy-da meni ruhlandyrýar. Durdy şahyryň ol sözleri üçin sussy pes bolma, Magtymguly! Gaýta has-da kämilleşmegiň ýoluna düş. Her edip, hesip edip, bu şahyryň gyjalatly sözleriniň aşagyndan-a çykmaly borun. Özümiň Hakdan gelen şahyrdygymy saňa subut etmesem-ä bolmaz”-diýip, Durdy şahyra kineli içinden oýlandy. Soňra ol başyny galdyrdy-da, edeplilik bilen kakasyna ýüzlendi:

--Atam, Durdy halypa ýüzlenmek mümkinmi?
Öz müýnini nädip ýuwjagyny bilmän oturan Durdy şahyr Döwletmämmetden öňürti gürledi:

--Aýt, aýt, diňleýän seni, Magtymguly jan.
Emma ýetgijek şahyr onuň sözlerine ünsem bermeýän şekilde atasyna garady. Döwletmämmet ogluna” myhmana gaty gaýrym söz diýäýme” diýen terzde, ogluna garap, süýem barmagyny dodaklarynyň üstünde goýdy. Salyhatlylyk sapagyny berip, sypaýçylyk bilen:

--Aýdyber, oglum, -diýdi.
Atasynyň rugsat bererine mähetdel Magtymguly edeplilik bilen, sadaja sözläp, myhmana ýüzlendi:

--Durdy halypa, siziň maňa göwnüýetmezçilik etmäge hakyňyz bar. Men entek hakykatdanda gögele bolýandyryn. Ýöne wagt geler, men özümiň hakyky şahyrdygymy size subut ederin. Özi-de, siz bilen aýdyşyp, şol aýdyşyklarda-da sizden üstün çykaryn, enşalla. Siz şeýle bäsleşige taýýarlanyberiň.

--Siz şoňa razymy?, diýibem, sorag bilen sözüni tamamlady.
Magtymgulynyň bu sözlerine Döwletmämmetdir Durdy şahyr hezil edip güldüler.
Durdy şahyr onuň bäsleşik etmek baradaky çakylygyny kabul etýänligini aýtdy.

--Hökman aýdyşarys, Magtymguly. Men seniň bu çakylygyňy kabul edýärin. Ber eliňi, -diýip ýaş şahyryň elini gysdy.

Öý eýeleridir myhmanyň arasyndaky dartgynlylyk ýom-ýok boldy. Orazgül eje ogluny goldaýanlygyny, oňa ýardam berjekdigini mälim edip, ýetgijek şahyryň başyny mähirli sypalady.


4.
Magtymguly Durdy şahyr bilen muşagyra aýdyşmagy berk ýüregine düwdi. Ol aýdyşyk geçiljek gününe çyny bilen taýýarlyk görüp başlady. Ol atasynyň öýde ýok mahallary onuň okaýan kitaplaryny ýeke-ýeke waraklap çykýardy. Özünden öňki muşagyra aýdyşan gündogar ägirtleriniň aýdyşyklaryny gaýtalap-gaýtalap okaýardy. Aýdyşygyň tärlerini, aýlawlaryny öwrenýärdi. Aýdyşykda nähili meseleleri gozgamalydygyny aňyna guýýardy. Ýaş Magtymgula bu bäsleşige gatnaşmaga onuň mähriban ejesi-de uly goldaw berýärdi. Ol hatly-sowatly bolmasa-da, Azadynyň ýanýoldaşy bolansoň, halk döredijiliginden, gündogar edebiýatyndan birneme başy çykýardy. Çünki Garraymolla köplenç ýagdaýlarda käbir dünýewi we dini kade-kanunlarynda ýüze çykýan meseleler barada öz aýaly bilen pikir alyşardy. Şeýle bolansoň, Orzagül ejede-de öz ýaşajyk şahyr ogluny ruhlandyrmaga akyl-zehini ýeterlik bar diýse boljakdy. Ine, onsoň eneli-ogul Durdy şahyr bilen boljak muşagyra bäsleşigine yhlas bilen taýýarlandylar. Bir gün ejesi Magtymgula şeýle diýdi:

