13.03.2024 Döredijilik75 .

Alma gülleri


Desse-desse güller dakyp goşarna,
Almam ýene ak güllerin getirdi.
Gursagymda körän ýalňyz yşkymy,
Joşgun bilen bahar-ýaza ýetirdi.

Biz bile söýerdik alma güllerin,
Gözleriň gözeldi, ajap näzleriň,
Magşugydyň gülgün öwsen ýazlaryň,
Saçlaryň ýaldyrap öwşün atardy.

Käteler uýalyp gizlärdiň özüň,
Ömrümiň nury sen, ýalkymy ýazyň,
Men seni gözlämde bolup ýalňyzyň,
Ýörän ýollaryň hem yzy ýiterdi.

Ençe gijelerde gyrpman kirpigim,
Ýyldyzlara bakýan, elenip gamgyn,
Hany ol, nirede, juwanlyk söýgim,
Ýyllar ýene bu gün ýazy getirdi.

Ak gülün meňzedip halyň seçegne,
Baglar elwan nagyş düzer etege,
Gel, bile synlaly bu pasly ýene,
Guşlaram şowhunly sazy getirdi.

Maral ANNAÝEWA,
Ýolöten etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 13.03.2024

Tmpedagog