27.01.2024 Döredijilik124 .

Şygryýet bossany


DOSTLUK HAKYNDA

Dost ýanynda göwnüň hoşdur özüňden,
Ornuňda dur, özge ornuň tutmaz-a.
Çyn ýürekdeş dostuň bolsa yzyňdan
Duşman näçe ýüwürse-de ýetmez-ä.

Dosta wepamyz bar, algy-bergi ýok,
Sylag bar, hormat bar, dert ýok, görgi ýok,
Gam-gussany deň paýlaşmaň aýby ýok,
Allam deň etmese, duşam etmez-ä.

Dost garramaz, göwre kiçelibersin,
Garramarsyň senem, gün geçibersin,
Dostluk mährin näçe eçilibilseň
Ýürek ýygyrt, maňlaý gasyn atmaz-a.

Dost küýseler ýaş bir çene ýetensoň,
Göwnüm galkar, täze bir dost tutunsam,
Çünki dostlar bir-birinden utulmaz,
Çünki dostlar bir-birini utmaz-a.

Dostlugmyzy kinelerden ýokary
tutup, bile kämillige çykaly.
Dost dost bolsa özi gyra çekilip,
Seni hasrat girdabyna atmaz-a.


BOLAR

Enä mähriň köräp dursa,
Ýoluň gülli bossan bolar.
Eginleşip gadam ursaň,
Ataň ezber ussaň bolar.

Hak hoş ykbal hödürlese,
Sygyn dana pederlere,
Ruhubelent, edermene
Hak ýoly müwessa bolar.

Ýagşy sözle, bolgun lukman,
Ýaşa kişi göwnün ýykman,
Halallykdan iýen lukmaň
Lezzeti on esse bolar.


GÖWNÜM

Bu şowhunly durmuşda
Bolgun nowaýy, göwnüm.
«Çöp bar» diýme kişmişde,
Içeňde çaýy, göwnüm.

Gümra bolma endişä,
Gyzma altyn-kümüşe,
Saýgaraly hemişe
Hordany, saýy, göwnüm.

Sowuk bolma, ýyljak bol,
Il gadryny biljek bol,
Başarjak bol, boljak bol
Hatamyň taýy, göwnüm.

Sözüň bolsun agramly,
Diý ýetirip ýugrumny,
Märekede ýaramly,
Bolgun sypaýy, göwnüm.

Sözläňde uly sözläp,
Gezme ýeňil ýol gözläp,
Kynçylykda ejizläp,
Etme «waý-waýy», göwnüm.

Ýalan töhmet ýakmasyn,
Dost kineli bakmasyn,
Delil getir, çykmasyn
Sözüň howaýy, göwnüm.

Il deňi köpe gelgin,
Ýöne ornuňy bilgin,
Ýumruk düşse-de algyn,
Ýetýänje paýy, göwnüm.

Allaberdi PAŞŞYKOW,
Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 27.01.2024

Tmpedagog