--Oglum, Magtymguly jan, meniň çakym çak bolsa, indi sen aýdyşyga taýýar bolaýdyň öýtýän. Galanynam Alla oňuna etsin.
Magtymguly ejesiniň ellerini aýasyna aldy-da:

--Eziz käbäm, ejem jan. Men şu bäsleşikde ýeňiji bolaýsam, şöhratymyň barysy seň yhlasyňdyr, seň hyzmatyňdyr . Ömrüň uzak bolsun, käbäm!—diýip, onuň mähirli ellerinden taýly gezek öpdi. Ejesi:

--Sag bol, balam, -diýdi. —Men Durdy şahyryň araky gyjalatly sözleriniň aşagyndan erjellik bilen çykmagyňy isleýärin, balam. Alla ýaranyň bolsun!

--Nesip bolsa, käbäm!
Soňra ejesi Magtymgula ýylgyryp bakdy-da, şeýle diýdi:

--Ýöne, seniň öňüňde ýene bir esasy mesele bar, balam!
Ýaş şahyr geňgalyjylyk bilen ejesine bakdy:

--O nä mesele, käbäm!

--Biz şu güne çenli ataň Garrymolla bäsleşige taýýarlanýanlygymyzy duýdurman geldik. Ýöne seniň ataň gaty şyzgyr, örän synçy we aňçy ynsan. Ol hiç zat soramasa-da, ikimiziň bir zatlar etjek bolýanymyzy aňýar ol. Üns berýäňmi, onuň käte-käte çaý başynda ikimize gülümsiräp syrly-syrly bakýanyna.

--Käbäm, men-ä kän bir ünsem bermändirin. Hawa, eje jan, indi sen näme maslahat bilen aýtdyň muny.

--Maslahaty şu, oglum! Sen ataňa muşagyra aýtmaga taýýarlyk görendigiňi aýtmaly. Onuň öňünden geçmeli. Berjek maslaharlaryny almaly. Onuň saňa öwretjek zatlary entek kändir. Onuň akyl-parasatlaryny gursagyňa guýmaly. Soňra bolsa bäsleşige gatnaşmak üçin onuň ak patasyny almaly. Döwletmämmet molla ýaly parasatly ataňdan idin alsaň sen hiç wagt ýeňilmersiň.

--Bolýar, käbäm, men hökman şeýle-de ederin.


5.
Ertesi irden Magtymguly çaý başynda öz matlabyny atasyna duýdurdy. Garrymolla, aýalyna mähirli garady-da, ýylgyrdy. Soňra ogluna bakyp salyhatly sözledi:

--Bäsleşjegiň çynyň bolsa, oglum, hany ataň öňinden bir geç ilki.
Magtymguly eýýäm bäsleşikde ýeňiji bolan ýaly uly buýsanç bilen taýýarlan şygyrlaryny atasyna okap bermäge durdy. Garrymolla oglunyň uly hyjuw bilen owazlandyryp okaýan goşgusyny diňläp, oňä guwanç bilen bakyp oturşyna içinden: “Bu kämil, paýhas-parasaty ýetik ogly maňa bereniňe müň şükürim bardyr, Alla jan! Öwladymyň ömrüni uzak et, Perwerdigär. Ulus-ile ýaramly ynsan bolup ýetişmegine güýç-gaýrat ber, pähim-kanagat ber, Taňrym!”—diýip, şahyr balasyna ak arzuwlar etdi.
Soňra oglunyň egnine çep elini goýdu-da:

--Seniň ýüňüň etipdir, oglum, - diýdi. Sen hökman ýeňersiň. Durdy şahyryň gyjalatyndan çykjagyňa ynanýan. Galyberse-de, meniň-de saňa berjek birnäçe maslahatlarym bar. Şolary-da gursagňa guý, aňyňa ýazyp al, -diýdi. Magtymguly göwünjeňlik bilen:

--Aýt, atam, seniň öwüt-ündewlwriňden doýma ýokdur maňa, -diýdi-de onuň gaşyna geçip oturdy.

