23.12.2023 Döredijilik99 .

«Aýlana-aýlana aýlar ýyl bolar» (Durmuş we biz)


Gar gatyşykly çisňeýän ýagyş ýeri mazalyja ölläpdir. «Gulagyňy kesip barýar» diýilýän sowuk, ahmal galsaň, aljyratjagam. Indi ençeme ýyldyr gar-ýagyş, tomus-gyş diýmän daň atary öýden çykyşyma Günüň ýaşary yzyma dolanýan. Uzyn günüm mekdepde çagalaryň arasynda geçýär. Bütin ömre öwrenenleriňi, bilýänleriňi geljek nesle goýup gitmekden uly bagt ýokmuka diýýän. Eýsem, muny haçan duýýan? Her säher okuwçylarymyň: «Salam, mugallym!» diýip öňümden çykmalary başymy göge ýetirýär.

Mekdebiň derwezesine ýetmek üçin ädimlerimi ýygjamladyp barşyma, her ýerde birlän-ikilän ir gelen okuwçylarda ünsüm eglenýär. Täze ýyl jadysynyň hiç kesden, hiç ýerden sowa geçmeýänligi töwerege sessizje syn salyberseň, bildirýär. Zerli penjireler uly umytlaryň hemişe-de ilkinji basgançagydy. Täze ýyl umydyň baýramy dälmi? Bezegler, haçan-da arzuwyň gelende, ony şeýdip garşylajakdygyňy aňlatmaýarmy? Şol penjirelerde galan kindiwanja el yzlar, gör, näçekä? Näçenji bezelişikä bu synplaryň? Epeý-epeý adam edip ugradan okuwçylary bilim alan ojaklaryny, heý, bir ýatlaýarlarmyka? Ähli zat ýyllar bilen özgerse-de, ýyllaryň içindäki ýaşalan duýgular welin özgerip biläýmezmikä diýýän. Täze ýyl golaýlasa, köplenç, şu oýlara berilýän.

Barsam, mugallymlar otagyna üýşen kärdeşlerim ýyllaryň hökümi, ýaşyňa ýaş goşuşy barada pikir alşyp oturan ekenler. Üç-dört ýyl mundan öňki suratlary görüp: «Şol wagtam ýaş ekenim» diýýäni haýsy, çal saçly bolanlaryna hyrçlaryny dişleýänleri haýsy, garaz, dilsiz-agyzsyz, demsiz-dynçsyz aýlanýan wagtyň öňündäki alaçsyzlyklary hakda, ýarym sagadam bolsa, iç döküşdiler. Hawa, aý-günüň salymy ýok. Şahyryň aýdyşy ýaly, aý-ýyllardan öňe düşüp, ozanam ýok.

Ýyl çalyşsa ýa-ha çagalykdan galan, ýa-da mekdepde çagalardan geçýän duýgy bolmaly, uly bol, kiçi bol, ýüregiň atygsap, içine şatlyk doluberýär. Dükanlary dolduryp duran sowgatlyklardyr süýjülikleri göreniňde keýpiň göterilip, ýaşaýyş öňküsindenem beter süýjäberýär. «Aýlana-aýlana aýlar ýyl bolýan» bolsa, ýyllar jemlene-jemlene ömür bolýar. Muny nämeden diýýän? Bir döwür «ýaş mugallym» diýlip tanalýan kişileriň akyp barýan aý-günler bilen ýaşuly mugallymlara öwrülişlerinden diýýän.

Dekabryň sowugyna digdireşýän baglar penjiräniň öňünde iki ýana yranyşyp, birden-ä tans edýäne, birdenem «wah-wahlap» baş ýaýkaýana meňzeýärler. «Täze ýylyň şat toýy» ýetip gelýärkä, arzuwlar hasyl boljak-boljagyň üstündekä, yşyklar göz gyrpyp, ak ertirlere wada berýärkä, ýyl nämemiş. Onuň bizden diňe ýaşlygymyzy alyp gidenligini göräýmeli? Beren, berjek, alyp geljek gowulyklarynyň nämedigi kime mälim? Baglaram şoňa begenip tans edýändirler. Onda näme, «aýlary alkyşlap, ýyla gideliň!». 2024-nji Täze ýyla!

Tawus MEDEDOWA,
Bäherden etrabyndaky A.Atdanow adyndaky
1-nji orta mekdebiň okuw işleri boýunça orunbasary.

"Nesil" gazeti, 23.12.2023

Tmpedagog