25.03.2024 Döredijilik61 .

Surat


Bir gün halypa suratkeş öz şägirdine surat çek-de, şäheriň köp adamly ýerinde goý diýýär we «Nirede ýalňyş ýeri bar bolsa atanak çekmegiňizi haýyş edýäris» diýip, hatjagaz goýmagy tabşyrýar. Şägirt diýleni edýär we birnäçe günden barýar. Görse, suratyň ýüzi atanakdan doly eken. Muňa ruhdan düşen şägirt halypa görkezýär.

Halypa şägirdine:

— Ýene-de edil öňküsi ýaly şol suraty çek we indi şu haty goý — diýýär. Ol hatda şeýle sözler bar ekeni: «Nirede ýalňyş bar bolsa düzedip bilersiňiz”.

Şägirt diýleni edýär. Birnäçe günden soň, şol köp adamly köçä, suratyň ýanyna barýar. Görse, suratda ýekeje belligem ýok. Muňa begenip, şägirt halypasynyň ýanyna gelýär.

Halypa aýdýar: «Gördüňmi, sen rugsat berseň, ömründe bir gezek eline galam almadyklaram senden kem tapýandyrlar. Emma kemçiligi düzetmek özlerinden islenilende ony hiç biri başarmady. Şonuň üçin hiç wagt azabyňy düşünmeýänlere hödürlemegin!”.

Taýýarlan Zöhre IŞANOWA.
Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 21.03.2024

Tmpedagog