Garrymolla öňünde oturan Hak halatly ogluna saýhally-saýhally gürläp birnäçe nesihatlary berdi. Ýaş şahyr atasynyň berýän maslahatdyr öwütlerini gözlerini gyrpman diňledi, kalby bilen kakyp alyp, beýni çuňlugyna mäkäm ýazdy.

Döwletmämmet ogluny ykjam tapladym edip, oňa muşagyra aýdyşmakda ýeňiji bolmagyna ak pata berdi:

--Bar, balam, Alla ýaryň bolsun! Üstünlik hemraň bolsun!
Bir gyrada ataly-ogla guwanyp oturan Orazgül eje:

--Ämin, -diýip, ellerini ýüzüne ýetirdi.


6.
Tizden-tiz bäsleşmek höwäsi Magtymgulyny öz erkine goýmaýardy. Onuň hujuwdan doly şahyr ýüregi bedewe atlanan mysaly atygsaýardy. Joşgunly juwan kalby jylawyny saklatmaýardy.

Ýöne, “Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer” diýlişi ýaly, şahyr näçe howluksa-da, bäsleşigiň wagty sagady geliberenokdy. Onuň sebäbi-de, muşagyra çagyrmak üçin Durdy şahyra habar ýetirmek kynyrak düşýärdi. Ahyry bu ýagdaýdan-da çykalga tapyldy. Garrynohur obasynda Magtymgulynyň Allaberdi beg atly bir aşnasy bardy. Ol aram-aram şahyr dostunyň ýanyna didarlaşmaga gelerdi. Özi tebip bolansoň, Garrygala sebitlerinde Balkan daglarynyň eteklerinde, Köpetdagda bitýän ot çöpleri toplamaga hemişe ilgezekdi. Ine, bu gezegem ol Balkan daglaryna gezelenje barýar-ka, Magtymgulylara sowuldy. Olar uzak gije derman ot-çöpler barada, şygyr-aýdym barada, durmuş-dünýä barada söhbetdeş bolup oturdylar.

Şonda Magtymguly öz dosty Allaberdi begiň Balkana barýanlygyny eşidip özüniň Gözli atanyň bäşinji arkasy bolan Durdy şahyr bilen muşagyra aýdyşmak isleýändigini ýaňzytdy. Oňa bu barada habar ýetirip bilmeýänligini aýtdy.

Hemişe şadyýan, şowhunsöýer Allaberdi beg bu habara hezil edindi.

--Heý onuň-da bir müşgülligi bolarmy. Ynha, men Balkanda Durdy şahyry idäp gözläp, taparyn-da, oňa seň habaryňy elinje ýetirerin. Geljek wagtyny-da. . . -diýip, sägindi-de, hezil edip güldi. —Asyl-a, siziň bäsleşigiňizi men özüm gurnaýym-la. Garrynohur obasynda. Oba adamlaryny-da çagyraryş. Toý-tomaşa ýaly edip geçireris. Bu maslahaty niçik görýäň, dostum?!

Magtymguly aşnasyndan örän hoşal boldy. Ol minnetdarlyk bilen dosty Allaberdi begiň egnine elini goýdy-da:

--Örän gowy bolar. Ömrüň uzak bolsun, begim! -diýdi.


