17.02.2024 Döredijilik73 .

Owazyň gudraty


Bäşimiň brigadiriň kömekçisi bolup işläp başlanyna aý ýarym töweregi boluberipdi. Ederini bilýän, işjanly ýigitdigine garamazdan, ol eli sypyndygy dutaryna ýapyşardy. Sazy diýseň şirin çalansoň, brigadir Sazak aga-da dynç alşa az-kem irräk çyksa, ýa işiň arasyna böwşeňlik düşse, onuň eline dutar alýandygyna känbir nägilelik bildirip durmazdy. «Aý, dutaryň owazy gowaçanyň ösüşine peýda etmese, zyýan bermez, şonuň üçin hem daýyňlara gitdigiň, hem atyňa baş öwretdigiň bolar, hem-ä biz lezzet alarys, hemem özüň okuwyňa taýýarlyk gördügiň bolar» diýäýerdi. Günorta arakesmä çykylanda bolsa çaý-nahardan mazaly geregini edinensoň:

— Hany, Bäşşäm, bir «beýnini owkalap ber, ýegen» diýer. Şondan soň owadan sährany dutaryň şirin owazy doldurar. Uly-kiçi daýhanlaryň hemmesi bir salym Bäşimiň zehininden, goşa taryň gudratyndan döreýän şirinligiň täsirine melul bolşup, ümsüm oturarlar.

Bäşimiň sazyna Gülleriň melul bolşy başgaçady. Ol bu saza ýöne bir owaz däl-de, tebigatyň özi bilen baglanyşykly gudrat hökmünde garaýardy. Hatda gamyşlaryň ygşyldysynda-da dutaryň owazy bilen sazlaşyk görýärdi. Onuň pikiriçe, bu täsinlige deňäp boljak ýalňyz bir gudrat bardy. Ol gudrat gopuzyň owazydy. Ol hemişe «Bu iki owazyň birikmegindäki güýjüň öňünde durup biljek zat barmyka?» diýip pikir ederdi. Käte öýde ýeke özi otyrka, radioda goýberilýän dutar sazlaryna goşup, gopuz çalardy. Gopuzyň owazynyň islendik saza özboluşly öwüşgin berşine haýranlar galardy. «Wah, eliňden gelse, dutardyr gopuzyň bilelikde çalynmagyna niýetläp, üýtgeşik bir saz döretseň» diýip arzuw ederdi. Hyýalynda bu pikirini Bäşim bilen paýlaşardy. Ondan dutar öwretmegini haýyş etmekden dagy zordan saklanardy. Bu pikirinden el çekse-de, soňky wagtlar gopuzyny ýany bilen alyp gelip, Bäşimiň sazy ýaňlanyp ugrandan, bir buky ýerde pessaý ses bilen gopuz çalmagy çykardy.

Bu günem günorta arakesme golaýlandan, Bäşim enesini gören gölejik ýaly, pagta meýdanynyň başujuna tarap düňk ýasady. Gelibem, daýhanlaryň goş-golam goýýan tamyndan dutaryny alyp çykdy-da, hol aňyrdaky içiniň suwy täzeräk siňen ýaba tarap gitdi. Çygy doly gitmänsoň, ýabyň içiniň salkynlygy yssy howada diýseň hoş ýakýardy. Bäşim bir kürüşge suwy başyna çekdi-de, dutaryny gabyndan çykaryp, owazly dünýä özüni atdy.

Dünýäni unudyp saz diňläp duran Güller joralaryna seretdi. Olaryňam ünsüniň başga ýerdedigine gözi ýetensoň, gopuzyny eline aldy-da, eýýäm boýy ýeteňkirlän gowaçalygyň gürräk ýerine geçip çalyp ugrady. Az salymdanam dutar bilen gopuzyň owazy sazlaşyp, töwerek-daş al-ýaşyla beslenen ýaly boldy. Şol barmana eýýäm pagta meýdanynyň başyna baran gyzlaryň biriniň sesi ýaňlanyp gitdi:

— Waý, Sazak aga gelýär. Biraz irräk çykaýdyk öýdýän, käýinç almasagam biridir.

Gyzyň çirkin sesi bilen bir wagtda dutaryň sesem ýatdy. Yz ýanyndanam ýap tarapdan alabasgy bolup gelýän Bäşim göründi. Ol aňyrdan gelşine:

— Sazak aga, suw içmäge gaýdypdym-da, birje saz çaljak diýip, köpräk güýmenäýipdirin — diýip, özüni aklajak boldy.

Sazak aganyň keýpi kökdi. Işleň gidişem, gowaçanyň ýagdaýam gowudy. Şonuň üçinem onuň daýhanlaryň badyny alasy gelmedi.

— Wah, şular ýaly şirin saz diňletseň, käte güýmenäýeniň zyýany ýok-la — diýip, ol gyz-gelinlere seretdi. — Beýdip günüň-gününe mugt konsert berip ýören sazandamyz soň ýa bolar, ýa bolmaz. Esasy zat, işiňe ykjam bolsaň bolýa. Hany, onda, dynç alaly. Gyzlar, nahar taýyn bolsa alybersinler. Ajyja gök çaýam demläweriň. Bäşşäm, dutaryňy gyzdyran bolsaň, ýör, kölegä baraly...

Bäşim dutary goýan ýerine tarap ýöneldi. Birdenem sägindi-de, gyzlaryň ýanyna bardy.

— Ýaňy, dutar çalyp otyrkam, gopuzyň sesi gelen ýaly boldumy? Bäşimiň sözlerine eýýäm gelip, gyzlara goşulan Güller ziňkildäp gitdi. Ýüzi dym-gyzyl boldy. Hernä Dünýägözel atly bälçik gelin dadyna ýetişäýdi:

— Waý, günüňe ýanaýyn, indi seniňki owaz boldy-da, Güller janyň gopuzynyň çykarýany «ses» bolaýdymy? Oglanyň-a öwülerligi bar ekeni — diýip, ýigidiň howuny basdy. — Biziň töweregiň ýigitler-ä Gülleriň gopuzynyň çykarýan sesine «owaz» diýýär.

— Ol owazy diňlemäge zar bolup ýörenem az däl-le gyz — diýip, gelinleriň ýene biri Dünýägözeliň sözlerini alyp göterdi. — Giň ýerde bol tapýanyň gürrüňi-dä, «ses» diýen bolup...

Şol gün Bäşimiňem saz çalyp mazasy bolmady. Näme üçindir, her saza başlandan tä tamamlaýança Gülleriň öýkeli gözleri gözüniň öňünden gitmedi. Şu çaka çenli üns bermedik gözleriniň özünden gaçmasyny hälki goýberen gödek ýalňyşlygy sebäpli diýip hasap etdi. Iň ýamany, pikirleri näçe kowjak boldugyça, gyzyň gözleri şonça-da öýkeli göründi.

Gussaly gözler şol gün işden öýe baransoňam, gije ýatjak bolanda-da Bäşimiň hyýalyndan gitmedi. Wagtyň geçmegi bilenem ol gözleriň hemişe ýanynda bolmagyna öwrenişdi. Soňabaka şonsuz içi gysdy. Şol gözlersiz geçmeýän pursatlaryň birinde-de ol ýagdaýyny Gülleriň özüne äşgär etdi. Şeýdip juwan ýürekleri owazyň täsiri bilen birleşdiren saz özüniň gudratyny nobatdaky gezek subut etdi.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 16.02.2024

Tmpedagog