15.02.2024 Döredijilik108 .

Bir manat


(«Atamyň gürrüňlerinden» ýatlamalar toplumyndan)

Urşuň ýeňiş bilen gutaran ýyllarynda ýurduň täzeden dikeldilýän döwri bolansoň, adamlaryň durmuş ýagdaýlary o diýen öwerlik däldi. Çagalar barja eşikleri bilen okuwa gidýärdiler. Kimsi aýakýalaňaç, kimsi çepeklije. Içinde çaryk, çokaý geýýänleri sanalgyjady. Meniň aýagym hem köp oglanlaryňky ýaly ýalaňaçjady.

Bizi mekdepde Garaoglan Ýüzlübaýew diýen mugallym okadýardy. Ol daýaw adamdy. 1947-nji ýylyň baharynyň bir güni mugallym bize bir manat pul getirmelidigini aýtdy. Ol bir manadyň näme üçin soralany ýadyma düşenok.

Men öýe gelip, ertir mekdebe bir manat pul eltmelidigini dädeme aýtdym. Dädem hiç zat diýmedi-de, ýüzi agras halda işi bilen boluberdi. Dädemiň hiç zat diýmediginiň sebäbi bir manadyň soralandygy üçin däl-de, şol bir manadyň öýümizde ýokdugyndandy. Çaga bolamsoň men ol zatlara düşünýänmi näme, garaz, bir manady alyp gitjek-dä!

Ertir irden men gözümi ýaşlap mekdebe ugradym. Dädem hem maňa gaharlanyp, eline-de bir sany ýumurtgany alyp: «Saňa diýýän oglum, şu ýumurtgany eltip beräý! Bir manat düşen wagty mugallymyňa özüm eltip beräýerin, häzirlikçe şuny alyp git!» diýip, yzymdan gygyryp gelýär. Menem uzyn sesime aglap, joýaly, çilli atyzlaryň içi bilen gaty-gaty ýöräp barýaryn. Ýoldaşlarymyň arasynda bir manadyň ornuna bir ýumurtga bermäge utanýaryn ahyry! Dogry, ol puly berip bilmejek diňe men däldim. Getirmeli diýip hetjikläp sorap duranam ýok welin, ýöne her okuwçy hem mugallymyň aýdan zadyny kanun hasaplaýar ahyry.

Şol gidip barşymyza ýerlerini suwarmak üçin böwet açyp duran Rejep aga gygyrdy:

— A-how, Serdar, ogluň nämä aglap barýar?

— Mugallymy mekdep üçin bir manat sorapdyr. Şony berip bilmedim. Şoňa aglaýar.

Biz Rejep aganyň ýanyna baryp salamlaşdyk. Ol biziň gapdal goňşymyz. Kiçijik kempiriň ogludy. Ol şo döwürde kolhoz işlerinde işleýärdi. Rejep aga jübülerini sermenip, bir manat puly çykardy-da:

— Al, ine, bir manat, mugallym aýdan bolsa hökman bir zada gerekdir, aglama köşek! — diýdi.

Şonda ýüzümde şatlyk alamatlary peýda bolup, bir manat puly alyp, ylgap mekdebe gidenim ýadymda...

Dädemiň soň şol bir manady Rejep aga yzyna berip bilendigini ýa bilmändigini anyk bilemok. Soňra biz başga ýere, Rejep agalar başga ýere göçdüler. Şondan soň biz Rejep agalary görmedik.

Aradan köp wagt geçdi. Kynçylykly durmuş hemişelik bolmaýar diýlişi ýaly, ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Häzir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşaýar.

Men 2023-nji ýylyň fewral aýynda şo-ol çagakam kömek eden Rejep aganyň agtygyna gabat geldim. Aradan 76 ýylyň geçendigine garamazdan, bolan wakanyň edil düýnki ýaly ýadymdadygyny, Rejep aganyň şeýle mylakatly, gowy adam bolandygyny, elinden gelen kömegi gaýgyrmandygyny oňa gürrüň berip, köp sagbolsun bilen, bir manady ýüz manat edip gaýtarjak boldum, emma ol bütinleý garşy boldy, almady. Edilen kiçijik ýagşylyk hiç haçan ýadyňdan çykmaýan eken.

Aýgözel SERDAROWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 15.02.2024

Tmpedagog