7.
Garrynohur obasynda daban azaby bilen ýaşaýan halalhon, zähmetsöýer adam diýip ile özüni tanadan, sowatly, şahandaz, il içinde sylagly Allaberdi beg Magtymgulynyň öňünde beren sözünde durmagy başardy. Ol Durdy şahyry bäsleşige çagyrmakdan ötri, Garrynohur obasyndaky heňňamlardan habar berýän, hemişe gök owsüt oturan, obanyň buýsanjy hasaplanýan çynar agajynyň salkyn saýasynda iki şahyryň şowhuly bäsleşigini gurnady. Özi-de ony uly bir türkmen toýyna meňzetdi. Ir bilen öz deň-duşlaryna çaý-nahar atartdy. Gelen myhmanlar otyr ýaly çynaryň aşagyna haly palas ýazdyrdy. Iň gyzykly ýeri-de bu aýdyşyga—ony diňlemäge we şowhunlandyrmaga-- Ahaldan Balkandan ýygy gatnaşyk edýän dost-ýarlaryny-da çagyrypdyr.

Ine-de, Çynaryň kölgesinde ýaý berip oturan märekäniň arasynda Magtymguly peýda bolýar. Ol oturan adamlar bilen baş atyp salamlaşýar-da, Allaberdi begiň görkezen ýerine geçip oturýar. Entek bu obada Etrekli şahyryň at owazasy gaty arşa galmadyk bora çemeli, Magtymguly märekäniň kän bir ünsüni çekmedi. Ýöne Durdy şahyr geleninde welin, oba adamlary uly şowhun bilen ony garşyladylar. Bu ýagdaýa ýaş şahyr bir azajyk kemsinjek boldy. Ýüzi gyzaryp-agardy. Şonda-da özüni erkin duýmaga çalyşdy. Ol edep bilen ýerinden turup Durdy şahyryň öňünden çykdy-da, salyhatlylyk bilen oňa salam berdi. Durdy şahyr ýylgyryp gelşine:

--He-e, Magtymguly jan, saglykmydyr. Halypamyz Döwletmämmediňem jany sagmydyr, -diýdi-de, onuň jogabyna-da garaşman:

--Ýeri, onsoň meniň bilen bäsleşmäge taýýarmy sen, eýse, --diýip, birneme gyjytly sözledi. Magtymguly içinden” Märekäniň özüni şowhunly garşylanyna eseljek bolýarmy-ka bu!?” -diýip oýlandy. ”Eý, belent mertebeli perwerdigär, özüň medet ber!” diýip, içki oýlarynyň üstüni ýetirdi.

Bäsleşigiň beýemçisi Allaberdi beg söz aldy:

--Ýaryşymyzyň başynda şahyrlarymyz birneme gyzyşmak üçin gezek gezegine her haýsy bäş sany goşgy okasynlar. Ilkinji sözi-de halypa hökmünde Durdy şahyra berýäris.

Durdy şahyr ýasgynjak atynan donuny egninden aýyrdy-da, şygyr okap başlady. Ol şygyr muşdaklarynyň göwnünden turar-da diýen pikir bilen sözüni ”Akjagül” diýen yşky goşgudan başlady. Onuň okaýan şygyrlaryndan ruhlanýan diňleýjiler ”Haý berekella şahyrym!” diýip, uly şowhun bilen oňa goltgy berýärdiler.

Ol şygyr okamasyny:

Jaý aldy kalbymda ýerleşdi bu gam,
Galmady-tükendi takaty-aram,
Durdy şahyr aglamakdan säher-şam,
Kuwwat gitdi indi bilimden meniň,

-diýen setirler bilen tamamlady.

Şygyr muşdaklarynyň arasyndan haýsydyr bir jahyl ýigit:

--Pahaý şahyrym, muna oňarmagyň-ow. Başlaňda: ”Görmedikler arman çeker Akjagül, -diýip, joşa- joşa biziň göwnümizi ala-çaz etdiň-de, tamamlanyňda ”Kuwwat gitdi indi bilimden meniň, -diýip, ejizläýdiň-ow. Ýa garrajak bolýarmyň-diýip Durdy şahyra gyjalat berdi. Hemmeler hezil edinip gülüşdiler. Durdy şahyram ýylgyryp öz ýerine geçdi.

