29.03.2024 Döredijilik89 .

Pyragynyň göz-guwanjy (Esse)


Bu gün Döwletmämmet Azadynyň ýörite çakylygy bilen, türkmeniň ähli tireleriniň, taýpalarynyň serdarlary, ýaşululary, aksakgallary — wekilleri Nowruz baýramçylygyna gelýärler. Gül-gülälege beslenip ýatan bu ýaýlalar bu golaýlarda beýle agyr märekäni görmändi.

Gazanlardan göterilýän bugdan, täze bişen nanlardan ýakymly tagamlaryň ysy baharyň hoştap howasyna garylyp, ony öňküdenem süýjedýärdi. Ýap-ýaşyl otlaryň parç bolup ýatan ýerlerine gözüň ýagyny iýip barýan gyzyl halylar, palaslar, keçeler düşelýärdi.

Döwletmämmet Azady bilen Magtymguly durşuna owadan hereket bolup duran bu uly mähellä syn edip barýardylar. Olar nan, et dograýanlaryň, palaw atarmak üçin käşirdir sogan artýanlaryň, her dänesi mermer ýaly tüwini ýene-de bir gezek gözden geçirýänleriň deňinden geçdiler.

«Halk şeýle uly toýa, dabara diýseň suwsapdyr, teşne bolupdyr» diýip, içini gepleden Magtymguly ojaklarda, güplerde ýakmak üçin odun döwýänleriňem berekellasyny ýetirdi.

Dünýäde deňi-taýy ýok türkmen ak öýleriniň ýüze golaýyny tutmak bilen meşgul bolup ýören ýaşulularyň, oral aýallaryň, ýigitleriň, gelin-gyzlaryň, olaryň töwereginde jagyl-jugul bolup ýören çagalaryň şady-horramlygyndan gözüňi aýryp bolanokdy.

Ana, al-elwan ýüpek parçalardyr ujuna pul, altyn-kümüş teňňeler düwlen ýaglyklar dakylan tüýnüge towusýan gyzyleňek jahyllaryň şowhunly gohy, gülüşýän sesleri töwerege ýaň salýardy.

Bahar bulaklary deý lummurdap duran iner-maýalary, mesligine çarpaýa galýan, kişňeýän atlary, lowurdap duran bedewleri, uçup ýören taýçanaklary diýsene! Düýn-öňňin doglan köşejikler, göleler, owlak-guzular hem bu birgiden ajaýyplygyň üstüni ýetirýärdiler. «Lowh, lowh» edip üýrüp duran, kelleleri gazan ýaly äpet itleri, çagalaryň elindäki enaýyja alabaý güjüjekleri aýtjakmy, niräňe seretseň gowulyk, şadyýanlyk.

Ýaşyl, gyrmyzy nagyşly çabytdyr donly gelinler, bökejin ädikli, gyzyl köwüşli gyzlar äpet gülýakanyň gaşlary ýaly lowurdaşyp ýördüler. Belent baýra çykyp läle kakýan, monjugatdy aýdýan gyzlaryň owazy bu giden sähralygy üwreýän ýalydy. Göreş tutýanlaryň, düzzüm, çilik oýnaýanlaryň şowhuny hem dik göge galýardy.

Hatara tutulan ak öýleriň birinden hüwdi eşidilse, hol aňyrrakdan gargy tüýdüge ýanap aýdym aýdýan ýaş bagşynyň sesi gelýärdi.

Ak sakgallary döşlerini ýapyp duran ýaşulularyň agar çäkmenleri, gök donlary, başlaryndaky tarlary seçelenip duran silkme telpekleri, käsiniň ýöne egnine alyp oturan sary possunlary, olaryň owaldan nurana ýüzleri, peşeneli keşpleri bile sazlaşykly utgaşyp, olary öňküdenem mähirli, idi-yssywatly, gojalaryň özüne muwapyk salyhatly görkezip, göreni sägindirýärdi.

Ähli edilen ýa-da indi edilmeli işlere bu ýerde seljerme berilýärdi.

