03.02.2024 Döredijilik61 .

AKJA BILEN AKBAÝ


Uzak-uzak gyş gijeleri ählimiz peçli otagda, düýeýüň ýorganda ikibir-ikibir ýatardyk. Daň bilen ilki horazyň sesi, onsoň ejemiň tykyrdap, pejiň külüni aýryp, ot ýakyşy ukudan oýarar. Ýöne, tä ot tutaşyp, öýi ýagşy ýyladýança, pejiň mylaýym mukamyndan lezzet alyp “ýorgangaladan” çykmazdyk.

Bir sapar welin, bu kadany alagaraňkyda «hyssyň-hyssyň» edýän zadyň çalarak çyňsamasy, onuň sesine meňzemeýän ýene bir zadyň pyşgyrmasy bozdy. Çyrany ýaksak, bimaza edilenine gaharlanýan ýaly gözjagazyny alardyp, çilşiren iki öň aýagynyň üstüne tumşujagyny goýup, gulagy-guýrugy kesik enaýyja güjüjek ýatyr. Sypalajak bolsak hyňrananam bolýar. Birdenkä, ýyllarboýy sökülmän duran sallançagyň aňyrsyndan ýene bir zat inçejik mäledi welin, tapyrdaşyp eňdik. Görsek, gulagy salpyja, bokurdagy tebigy düwmeli, garaja gözi gorkudan doly owlajyk ýatyr. Enemiň çäýnege emzik dakyp owlaga, okarajyga guýup güjüjege süýt berşini synlap oturşymyza bir begenýäs welin, edil ogul jigisi bolan ýaly bolduk. Reňkleri ak bolansoň owlaga Akja, güjüge-de Akbaý adyny saýladyk.

Gapdal-gapdal böküp kowalaşýan, duýman durkaň süsen bolýan Akja, goňşulara çenli güýmeýärdi. Owlak çebiş, güjük ýortman çykansoňam, ikisi bile ýatyp bile-de oýnardy. Bal arylarynyň tagtadan öýjükleriniň üstünden tapyrdap gaçýan Akjany gapdallap ylgaýan Akbaýy gaharjaň bal arylary üýşüp kowalasa, atam eli çybyklydy. Ullakan demir çelegiň ýüzüne hek bilen hat ýazyp “mugallym-mugallym” oýnanymyzda-da, tertibi bozýanam şolardy. Üýtgeşik adam görse Akbaý üýrüp topulsa, Akja-da deňine ylgardy. Görenler iki it birden topulýandyr öýdüp çekinseler-de, soň Akjany tanap gülşerdiler.

Atam güýz gyrkymyna gitjek bolanda, “UAZ-469” ulagyna Akjany ýükledi welin, Akbaý-a üýrüp-çyňsap, Akja-da sesinde baryny mäläp, atamy raýyndan gaýtaryp bilmediler. Gaýtam, ikisem bile gitmeli boldular.

Olar gidensoň girsek-çyksak bir zat kem ýaly, içgysgynçlyk başlandy. Bir gün çölden gelen atamyň sesi barymyzy örüzdi: «Düşüriň bulary, meni masgara etdiler”.

Olary biz gujaklap düşürdik...

...Çölde itler bir tarapa üýrüp topulsalar, köne endik boýunça Akbaýam, Akja-da deňine ylgaýar eken. Bu görnüşe gyrkymçylar gülüşse, çopan gaharlanyp: «Bu bir meýdançylyk, itiň bilen geçiň deňine ylgaşyp, beýleki itlerem aljyradýar. «Meýdan it” geläýse, geçiň öz aýagy bilen baryp, elin aw bolar” diýip oba ugradypdyr. Şondan bäri obadaky çekenä goşulyp, örä gidip- -gelýän owlakdyr güjük dört ýaşly Şadidar jigim aýtmyşlaýyn, «Bir-ä ene geçi, birem kaka köpek bolansoňam” dostluga wepalylygyň nusgasy boldular...

...Oba durmuşyndaky çagalygymda bolup geçen bu waka häzirlerem ýadyma düşse «Haýwanlarda-da öwrenäýmeli, halaýmaly syrly häsiýetler bar» diýip pikire çümenimi duýman galýaryn.

Ogultäç ANNAÝEWA,
Baýramaly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 01.02.2024

Tmpedagog