Şygyr okamak gezegi Magtymgula ýetdi. Ol kakasynyň beren ilkinji maslahatyny ýadyna saldy. ”Goşga başlamazdan ozal bir ýola oturanlara nazar aýla. Olaryň gözlerinden nähili şygyr okamagyňy isleýändiklerini aňlajak bol. Sohra-da alňasaman, bir bada sesiňi gataltman pessaýja sesiň bilen, düşnüklije we owazly edip okap başla!
Şahyr şeýle-de etdi.

--Wagt bolar ki, bir ýel düşer serime,
Hyýal hüjüm eýläp, joşy ýandyrar.
Ýüregim joş berse, aklym jem bolsa,
Pikir basar, gaýgy, huşy ýandyrar.

Şahyr şygryny şeýle jemledi:

--Magtymguly, Hakdan piýala çekse,
Piýala joş berse, hyýala çekse,
Aşyklar bagryndan bir nala çekse,
Daglary elendir, daşy ýandyrar,

Şygyr diýseň jüpüne düşdi. Märeke dym dyrs bolup, goşgy tamam bolansoňam Magtymgula haýran galyjylyk bilen garap oturdylar. Dymşyklygy kimdir biruniň:

--Bäý-bä, beýle sözleri nireden tapýar-ka-naý-, diýen ses açdy. Her kim ýerli-ýerden “ýene oka-da ýene oka” boluşdyla.

Şondan soňra Magtymguly bilen diňleýjileriň arasyndaky sowuklygyň perdesi syryldy-da, bäsleşik has-da şowhunlandy gidiberdi.

Ine-de, gezek sorag-jogaply aýdyşyga geldi. Durdy şahyr şeýle diýdi:

--Ýeri ogul, sen sorajakmy ýa-da jogap berjekmi?

Magtymguly edeplilik bilen:

--Ilki sorag bermek sizdendir, halypam.

--Onda başladyk. Durdy şahyr uly hyjuw bilen Magtymgula sorag berip başlady. Ol Mgtymgulynyň oturan märekäniň arasynda abraýynyň artyp barýandygyny aňyp, oňa “ussadym” diýip ýüzlenenini özi-de duýman galdy. Magtymguly-da başardygyndan oňa jogap berdi.

Durdy şahyr:

--Bizden sowal Magtymguly ussada,
Atamyz adamyň donun kim biçdi?
Dumanly seriňe gurban bolaly,
Bilmedik melaýyk meýin kim içdi?

Magtymguly:

--Bizden jogap bolsun Durdy şahyra,
Jebraýyl getirdi, ryzwanlar biçdi.
Gudrat bilen şol şeýtanyň şerbetin,
Adam ata bilen How ene içdi.

Durdy şahyr soraglaryny şeýle jemleýär:

--Durdy şahyr aýdar, ýollar uzakdyr,
Men bilmenem, pany kime duzakdyr,
Ozüňi bilmeseň, jaýyň dowzahdyr,
Togsan dokuz müň är nirde gowuşdy?

Magtymgulynyň jogaby şeýle boldy:

--Magtymguly, yşk meýdany uzakdyr,
Pany dünýä mömünlere duzakdyr,
Alla biler, kimiň jaýy dowzahdyr,
Togsan dokuz müň är surda gowuşdy.

Birinji aýdyşyk tamam boldy. Oturan märekäniň arasynda şowhunly gowur başlady. Biri Durdy şahyryň tarapdary bolup şowhun etýärdi. Ýene birleri ýaşlygyna garamazdan halypasynyň ähli soraglaryna sakynma degerli jogap berenine haýran galyp, Magtymgulyny öwüp arşa çykarýardylar.

