Salam, mugallym!
Özümi şeýle bir bagtly saýýan,
Men hormatly käriň eýesi boldum.
Guwanýan kärime, ýürekden söýýän,
Hemmeler diýýärler: «Salam, mugallym!».
Eýe bolsaň ata-ene ornuna,
Kuwwat berýär ýük bolsa-da egniňe,
Hemmesini deňeseň ogul-gyzyňa,
Hemişe diýýärler: «Salam, mugallym!».
Başlangyç synplarda bilimiň başy,
Yhlasyň ýerine düşende ýagşy,
Mydam gabat gelse ulusy, ýaşy,
Hormatlap diýýärler: «Salam, mugallym!».
Edep-terbiýedir ynsan gelşigi,
Öwredip durmuşy, aýdyň geljegi,
Hormatyňda päk zähmetiň ölçegi,
Ýürekden diýýärler: «Salam, mugallym!».
Tawusgül EZIZOWA,
Mary şäherindäki 2-nji kömekçi mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy.
Mugallymlar gazeti" gazeti, 31.08.2022