02.03.2024 Döredijilik75 .

Tebigatyň eseri (Şahyrana oýlanma)


Çagalyk bahary. Juwanlygyň joşgunly ýazlary. Olar biziň iň bagtyýar günlerimizi goýnunda alyp galan syrly sandyk. Şonuň üçinem içinde nämeleriň bardygyny bilip dursamam, enemiň sandygynyň açylandaky ýaly, çagalyk, juwanlyk baharlarynda galan ýatlamalara aralaşmak mende her gezek täze duýgulary, pikirleri oýarýar. Özi-de, näçe uzaklaşdygymyzça, ol ýatlamalaryň süýjüligi, täsirliligi artyp gidip barýar.

Näme üçindigini bilemok, geçilen menzillere guraýan syýahatlarym baharyň garşylanýan günlerinde has ýygjamlaşýar. Ilki bilenem, ho-ol çagalygyň arzuwlar düşelen ýollaryndaky, suratkeş goňşymyz bilen baglanyşykly ýatlamalar hakydamda janlanýar...

...Biz-ä ol wagtlar gulpagyny tasadyp ýörenje gyzjagaz, ol bolsa suratkeşlik ugrundan okuwyny tamamlap gelen ýigitdi. Öň obamyzda suratkeş bolmansoň, onuň etýudnigini daşaryk çykaryp, töweregimizdäki zatlaryň, tebigatyň... suratyny çekip ugramagy biz, çagalar üçin uly bir täsinlikdi. Men onuň ýagly reňklerden täsin bir dünýä döredişini synlap oturyşyma, geljekde suratkeş bolmagy arzuw ederdim. Gün-günden kämilleşip, gözelleşip barýan eseri synlanymda, suratkeş oglana garaçynym bilen gözüm giderdi. Onuň töwerek-daşy, biziň görşümizdenem owadan edip, kendiriň ýüzüne ýagly reňkler bilen geçirişini gözbagçynyň döredýän täsinliklerine meňzederdim. Şeýle jadyny ele aljak günümiň çaltrak gelerine — okuwymy tamamlap, suratkeş bolmaga howlugardym.

Bir günem ol ähli zady bulaşdyrdy. Ol eýýäm taýyn bolara gelen suraty elindäki çotgasy bilen çyr-çyrşak etdi. Soňam kendiriň ýüzüni tutuşlaýyn ak reňke öwürdi-de, suraty täzeden çekip başlady. Düýbünden garaşmadyk wakam surat bilen birlikde meniň çaga dünýämi-de bulam-bujar etdi goýaýdy. Şol pursatyň özünde suratkeş goňşymyzdan göwnüm geçdi, suratkeş bolmak höwesimiňem ysgyny gaçdy. Sesimi çykarman, onuň ýanyndan turup gaýtdym. Öz ýanymdanam gaýdyp onuň suratyny synlamaga barmazlygy şert etdim.

Emma çaga dünýäsinde öýke, kine ýaly duýgularyň uzak eglenjek gümany barmy? Birki gün geçensoň, ýene-de surat synlamaga bardym. Sesimi çykarman, gözjagazlarymy tegeläp, suraty synladym. Surat öňküden owadan bolmasa, kem däldi. Ýöne ilkinji suraty «salan gününe» gaty öýkeledimmi ýa başga sebäp boldumy, ol ýerde uzak saklanasym gelmedi. Kän oturmanam turup gaýtdym. Çagalygyň bir-birinden gyzykly pursatlarynyň arasynda, şondan soň goňşy oglanyň surat çekeni-çekmäni-de gözüme ilmedi.

Ýene bahar. Endigime görä, ýene-de suratkeş goňşymyzy ýatlaýaryn. Uly suratkeş bolup, birmahal şähere göçüp giden goňşymyzyň ne gözel eseri çyr-çyrşak edişi ýene-de gözümiň öňünde janlandy. Ol görnüş ýene-de maňa tebigatyň döreden eserleriniň her pasylda «ýüzüniň täzelenip» durşuny ýatlatdy...

Hawa, ömrüň baharynyň — çagalygyň, juwanlygyň her ädimi süýji ýatlama. Ajaýyp surat eserini synlan ýaly, olaryň her biriniň duşunda isledigiňçe eglenip, lezzet alyp bolýar. Sebäbi şahyryň aýdyşy ýaly:

Ol ýerlerde Günüň dogşy üýtgeşik,
Baharda ýagyşyň ýagşy üýtgeşik.
Üýtgeşik asmandan «gyr-gyrruwlaşyp»
Öteninde durnalary tirkeşip.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 01.03.2024

Tmpedagog