Oba adamlaryny şeýle begendiirip bilenine monça bolan Allaberdi beg ildeşlerine ýüzlendi:

--Hany ýuwaşyrak bolalyň, obadaşlar. Entek şahyrlaryň hiç birisine-de baha bermäliň. Bäsleşik dowam edýär ahbetin. Indi sorag bermek gezegi Magtymgulynyňky. Ýeri, şahyrlar taýýarmysyňyz.

Muşagyra aýdyşjaklar baş atdylar.

--Hany, Magtymguly, başla, dost!
Magtymguly bütin durky bilen şahyrana şygra siňdi-de, mähriban käbesi bilen taýýarlan, atasyndan-da idin alan soraglaryny uly joşgun bilen okap başlady. Durdy şahyr-da ýaş ýetginjegiň berýän çylşyrymly soraglaryny akyl eleginden geçirip durşyna, her bir berilýän soragyň dogry jogabyny tapmaga çalyşýardy.

Magtymguly sowalyna başlady:

--O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?
O nämedir, aýagy ýok towusýan?
O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

Durdy şahyr şeýle jogap berýär:

--Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,
O ýylandyr, aýagy ýok towusýan,
O balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.

Magtymguly soraglaryny şeýle jemledi:

--O nämedir, toprak üste sürünmez ?
O nämedir, adamlara görünmez ?
O nämedir, hiç bir dona bürenmez?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

Durdy şahyr bolsa bu sowallara şeýleräk jogap berdi:

--Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,
Ol beladyr, gelse göze görünmez,
Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.

Aýdyşyk tamam boldy. Halaýyk bu täsin tapylan soraglaryň we oňa berilen dogry jogaplaryň täsirinden çykyp bilmän, haýran galyjylyk bilen şahyrlaryň ýüzlerine sessiz garap bir pursat dymdylar. Bu täsin duşuşyk, onda-da iki sany türkmeniň zehinli şahyrlarynyň bäsleşiginiň öz obalarynda geçirilýänligine bolan buýsanç Garrynohur obasynyň adamlaryny öz jadysyna baglap goýana meňzeýärdi.

Magtymgulydyr Durdy şahyr-da “märeke näme diýer-kä” diýýän ýaly soragly nazarlaryny adamlara tarap öwürdiler. Birdenem ýene-de adamlaryň gowurdysy artyp başlady. Allaberdi beg iki elini ýokary galdyrdy:

--Hany, eziz obadaşlar, indi gowurdymyzy goýalyň. Bäsleşigiň jemini jemlemeli wagt geldi. Elbetde, şahyrlarymyzyň zehinine baha bersek, biri beýlekisinden kemlär ýaly däl. Durdy şahyr-a, näme, külli türkmende tanalýan halypa şahyr. Magtymguly inimizem Dowletmämmet atamyzyň şahyrçylyk ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýüňi ýeten şahyr bolup ýetişipdir, tüweleme. Dogry dälmi, adamlar-, diýip sözüne dygy berdi. Ýaý berip oturan adamlar ýerli-ýerden:

--Dogry-da, dogry!- boluşdylar. --Hak aýtýaň, beg!

--Ýöne, bäsleşikde kimdir biri ýeňiji bolmaly-da. . .

Şu pursatda Magtymguly başyny galdyrdy-da, Durdy şahyra garady. Halypasy ýadawlykdanmy ýa-da aýdyşykda şägirdinden asgyn gelendirin diýen oýlara başyny basmarladyp-my, bir çümmük bolup gysylyp otyrdy. Şu ýerde-de atasy Azadynyň bir sözi Magtymgulynyň aňyna gelip ýetişdi. Ol ony içinden gaýtalady:

--Kim şat etse, bir ejiz dermendäni,
Huda belent kylar beýle bendäni.

