13.01.2024 Döredijilik159 .

Ilkinji gar (hekaýa)


Gyş düşüp, howa sowap ugrady. Myratjygyň kakasy oňa ap-akja ellik alyp berdi. Kakasynyň bu sowgadyna Myratjyk diýseň begendi. Täze elligini dessine dostlaryna görkezmek üçin daşary ylgady.

Myratjygyň dostlary onuň ap-akja elligini görüp, haýran galdylar. Ellik şeýle tämizdi, şeýle nepisdi.

—Nesip bolsa, gar ýagar, ana, şonda ap-akja elligim bilen baý, gar oýnaryn-a—diýip, Myratjyk dostlarynyň ýanynda begenjini aýtdy.

Birdenem günbatardan şemal öwsüp başlady. Myratjygyň ejesi ogluna öýe ýygnanmagyny tabşyrdy. Emma Myratjyk elligini başga-da dostlaryna görkezip, magtanmakçydy. Şonuň üçinem ol ejesiniň aýdanlaryna gulak asmady.

—Ýene biraz wagtdan gelerin—diýip, goňşy köçede ýaşaýan dostlarynyňka ylgady.

Şemal bolsa barha güýçlenýärdi. Myratjyk ejesine gulak asmanyna ökündi. Şindem bolsa öýe ýygnanmagyň zerurdygyna düşünip, yzyna dolandy. Öýüne ýetiberende nireden bir ýerlerden peýda bolan tüweleý Myratjygyň elligini ýokarlaryk alyp gidiberdi.

—Elligim, elligim—diýip, Myratjyk harasadyň al-asmana uçuryp alyp barýan elligine seredip durşuna şumjardy.

—Elligiňi harasat ýatansoň, tapyp alarys. Gir öýe çaltrak—diýip, Myratjygyň ejesi ogluny gyssady.

Myratjyk ejesiniň diýenini bu gezek iki gaýtalatmady. Tiz öýe girdi. Harasat welin, wagty bilen ýatmady. Harasadyň yzyndan bulut gelip, gar sepeläp başlady. Gar goýar ýerde goýmady. Şeýle bir köp ýagdy, şeýle bir köp ýagdy. Gyşyň ilkinji gary tebigaty ak dona büredi.

—Harasad-a ýatdy. Elligimi gözlesem bolarmy?—diýip, Myratjyk ejesine ýüzlendi.

—Harasat ýatsa-da, ak dona bürenen garda ap-akja elligiňi tapyp biläýermikäň?!—diýip, Myratjygyň kakasy loh-loh güldi. —Elligiňi Gün çykyp, garlar erände tapaýmasaň.

—Indi men ap-akja elligim bilen gar oýnap bilmerinmi?—diýip, Myratjyk naýynjar gürledi.

—Gynanma, oglum, kakaň saňa ertir täzesini getirýänçä geçen ýylky elligiňi geýäýersiň-dä. Ýöne indikile harasat turan dessine, meň diýenimi etdejik, öýüňe ýygnan, bolýamy?

—Bolýa, eje.

—«Ulynyň diýenini etmedik uwlar» diýen söze indi düşündiň gerek?—diýip, kakasy oglunyň başyny sypady.

—Hawa, kaka. Düşündim.

Oguljemal JUMAŞOWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň müdiri.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 10.01.2024

Tmpedagog