06.01.2024 Döredijilik148 .

Pyragyň diwanyn eliňe alyp


Müşgil işe, sowallara jogap tap,
Pyragyň diwanyn eliňe alyp.
Pendine uý, ykbalyňdan sogap tap,
Pyragyň diwanyn eliňe alyp.

Şasydyr şygrystan diýlen mekanyň,
Altyn-zerdir her setirde okanyň,
Yzarla bir ömür egren-dokanyň,
Pyragyň diwanyn eliňe alyp.

Bu bir uly meýlis, irden gaýtmagyn,
Sylanyp çagyrlan törden gaýtmagyn,
Bir biçäre kibi bärden gaýtmagyn,
Pyragyň diwanyn eliňe alyp.

Haýp bolmaz ýaly uzak ýaşlara,
Gitmän çöl-beýewan, daga-u-daşlara,
Men sowuldym, senem çekil hoş ýere,
Pyragyň diwanyn eliňe alyp.

* * *

Owal dünýä inip, ulaldyksaýy,
Ynsana sebäp kän pikir edere.
Ýyllar geçip, akly goýaldyksaýy,
Ynsana sebäp kän pikir edere.

Gezseň bu dünýäde oýun-baz bilen,
Ömrüň her paslynda aýdym-saz bilen.
Danalaryň söhbedinde az bolan
Ynsana sebäp kän pikir edere.

Ahyr hoşlugyndan hoş bolup bilmän,
Köplenç dogry ýola goşulyp bilmän,
Dünýä däl, özüne düşünip bilmän,
Ynsana sebäp kän pikir edere.


Perzendime

Söý, güli, baglary, şirin sazy söý,
Söý, saýrak guşlaryň nagmasyn, ogul!
Gyşy, tomsy hemem güýzi, ýazy söý,
Keramat bil ýazlaň çagbasyn, ogul!

Il-gündäki kadalara hemra bol,
Kümsüge däl, sadalara hemra bol,
Ömür çäkli, çäksiz işe gümra bol,
Biweçlik kalbyňa sygmasyn, ogul!

Seň manyly ömrüň — meniň myradym,
Bolar şat günleriň, gamyň, perýadyň,
Terbiýe bermegi başar, zürýadyň
Näletkerde bolup dogmasyn, ogul!

Gowzamasyn umyt goruň ertire,
Wagtyň bolsun dostuň aýbyn örtere,
Iň bolmanda kesewini dürt ýere,
Ýygnaňda baglaryň miwesin, ogul!

Daşda duraý diýseň gussa, ünjüden,
Galatlyga orun berme hünji deý.
Käte ähli zady undup, dynjyň al —
Diňle Göroglyňam namasyn, ogul!

Ýüregimde saňa bolan dözüm ýok,
Çünki senden özge görer gözüm ýok,
Saňa uzyn dileg, artyk sözüm ýok —
Ýedi arkaň ýere degmesin, ogul!

Aşyrguly TÄÇKULYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
41-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Esger" gazeti, 04.01.2024

Tmpedagog