14.12.2023 Döredijilik69 .

Pirim


Öň zamanda adamlar akar suwy, süýji suwly guýulary penalap, ýurt tutunypdyr. Suw çäkli bolansoň, oba ilaty gür bolman, obalar biri-birinden belli bir daşlykda ýerleşipdir. Obalaryň gyrasynda beýik depe galdyrypdyrlar, her hojalyk özüne ýetýän paýy-daşy, gumy şol ýana çekipdir.

Depäniň eýlesi-beýlesi hasaplanyp, ýel-ýagmyra süýşüp, çöküp, ýa tozap gitmän, durdugyça berkär ýaly tilsimler ulanylypdyr. Şeýdilip, bu depelere uly ähmiýet berlipdir, goňşy obalara habar ýetirmek üçin olaryň üstünde tüsseli ot ýakypdyrlar. Ýandagyň ak tüssesi toýa, at çapdyryp, bagşy diňlemäge çagyrsa, garagyň gara tüssesi ýagy çozandygynyň howsalasy, bölek-bölek goýberilen tüsseler bolsa ýene bir habary aňladypdyr.

Ýagy çozyp, “atlanha-atlan” bolnanda, türkmen ýigitleri ýerbe-ýer söweş esbaplarynda atyna towsup münüp, sähel salymda bellenilen ýere ýygnanypdyrlar.

Günler şeýle kada-da aýlanyp durka, bir obanyň alkymynda ýagy peýda bolupdyr. Adatça, gündizlerine adamlar iş-alada gider ekenler. Adam azlygyny bilen duşman baştutany diýeni bolmasa, ekinleri basgylap, mallary sürüp äkitjegini duýdurypdyr. Ýygnansalar-da, oba adamlary birbada belli bir karara gelip bilmändirler, näme aýdylsa-da, bir ýany çyg ýaly görnüpdir.

Ahyry ýaşulularyň biri, duşman näçe gyssasa-da olar bilen gepleşik geçirmegi gurnap, bir-de ylalaşyp, bir-de ylalaşman, wagt utmagy, oňa çenli bolsa depeden galýan tüssä gaýtjak kömegiň gelip ýetişmeginiň ahmaldygyny aýdypdyr. Ýygnananlar bu pikir bilen ylalaşyp, gepleşik geçirip, wagty yza çekipdirler, şol arada gelip ýetişen atly ýigitler bolsa duşmany iki tarapdan gysyp, gabap, aljyradyp, aman dilemäge mejbur edipdirler.

Şeýdip, döwrüň özboluşly aragatnaşyk serişdesi bolan tüsse möhüm habaryň wagtynda ýetmegini üpjün edipdir we oba halas edilipdir.

Nurmyrat ATAÝEW.
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 14.12.2023

Tmpedagog