31.12.2023 Döredijilik96 .

TÄZE ÝYL


Täze ýylda hoş arzuwlar aýdylyp,
Süýji sözler joşup çyksyn gursakdan,
2024 – dur bosagamyzda,
Gutlaň bir-biregi hut şu pursatda!

Ak garly gyşlarda aklyga dolup,
Goý täze ýyl ykballara nur saçsyn!
Her ädimler arzuwlara ýetirip,
Her günümiz bagtyýarlykda geçsin!

Gel täze ýyl, rysgal-döwletiň bilen,
Ýurdumyzda toýlaň seresi bolup!
Öýlere gadamyň düşümli bolsun,
Joşgunly ömürleň bezegi bolup!

Arzuwyna ýetsin maksat tutanlar,
Her bir ynsan myradyna gowuşsyn!
Täze ýylda aşyklar öz bagtyna,
Söýülýän ýürekler ýaryna duşsun!

Gel täze ýyl her ojagyň töründe,
Soňlanmajak gülki bolup ýaňlan sen!
Bu gün 2024-nji ýylyň şanyna,
Arzuwlaryň iň gowusy diňlensin!


Täze ýyl

Hemmeleri arzylap,
Taýsyz bagty arzuwlap,
Ýollara sepip gülap,
Hoş geldiň sen, Täze ýyl.

Dünýäň gapysyn açyp,
Şatlyk-şerbetin içip,
On iki aý ýollar geçip,
Hoş geldiň sen, Täze ýyl.

Kakyp günleň jaňyny,
Garşylap ak daňyny,
Buşlap bagtyň ýaňyny,
Hoş geldiň sen, Täze ýyl.

Arzuwlar gujak-gujak,
Giňden ýazyldy saçak,
Bize garaşýar geljek,
Hoş geldiň sen, Täze ýyl!

Gyş günleri ýaz bolup,
Arzuwlara ýar bolup,
Ajaýyp owaz bolup,
Hoş geldiň sen, Täze ýyl.

Gül berip göwnümize,
Şan berip döwrümize,
Nur saçyp ömrümize,
Hoş geldiň sen, Täze ýyl.

Toý donuna bürenip,
Arzuwlara bezenip,
Garşylalyň begenip,
Hoş geldiň sen, Täze ýyl

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän
umumybilim berýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy.



Tmpedagog