Soňra bir hili perişan ýaly bolyp, iki elini kellesine ýetirip, çalaja başyny ýaýkady. ”Päh-heý, edeniň bar bol-a, gögeleje Magtymguly! Sen ýumruk ýaly halyňa ulus ile ady belli şahyr bilen bäsleşmek nireden kelläňe geldi. Atam Azady aýtdam-la: ”Oglum, Durdy şahyr ýaly halypadan üstün çykjak bolup ýörmek seň nämäňe gerek?!” diýip. Häzir meni ýeňiji etseler, Durdy şahyra nähili agyr degjegini bir göz öňüne getir. Durdy şahyry ýeňiji edäýseler, seniň özüňden göwnüň geçer, görüplik damaryň oýanar. Ýeri bu zatlar kime gerek diýsene. Heý, öň kelläňe aýlamadyňmy?

Ozüň-ä “şahyrlyk maňa Hakdan berilen” diýip, howalanyp ýörsüň. Onda bu bolup ýörşüň näme seniň. Hakdan gelen bolsa, halk seni irde giçde ykrar eder. Onuň üçin özüňden juda uly, ady äleme dolan halypa bilen öjügişip ýörmeli däl ekeniň! Entegem giç däl bolaýmasyn! Hany, özüňi ele al!”

Magtymgulyny bu oý-pikirlerinden ýene-de Allaberdi begiň sesi özüne getirdi:

-Onda näme, halaýyk, sese goýýasmy?

Oturanlar:

--Howwa- da, howwa boluşdylar.

Şol pursatda-da, kalbynda harasat gopýan Magtymguly alasarmyk ýagdaýda elini galdyryp söz sorady:

--Mähriban, adamlar, howlukmaň! Maňa-da bir söz beriň!

--Hä-ä, Magtymguly, Aýtjak-diýjek sözüň barmy?-diýip, Allaberdi oňa soragly nazaryny dikdi.

--Hawa, bar, bar!—Ýüzi lap-lap gyzýan ýetginjek ýerinden turdy. Edil şu pursatda-da ol özüni gögele ýetginjek däl-de, giň dünýä garaýyşy, kämillige ýetişen ynsanyň duýgularyny başyndan geçirýärdi.

--Adamlar! Men bir bikemallyga edipdirin.
Märekäniň içinde uly gowurdy başlady.

--O nähili?

--Ol näme diýdigiň-ow?

--Mus-muslama-da, Mustapa diý-ä, oglan!

--Nähilisi şol, men halypamyz Durdy şahyr bilen muşagyra aýdyşmaly däldim. Men öz-özümden ýel alyp, özüme gaty ýokary baha beripdirin. Öz atam ýaly adamynyň göwnüne degiji hereket edipdirin. Bagyşlaweriň. Bu bäsleşikde halypamyz Durdy şahyrdan başga ýeňiji bolup bilmez.

Onsoň, men-de bu ýerde uly utuş gazandym. Men özümiň ýetginjeklik tekepbirligimden üstün çykdym. Özümiň kim bolýanlygyma göz ýetirdim, -diýdi. Magtymgulynyň bu sözlerini her kim bir hili garşyla-dy. Biri:

--Ýaryş, ýaryş bor-da, how! Ol ulyny kiçini dannap duranok, -diýdi.

Ýene biri:
-Näme asgyn gelendirin öýdüp, öňünden gaçýarsyňmy-how, ýigit, -diýdi.

Üçünji birisi:
--Halypa sylagyňa sag bol, inim, -diýdi.

Magtymguly olara mylaýym garap durşuna:
--Men öz sözümi aýtdym, eziz adamlar!—diýdi-de, ýerine geçip oturdy.

Ardynjyrap, ýaşuly adamlara muwapyk saýhally hereketleri bilen oturan ýerinden turan Durdy şahyr özüne söz berilmegini sorady. Märekäniň gowry köşeşdi.

