15.02.2024 Döredijilik82 .

Siziň ýanyňyzda kim bar?


Iki adam goňşuçylykda ýaşaýardy. Olaryň biri danalygy, ynsanperwerligi bilen şöhrat gazanypdy. Ony hormatlaýardylar, onuň ýanyna ýygy-ýygydan maslahat sorap gelýärdiler. Beýleki tüçjar baýdy, ýöne garasöýmezdi. Bir sapar olar ýolda gabatlaşdylar.

— Meniň durmuşymda kem zadym ýok. Men baý hem-de meniň täsirim örän uly. Ýöne şäherde seni menden aşa sylaýarlar. Maňa aýt, seniň pikiriňçe, men kime meňzeýärin? — diýip, baý kişi goňşusyna ýüzlendi.

— Sen perişdä meňzeýärsiň.

Bu sözlere ýaňky adam özüne göwnüýetijilik bilen ýylgyrdy hem-de goňşusyna garaşylmadyk sözler bilen ýüzlendi:

— Sen bolsa ýolda ýatan zir-zibile meňzeýärsiň. Ýeri, muňa näme diýersiň?

Dana kişi ýylgyrdy-da, onuň masgaralaýjy sözlerine jogap bermedi. Bu ýagdaý onuň goňşusyny geň galdyrdy. Ol ýene sowal berdi.

— Sen näme üçin meniň sözlerimi göwnüňe almadyň: sen-ä meni perişdä deňediň, men bolsa seni hapa zada meňzetdim.

— Bu ýerde göwnüňe alar ýaly hiç zat ýok — diýip, parasatly adam sowukganlylyk bilen jogap berdi. — Kimde-kim özüni perişde hökmünde görýän bolsa, ol ony özgelerde hem görýär. Kimiň kalby hapadan doly bolsa, ol özgeleri hem şonuň ýaly kabul edýär.

— Eýsem, siz ýanyňyzda kimi görýärsiňiz?

Uzukjemal HOMMADOWA.
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 15.02.2024

Tmpedagog