22.02.2024 Döredijilik88 .

Wysal bolan arzuw


Külli türkmen halkynyň öçmez nury, çyragy
Bu bagtyýar zamanaň dowamatdyr dowamy,
Arkadagly Serdarymyz beýgeldýär bu Diýary,
Bu döwür arzuwlaryň wysalydyr Pyragy.

Sözüň orun alandyr adamzadyň kalbynda,
Älemiň çar künjünde, dünýäň ençe halkynda,
Şeýle bolýan ekeni Hak ezelden ýalkanda,
Bu döwür arzuwlaryň wysalydyr Pyragy.

Her sözüňde parasat, her şygryňda pähim bar,
Ol paýhas ummanyňda gudrat bilen ýakym bar,
Ýetdik arzyly döwre, türkmen ilim bagtyýar,
Bu döwür arzuwlaryň wysalydyr Pyragy.

Bagta sary gadam urdy bu türkmeniň ykbaly,
Täze taryhy döwrüň nur-enwerdir ak ýoly,
Ylham alyp şygyrlaňdan barýas geljege sary,
Bu döwür arzuwlaryň wysalydyr Pyragy.

Patma ALLABAÝEWA,
Görogly etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 22.02.2024

Tmpedagog