Asmanyň hytaý çüýşesi ýaly dup-dury bolmagy, Günüň ýakymly, çogly nuruny bolluk bilen saçyp durmagy Azada diýseň hoş ýakýardy. Adamlaryň agzybirligi, jebisligi, biri-birlerini sylaýyşlary, kethudalara gulak asyşlary, myhmansöýerligi, belent adamkärçiligi, abraý gazanmaga bolan tükeniksiz yhlasy, toý-dabaranyň birkemsiz bolmagy ugrundaky edýän aladalary üçin ol obadaşlaryndan müň mertebe razydy.

Golaýdan onlarça atly adamlar dag tarapa geçip barýardylar. Serdarlaryň biri olara baş bolup, atyny öňden sürüp barşyna, elindäki gamçysyny oýnadýardy. Olar dag arasyndaky geçelgede durup, oba-garany her hili betpygyllylardan goramalydylar.

Döwletmämmet Azady bilen Magtymgulynyň belentlikden synlap duran bu hereketleri her bir türkmeniň öý-ojagynda her gün gaýtalanyp duran hereketlerdi.

Şahyryň şeýle gözellige, ajaýyplyga teşne gözleri tolgunmadan ýaňa balkyldaýardy. Külli türkmeniň bu ýere ýygnanan birje bölejigi bolan mährem obadaşlaryny ol bütin halkyň, milletiň deregine kabul edýärdi. Ol şeýle gözel, gül-gülälekli ýap-ýaşyl ýaýlada dünýäni unudyp, diňe toý-baýramyň aladalary bilen ýaýnap ýören adamlardan guwançly gözlerini birjigem aýryp bilmeýärdi. Ol gözlerden edil şu wagt: «Seniň bar guwanjyň näme, aýt?!» diýip sorasalar: «Meniň bar guwanjym şu görýän halkymdyr, adamlarymdyr» diýip, şobada jogap bererdi. Eger ol gözler ömür ahyr bolup, bir günden bir gün ýumulsa, bir gudrat bilen oňa täzeden jan berlip, şol sowalam täzeden gaýtalansa, onuň berjek jogaby ýene-de şol öňküliginde ýaňlanardy.

Belent baýryň depesinde ýalňyz özi duran Magtymguly gürleýärdi: «Wagt, şeýle zamanalar geler. Halkymyz edil şu günki, şu pursatdaky görşümiz ýaly jebis, agzybir, erkana, azat, garaşsyz ýaşar. Öz eli, öz ýakasy bolar. Her bir başlan döwletli işi bähbitli hem oňuna bolar. Adyna älem aşyk bolar. Toýy-baýramy kän bolup, goşa-goşadan geler. Alnyndan parlap ak Gün dogar. Ýurdy edil jennet mysaly bolup, dowamat-dowam bolar. Halkyň saçagy mydama nanly, üsti bitin, eli uzadan ýerine ýetýän bolar. Görogly deý är dörär. Halkynyň Hak howandary bolar. Dünýäniň toýunda törde orny bolar. Türkmenimi dünýä tanadar. Gurbany boldugym, bu keremli topragyň üsti-de, asty-da durşuna hazyna-baýlykdyr. Gerçek ogul şol baýlyklary eçilip, halkyny görlüp-eşidilmedik bagtyýarlykda ýaşadar. Ähli türkmenler bir ýere, bir Tuguň astyna jem bolup, uly bir halk, il bolup, bir Watanyň goýnunda erkana ýaşar. Ülkede eşret arygy derýa bolup akar. Aşyk-magşuklaryňam bagty çüwer. Daýhan bolana hemmäniň gözi gider, ol ýerli-suwly baý bolar. Şonda biziňem garyp ismimiz ýerde ýatmaz. Millete hyzmat edip ötüp gidenlerem tirsegine galar...».

Magtymguly süýr depesindäki göm-gök gümmeze bakdy. Depede, örän alysda asman şasy ak bürgüt gaýyp ýördi. Oňa seredip durşuna ýüreginiň töründen şygyr bulagy-da akyp ugrady, özi-de ol bulak sözsaýyn, setirsaýyn, beýtsaýyn şeýle güýçli, batly, dabaraly, hiç peselmejek, armajak hyjuw, söýgi, mähir-muhabbet, joşgun bilen akýardy. Ol goşgy şahyryň meşhur «Türkmeniň» goşgusydy.

Jumadurdy GARAGULOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
47-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 28.03.2024

Tmpedagog