17.01.2024 Döredijilik235 .

EJEM ÝANYMDA


EJEM ÝANYMDA

Gaýgy-gussaň labyrynda galmazdym,
Eger bolan bolsa, ejem ýanymda.
Mähir isläp boýnum buruk bolmazdym,
Eger bolan bolsa, ejem ýanymda.

Gözlerimden aňyp duýardy halym,
Ýagşy dilegleri arçardy ýolum,
Ýalňyz galdyrmazdy azajyk salym,
Eger bolan bolsa, ejem ýanymda.

Söýgüden ganaty daşymda gorag,
Mylaýym sözleri göwnüme direg,
Ýagmazdy depämden çabga deý sorag,
Eger bolan bolsa, ejem ýanymda.

Ruhum rahatlanyp aram tapardy,
Içerki dünýämde şatlyk gopardy,
Başym sypap, maňlaýymdan öperdi,
Eger bolan bolsa, ejem ýanymda.

Gara gözlerimiň nurudyr käbäm,
Derdime melhemdir, däridir käbäm,
Umydymy berýän şükürim, tobam,
Bu gün bolmasa-da, ejem ýanymda,
Söýgim ýaşar jigerimde-janymda.


YNJYTMAJAK BOLALYŇ!

Birje tiken batsa bedene eger,
Käbäňe yzasy müň bolup deger,
Gojaman Zeminde Perişde meger,
Eneleri ynjytmajak bolalyň,
Söýgi bilen daşyn gurşap alalyň!

Ene söýgülese ünjüler ýiter,
Süýjülikli duýgy süňňüňi tutar,
Ýürek suwlujadyr, hiç ýokdur heder,
Eneleri ynjytmajak bolalyň,
Söýgi bilen daşyn gurşap alalyň!

Mähir-muhabbeti dagy syndyrar,
Köňül içre teşneligi gandyrar,
Ýaşaýyşy gülzarlyga dönderer,
Eneleri ynjytmajak bolalyň,
Söýgi bilen daşyn gurşap alalyň!

Başa täç edeliň, edeliň togap,
Borjumyzy duýup gazanyp sogap.
Eneli sowala ýeke-täk jogap:
— Eneleri ynjytmajak bolalyň,
Söýgi bilen daşyn gurşap alalyň!


KÄBÄM HAKDA

Käbäm sen hakynda ýazaýyn şygyr,
Ýürek arzuwlarym beýan etmäge.
Rahatlyk tapamok görmesem eger,
Juda howlukýaryn saňa ýetmäge.

Synlap mährem keşbi ynjalyp göwün,
Gözüm ýaşa dolýar şatlykdan ýaňa.
Meni bu jahanda ýaşadyp ýören,
Diýýän: «Eziz käbäm, barlygyň diňe!»

Arzuwlaryň arzuwymdyr jan käbäm,
Dolduryp ýörensiň ojagym-öýüm.
Gijeler-gündizler dilegim-dogam,
Balalarňa guwanyp gez ylaýym.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 17.01.2024

Tmpedagog