15.02.2024 Döredijilik184 .

Goşgular


Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Ýyllary atlandyrmak — ýörelgämiz, ýolumyz,
Asylly ýörelgäni goldar türkmen ilimiz,
Gelejege dowamatdyr dessurymyz-däbimiz,
Ajaýyp hem owadan ýylymyzyň şygary:
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Üç asyrlap ýaşap ýör adamzadyň aňynda,
Şygry söýget beripdir haraý islän çagynda,
Bu gün bolsa arzuwlan görkana zamanynda,
Ajaýyp hem owadan ýylymyzyň şygary:
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Berkden binýat bolandyr bu berkarar döwleti,
Bagtyň gujagynda ýaşaýar onuň milleti,
Wysal boldy ebedi gowy ýagşy-niýeti,
Ajaýyp hem owadan ýylymyzyň şygary:
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Gahryman Arkadagdyr adyn arşa göteren,
Arkadagly Serdardyr beýik işler bitiren,
Pyragynyň ismidir Ýer ýüzünde tutulan,
Ajaýyp hem owadan ýylymyzyň şygary:
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Täzegül Japarowa,
Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy.



Güller açýan Watanyma buýsanýan

Ady dünýä dolan Türkmenistanym,
Güller açýan Watanyma buýsanýan.
Ömrümiň manysy, şöhratym-şanym,
Güller açýan Watanyma buýsanýan.

Taryhyn söýlesem, abraýy bardyr,
Halkyna döwletli-döwrany ýardyr,
Gözelligin görseň, jennete taýdyr,
Güller açýan Watanyma buýsanýan.

Belentde parlaýar ýaşyl Baýdagym,
Bagt hakynda bu gün aýdýan aýdymym,
Jandan eziz görüp, kalpdan söýdügim,
Güller açýan Watanyma buýsanýan.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz,
Dowam edýär Arkadagly ýolumyz,
Parahat ýurdumyz, bagtly ilimiz,
Güller açýan Watanyma buýsanýan.

Gülälek Annaýewa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.



Ajap eýýamyň geldi

Akyldarym, guwan halkyň bagtyna,
Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi.
Ýetdik ýurduň iň ösüşli wagtyna,
Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi.

Gün-günden gülleýär, gül açýar Watan,
Halkymyň alnyndan ak daňy atan,
Myradyna ýetdi maksatlar tutan,
Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi.

Şöhratly menziller saçyp dur ýalkym,
Bir supra jemlendi agzybir halkyň,
Gal tirsegňe, beýik Pyragy, galkyn,
Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi.

Ilimiz — bagtyýar, ýurt — parahat,
Asmanym — asuda, durmuş — rahat,
Bagt guşumyz gökde ýaýýandyr ganat,
Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi.

Ýurduma dost dünýäň ýakyn-yragy,
Şugla saçýar parlak, nurly çyragy,
Bu gün seniň adyň ýylyň şygary,
Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi.


Durnalar

Söwer ýara ýollaýaryn salamym,
Alyslara uçup barýan durnalar.
Siz ýetiriň munda ýazan kelamym,
Alyslara uçup barýan durnalar.

Söýüp-söýülmeklik Taňrydan perman,
Çekdirme ýolunda ah bilen arman,
Alyp git namamy, özümde goýman,
Alyslara uçup barýan durnalar.

Ugrunda awara boldum başda men,
Perwanasy bolup, düşdüm yşka men,
Şol ýarymyň birje sözne teşne men,
Alyslara uçup barýan durnalar.

Söz uzunyň ýazaryn men dowamyn,
Näzlimiň ýatlaýyp Aý dek jemalyn,
Söwer ýarsyz ýokdur meniň kararym,
Alyslara uçup barýan durnalar.

Guwançmyrat Alýarow,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.



"Balkan" welaýat gazeti, 15.02.2024

Tmpedagog