06.01.2024 Döredijilik113 .

Gije


Gije bilen söhbet edesim geldi,
Asmanam şu wagt ýyldyzlara baý.
Edil düýnem orak ýaly egridi,
Bu gün bolsa çörek deýin dolan Aý.

Bir ýerden eşdilýär aýdymyň sesi,
Iň soňky perdeden gygyrýar bagşy.
Gijäň ümsümligin böwsüp alysdan,
Owazy janyňa ýaraýar ýagşy.

Gatnawy ýok garly köçeleriňem,
Bu tümlük her kimi ýygnapdyr öýne.
Otyryn gijeki durmuşy synlap,
Şundan zyýat hiç zat gelmeýär küýme.

Ukudan galanma ökünmedim men,
Pikirler kofämi sowadan eken.
Gözellikler diňe gündizine däl,
Gijelerem şeýle owadan eken.

Hemra DURDYÝEW,
Ak bugdaý etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 05.01.2024

Tmpedagog