--Eziz adamlar! Magtmguly Döwletmämmet halypanyň beren edebine eýerip, maňa öz hormatyny bildirýär. Sag bol, şahyr, sylag-hormatyň üçin! Bu häsiýet tüýs türkmen ýigitlerine mynasyp. Ýöne men-ä, dogrymy aýtsam, seniň bilen muşagyra aýdyşanyma ökünemok. Bu könelerden gelýän aýdyşyk şahyrlaryň zehinini ýiteltmegi üçin, ussatlygynyň taplanmagy üçin derwaýys zatlaryň biri. Birek biregi içgin tanamak üçin, dostlaşmak üçin, her bir şahyryň özüni ile tanatmagy üçin gerekdir. Galberse-de, ine, şu oturan märekäniň içinde men Magtymguly şahyra ak pata berýärin. Magtymguly jan, seniň Hakdan içen şahyrdygyňa doly göz ýetirdim. Seni ýeňjek adam ýokdur. Alla ýaryň bolsun!

Şeýle diýdi-de ol Magtymgulynyň ellerini berk gysdy.
Bäsleşigiň netijesine garaşyp oturan adamlara diýere söz galmady. Olar ýerli ýerden:

--Haý berekella şahyrym!

--Munyň bolýa, Durdy halypa, -diýip ýaşuly şahyry goldadylar.

Ine, şol şowhunly pursatlarda-da, ýaý berip oturan märekäniň arasyndan geýniwli, ýaşy ellä ser uran bir nurana adam turdy-da, salyhatly ädimläp, Allaberdi begiň ýanynda duran Durdy şahyrdyr Magtymgulynyň ýanlaryna geldi. Bu adam obada hormatly, sylagly, sahylykda özüni tanadan Nurnepes baýdy. Ol ilki bilen Allaberdi bege ýüzlendi:

--Hany, begim, maňa-da bir gezek beriň-ä, meniň-de aýtjak goýjak zatlarym bar.

--Aýdyber, Nurnepes aga, heý size-de bir söz bermän bolarmy.

-- Onda şeýle, begim, ilkinji nobatda biziň Garrynohur obamyzda şeýle täsirli wakany gurnanyňa biz saňa “Seni Alla ýalkasyn!”- diýýäs. Bu toý gadymy Garrynohury külli türkmene tanatsa gerek. Ikinjidenem, --diýdi-de, ýarpy gowresini märekä tarap aýlady. Märekäniň arasyndan iki sany ýetginjek zöwwe ýerlerinden galdylar-da, yortup Nurnepes baýyň ýanynda häzir boldular. Nurnepes baý olaryň elindäki agar çäkmenleri bir birden aldy-da, birini Durdy şahyryň egnine atdy, beýlekisini-de Magtumgulynyň egnine atdy. —“Toýdan topukça” diýilen bir söz bar. Alyň, ikiňize-de nesip etsin. Hezil-ä berdiňiz. Ine, bu-da—diýdi weli, üçünji bir ýetgijek ylgap Nurberdi baýyň ýanyna geldi. Baý, oglanyň elindäki gyrmyzy dony Allaberdi begiň egnine atdy, ak silkme telpegi-de onuň tahýaly kellesine geýdirdi-de:

--Sen oba adamlarynyň tamasyny ödediň, her bir işde beýemçi bolmaga saňa-da wagt boldy. Al, geý, nesip etsin, diýdi.

Märeke uly şowhun bilen el çarpyşdylar.

--Haý, berekella, Nurnepes aga, --diýip baýa alkyş aýtdylar.

Soňra Allaberdi beg halaýyga ýüzlendi:

--Adamlar! Bu günki bäsleşikde dostluk ýeňdi, şygyr ýeňdi. Bu günki toýumyza şahandaz türkmeniň Şygyrýet toýy diýäýsek nähili görýäňiz.

--Bolar begim!

--Gaty dogry aýtýaň, beg!

--Onda, adamlar, toý saçagynyň başyna geçiň!

Allaberdi PAŞŞYKOW,
Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.



Tmpedagog