30.12.2023 Döredijilik94 .

Aýaz we ene ýüregi (Hekaýa)


Her ýyl ak ýapynjasyny ýapynyp gyş pasly gelende, çagalyk ýatlamalarynyň içine aralaşanymy duýman galýan. Ak garly gyşyň aýazly howasy mährem ene ýüreginiň yssysy bilen baglanyşykly wakany ýadyma salýar...

Orta mekdebiň başlangyç synplarynda okap ýören döwürlerimiz, gyşky dynç alyşda ejem bilen mamamlara gitdik. Halys aýak diräp duramsoň, dözen däldir-dä, birki günden yzyna gaýdan ejem meniň dynç alşyň ahyryna çenli mamamlarda galmagyma razylyk berdi. Hezil edip dynç alyp ýöremsoň, wagtyň nähili geçeninem bilmändirin. Howa-da edil ýazyň güni ýaly boldy-da, tas bar wagtymy daşarda, deň-duşlarym bilen oýnap geçirdim. Edil birki günden okuw başlanýar diýlende, patlap gar düşdi oturyberdi.

«Bu gidişine gitse, ertire çenli hasam sowar, gowusy özümjik eltip geläýeýin» diýip, mamam meniň bilen bile gaýtdy. Obamyza gönüläp awtobus bolmansoň, gabat gelen ulagda uly ýola çenli gaýtdyk. Ondan aňrygam gatnawsyz-a bolanok welin, şol gün howanyň ýagdaýy sebäpli wagty bilen ulag görünmedi. Mamam: «Beýdip dursak, hasam üşäris, gowusy ýol aşaly» diýdi. Onsoň obamyza tarap gidýän ýoly ýuwaş-ýuwaş külterläp ugradyk. Hakykatdan-da, özüňem ulagly bolsaň, bu doňaklykda ýola çykar ýaly däldi. Şonda-da biz wagtal-wagtal säginip, tamakin nazarymyzy yza dikip, birsalym durýardyk. Ýüzüňi ýalazy şemala tutup ýöräp baranyňdan, ýygrylypjyk dursaň biraz ýylyrak bolýan ýalydy. Şonuň üçinem mamamyň: «Bol, durmaly, balam, ýogsam gaty üşäris» diýen sözleri diýseň ýokuş degýärdi. Ýüzümi büräp barşyma:

— Gaýtam, ýöresek üşeýän-ä, mama, dursak ýylanýan-a — diýip, şol aralykda jedirdejegem bolýan. Mamam welin: «Wah, ol göwnüňedir, dünýäm, aýazyň müň oýnunyň biridir ol. Ýylanýan ýalysyň, aslynda welin tersinedir. Bular ýalyda hereketden gowusy bolmaz. Hana, oba-da golaýlady» diýip, meni alada edýänini bildirmejek bolýar. Şeýdip eslije ýöränimizden soň, öňde, ap-ak gözýetimde bir gara nokat göründi. Kem-kemdenem ulaldy. Has golaýlansoňam awtoulaga öwrüldi. Hamana, onuň biziň yzymyzdan gelýänine gözümiz ýetip duran ýaly, ýöremämizem goýup, ulagyň gelýän tarapyna seredip duruberdik. Deňimizde saklanan ulagdan kakamyň çykanyny görüp, möňňürip aglap goýberipdirin. Ol bolsa sesini çykarman, meni gujagyna göterdi-de, ulaga alyp gitdi. Mamamyň ulaga nähili gireninem, nädip öýe gelenimizem bilemok. Aýtmaklaryna görä, kakamyň gujagyna girenimden uklap galypdyryn. Mamam: «Bu sowukda uklatmaweri» diýensoň, kakam meni oýarypdyr, ýöne ol zatlaram kän bir bilemok. Mamamy bolsa şol günüň öýläni howa gowulaşansoň, kakam öýlerine eltip gelipdir.

Men şol günki wakalary gürrüň berip oturyşyma ejemden: «Uly adamlar sowukda üşänoklarm-aý, eje?» diýip soranym ýadyma düşýär. Ejem: «Üşeýär» diýip jogap berende: «Onda-da mamam-a üşänok ekeni» diýip, ynam bilen aýdypdym. Şonda ejem şeýleräk bir wakany gürrüň beripdi.

Ir wagtlar, aýazly günleriň birinde, zerurlyk ýüze çykyp, mamam dagy uzak ýola gitmeli bolupdyrlar. Ulaglaram arabamyşyn. Mamam bilen ýene bir gelniň elinde bäbejigem barmyşyn-da, ikisem gitdigiçe haldan düşüp barýarmyşyn. Arabanyň üstünde bäbeklerini bagyrlaryna basyp oturyşlaryna, soňabaka bularyň gürrüň etmelerem galypdyr. Muny gören arabakeş gaty aladalanypdyr. Ol mamam dagynyň ellerinden bäbeklerini alyp, beýleki oturanlara beripdir-de, olary arabadan düşüripdir. Soňam arabany sürüp gidiberipdir. Birbada äm-säm bolup duransoň, bäbekleriniň alnyp gidilendigi aňyna ýeten gelinler, sowugy, ysgynsyzlygy unudyp, arabanyň yzyndan ylgapdyrlar. Esli ylgansoňlar ýoluň gyrasynda duran araba gözleri düşüpdir. Olara bäbeklerini berip, öňküje ýerlerinde oturdypdyrlar. Arabakeş aňk-taňk bolup oturan gelinlere seredip ýylgyrypdyr-da: «Gelinler, aýyplaşmaweriň, şeýtmesem, sizi oba aşyryp bilmen öýdüp gorkdum. Enelik duýgyňyza bil baglaýmasam, başga güýjüň size beýle hereketleri etdirip bilmejegine gözüm ýetip duransoň, tapanja çykalgam şu boldy» diýipdir. Çagalarynyň yzynda esli aralygy ylgap geçensoňlar, ganlary aýlanyp, mazaly ýylanan gelinler oba sag-aman barypdyrlar. Şol gezegem mamamy aýazly howada üşetmedik güýç meni, öz aýdyşy ýaly, «balajygynyň balajygyny» alada edip, öz aladasyny unutdyran enelik duýgusy ekeni.

Her gezek, ak garly gyşyň aýazly howasy meniň ýadyma mährem ene ýüreginiň yssysy bilen baglanyşykly wakany salýar...

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 29.12.2023

Tmpedagog