27.12.2023 Döredijilik75 .

Täze ýyl nagmalary


Mähriban Diýaryma,
Joşup gelýär Täze ýyl.
Ylhamly köňüllere,
Nurun paýlar Täze ýyl.

Täze ýylyň şanyna,
Küşt depip, gazal aýdýas.
Ilimiň ajap döwrün,
Joşup-joşup wasp edýäs.

Mähriban ýaşlarymyz,
Täze ýyl gutly bolsun!
Ajaýyp ak ýollarda,
Gadamňyz batly bolsun!

Beýik dana Pyragy,
Gel, Diýara seýrana!
Ýurdumyň jemalyna,
Dünýä galýar haýrana!

Türkmenistan Watanym,
Asuda hem abadan.
Täze ýyl baýramymyz,
Nurana we owadan.

Çerkez ESENOW,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
3-nji orta mekdebiň mugallymy.
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.12.2023

Tmpedagog