13.01.2023 Döredijilik113 .

Ýylyň şygary


Arzuwlarmyz ak bagtymyz buşlady,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Ýylmyz şanly şygar bilen başlady:
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar».

Kalba ylham berdi ýylyň bu ady,
Dillerimiz joşgun bilen taraşlar.
Ol buýsanjyň hem ynamyň ykrary:
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar».

Belentdir, güýçlüdir ynam diýlen zat,
Ony ödänleri il-gün alkyşlar.
Yhlasyňyz bilen tapyň siz myrat,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.

Päk niýetden doly juwan göwünler,
Ganat baglan hyýal menzil gulaçlar.
Watanmyzy ösdürerler, söýerler,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.

Täzegül Japarowa.
“Balkan” gazeti, 2023- nji ýylyň 12-nji ýanwary.

Tmpedagog