04.02.2024 Döredijilik318 .

Salam, mugallym!


Salam, mugallym!

Mugallym! Ol gün sizi mekdepde soňky gezek görýändigimi bilmeýärdim...

Siziň okadýan dersiňiziň adyny gündelikde her gezek görenimde özümi tijeýärin. Kitaby elime alanymda özümi siziň sapagyňyza girýän ýaly, onuň gatyny açanymda bolsa partanyň başynda oturan ýaly duýýaryn.

Kitaby okanymda tema düşündirýän sesiňiz gulagyma gelip dur... Ýumuşlary ýerine ýetirenimde siz düşündirip duran ýaly özümi ynamly duýýaryn. Kitap, depderlerimi aýdyşyñyz ýaly aýap saklaýaryn, mugallym!

Mekdebe baranymda ilki siziň otagyňyza göz aýlanymy duýman galýaryn. Arakesmelerde ýörite siziñ iş otagyñyza golaý ýerden geçýärdim. Indiki sapak okadýan dersiňiz bolanda girmäge jaň bolmagyndan öň gapyňyzda garaşardym. "Salam okuwçylar!" diýeniňizde ýüzüňizde hemişe şatlyk görerdim.

Geçilen temany soramak üçin synp žurnalyny açanyňyzda sapaga taýýarlanyp gelendigime garamazdan alada ederdim. Aladam sizi gynandyrmazlykdy, mugallym!

Sesim siziňkiden belent bolmasyn diýip, temany pessaýlyk bilen aýdardym. "Gündeligiňi getir!" diýeniňizde aýaklarym ýere degmeýän ýaly begenip giderdim. Goýýan bahaňyzdanam beter çekýän goluňyz maňa has ýakymly bolardy. Çünki ol diňe sizde bar, mugallym!

Bize gyzykly soraglar bereniňizde täze temany düşündirjekdigiňize göz ýetirerdim. Şol soraglaryň anyk jogabyny biljek bolup düşündirýän temaňyzy gulaga öwrülip diñlärdim. Hereketleriňiz, ulanýan esbaplaryňyz bilen, jan aýaman, ýürekden tema düşündirişiñizi unutmaryn, mugallym!

Biziň düşünjämizi barlamak üçin berýän soraglaryňyza jogap berjek bolup galdyran elimi ýatyrasym gelmeýärdi. Dogry jogap alanyňyzda ýüzüňizdäki begenjiñiz artardy.

Synpda ýerine ýetirmek üçin ýumuş tabşyranyňyzdan soň hatarlara aýlanardyñyz. Kynçylyk dörän ýagdaýynda tiz ýanymyza gelip düşündirerdiňiz.

Öýde ýerine ýetirmek, okamak üçin ýumuş tabşyranyňyzda talabalaýyk ýerine ýetirmegimiz üçin içgin düşündirerdiñiz.

Jaňyñ sesini eşidenimde wagtyň tiz geçendigine göz ýetirerdim. "Hoş mugallym, sag boluñ mugallym!" diýenimizde, mähribanlyk bilen sagbollaşardyñyz.

... Ol gün sizi mekdepde soňky gezek görýändigimi bilmeýärdim.

Günleriň birinde siziň başga şäheriñ mekdebine geçendigiňizi eşitdim. Mekdebi, okamagy, öwrenmegi, şol dersi söýmegime siz sebäp bolduňyz. Siziň öwüt-ündewleriñiz hemişe ýadymda, hat-da endigimde. Siz hakda süýji ýatlamalarym gaty köp. Mekdebe hut şol ýatlamalaryň hormatyna gidýän günlerim az däl, mugallym!

Maňa bildiren ynamyňyz okamaga, öwrenmäge bolan höwesimi artdyrýar. Ynamyňyzy ödärin, mugallym!

Döwranguly ANNAGULYÝEW.
"Tmpedagog"

Tmpedagog