25.01.2024 Döredijilik137 .

Körpelere okap beriň!


Gijeki ýyldyrym

Ele alyp çyrasyny,
Gykylyklap ýatman ýör ol.
Ýa-da ýagşa galansoň,
Öýlerini tapman ýör ol?!


Uçar

Seretdim, görsem gökden,
Uçup barýan guş ýaly.
Gidýäň bir ýurtdan başga,
Nädip tapýarsyň ýoly?!


Çyra

Öçüreňde akja reňkde,
Öçürmän goýsaň sarydyr.
Oň bar ýeri elmydama,
Aý aýdyň gije ýalydyr.

Görnüşi köp, ýumruk ýaly,
Kiçem bolsa güýçlüje, zor.
Durmuşda gündelik gerek,
Onuň mydam peýdasy bar.


Sygyr

Gölejigi bar ýanynda,
Satyn alan sygrymyzyň.
Gölejigi urbalyk oň,
Bökjekläp ýör, hanha görüň.

Sygrymyzy sagjak bolduk,
Ýanyna-da indermedi.
Emdirse-de gölejigin,
Urunyp dur, iýdirmedi.

«Güleş» diýip gördi ejem,
«Güneş» diýip sypap gördi.
Şonda-da ol sagdyrmany,
Ikiýana özün urdy.

«Malym» diýip aýdyp gördi,
«Aýym» diýip aýdyp gördi.
«Janym» diýip aýdyp gördi,
Şonda-da asla durmady.

Birden ejem «Maýa» diýip,
Ony söýgülän mahaly.
Sygyr sakga duruberdi,
Gaçdymyka ýa gahary?!

Onçasyn-a bilmedik biz,
Ýöne bildik birje zady.
Satyn alan sygrymyzyň,
Maýa eken aýtsam ady.


Ýaltanyň sözi

Içdim, iýdim,
Iş etmedim.
Ýatdym, turdum,
Hiç etmedim.

Gyşarypjyk,
Ýatyp iýdim.
Gara dere,
Batyp iýdim.

Näme tapsam,
Goýmadym men.
Ýaş öküzçä,
Meňzedim men.

Iýenlerim,
Siňdi öýdýän.
Deň-duşlarym,
Gördi öýdýän.

Soň ýerimden,
Galyp bilmän.
Öz-özümi,
Alyp bilmän.

Oturdym men,
Garantga dek.
Ajygamok,
Garnym-a dok.

Ýok, bu bolşum,
Gaty erbet.
Garyn, göwre,
Gitdi, seret!

Azdan iýip,
Hor bolaýyn.
Öňkim ýaly,
Zor bolaýyn.

Diýip birden,
Pikir etdim.
Azdan iýip,
Şükür etdim.

Soňra her gün,
Ylgap geldim.
Işläp, golum,
Çyzgap geldim.

Işledim hem,
Maşk etdim men.
Öz bolşuma,
Yşk etdim men.

Çekildi soň,
Az-kem göwräm.
Sebäp ýeňil,
Gopýan, duýýan.

Işlemek maşk,
Ýaly eken.
Sagdynlygyň,
Ýoly eken.

Allanazar Aýnazarow,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 25.01.2024

Tmpedagog