08.12.2023 Döredijilik133 .

Bu ýerlerde Pyragynyň yzy bar


Türkmen tebigaty, türkmeniň pasyllary biri-birinden gözel, owadan, üýtgeşik. Gadymy Jeýhunyň kenarynda seýle çykanymyzda «Behişti uzaklardan gözlemeli däl» diýip seslenenimi eşiden dostlarym Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusyny okap başladylar:

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül gunçasy gara gözümiň garasy,
Gara dagdan iner sili Türkmeniň.

Al –ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg töre aksakal –ýurduň eýsi,
Küren tutar gözel ili Türkmeniň.

Biziň ähli gürrüňlerimiz beýik akyldaryň durmuşy, şygyrlary hakyndaky söhbede sepleşdi. Bilelikde gelen kararymyz bolsa Pyragynyň gadam basan ýeri Idris baba medresesine gitmek boldy. Jeýhunyň kenarynda tebigatyň gözelliklerini synlap gidişimize hyýalyma dolan pikirler şahyr bolmasaň hem şahyra öwürjekdi. Türkmen topragynyň gözelliklerini söz bilen beýan edip boljak däl. Guşlaryň jürküldüsi bilen mylaýym şemalynyň sesleri birleşip, nusgawy sazlary ýadyňa salýardy. Şol ýakymly owazlara Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okamak ruhy lezzetl eçilmek eçilýärdi .

Ine-de, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň okan Idris baba medresesiniň howlusy, asyrlar aşyp gelen goja tut, başy asmana direýän medresäniň binasy. Mahlasy, bularyň ählisi «Pyragynyň yzyny yzlap geldiňmi?» diýýän ýaly. Megerem, bularda dil bolan bolsady, men olar bilen dana atamyzyň bu topraga gadam basyşy, onuň şygyrlaryny okaýyşy , keramatly Idris babanyň sapaklary barada sözleşerdim. Gadymy medrese bu ýerlerde iki-üç asyr mundan öň öz döwründe beýik ägirtleri okadypdyr.

Beýik şahyrym, sen bu ýere geleniňde-de tebigat iňňän gözel bolandyr. Belki-de, şahyrym, şu ýerlerde ajaýyp şygyrlaryňy döredensiň.

Il-gün sen hakynda rowaýatlaryň ummanyny döredipdir. Olaryň aglabasy-da seniň şu topraga gadam basyşyň, şu behişt ýerelerdäki wakalar hakynda. Meniň bilişime görä, rowaýatlar hem taryhy bolan wakalar esasynda dilden dile geçip döreýär ahyryn. Hyýalymda obamyzyň 100 ýaşy arka atan Şeker eneden eşiden rowaýatym janlandy:

«Beýik akyldar Magtymguly Pyragy Idris baba medresesinde okuwa geleninde köp adamlar bilen dostlaşypdyr. Olaryň arasynda Polat atly adam bilen dostlugy has jebisleşipdir. Bir gün Magtymguly Poladyň öýünde myhmançylykda bolýar. Magtymguly Poladyň öýündäki kitaplary görüp haýranlar galyp: «Sende dünýä baýlygy bar eken-ä» diýýär.

― Bu kitaplary okara ne wagt bar, ne-de pursat, kiçikäk molla gatnap okamagy-da, ýazmagy-da öwrendim, ýöne meniňki demir ussaçylyg-da, Magtymguly. «Zer gadyryn zergär biler» diýlişi ýaly, Magtymguly, men saňa uly bolmadyk bir syry açaýyn. Meniň bir parasatly, paýhasly bir ussat halypam bardy. Hywada, Buharada oglan okadýarmyş. Ine, şol bir gezek gelende bir kitap goýdy, ýöne kitaba hiç kim el degirmesin, diňe ýedi ädim bärsiden seredende okamaga mynasyp bolsa kitabyň özi açylar-da, bir yşarat görkezer diýdi. Şol kitaby senem bir görseň.

Otagyň gapysy açylyp-açylmanka, Poladyň ýüzi duw ak bolýar. Içeri girýärler welin, hamala «Al, meni oka!» diýýän ýaly kitabyň sahaplary şeýle bir ses edýärmiş.

― Ine, munuň hak eýesi sen bolmaly ― diýip , Polat kitaby aljak bolsa kitap duran ýerinden aýrylanokmyş. ― Bäh bu ne bir gudrat, Magtymguly, özüň almasaň bize başartmaýar.

Türkmen edebiýatynyň müň öwşgünli almaz täji , beýik akyldar şahyry Magtymguly Atamyzyň şygyrýet älemine aralaşdygymça, durmuşyň ähli meseleleleriniň çözgüdi tapylýar. Beýik Magtymguly Atam seniň her bir setiriňde, her bir bendiňde çuňňur pelsepä ýugrulan baý many-mazmun bar. Şeýle şygyrlary döredip, nesiller üçin nusgalyk Magtymgulyçylyk mekdebini miras galdyrdyň, şahyrym. Ol mekdepden özüne geregini syzyp alan her bir ynsanyň bu durmuşda öz maksat-myradyna ýetjekdigi ikuçsuzdyr. Sebäbi ol mekdepdäki şygyrlar ynsanlary gowulyga, bakylyga, röwşen geljege, ynsanperewrlige, beýik söýgä , hormat-sylaga ruhlandyryp, mynasyp ýaşaýyşa höwesiňi has-da artdyrýar.

Ruhy halypam Pyragy! Seniň:

Köňüller ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn , erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň .

Ýa-da

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy derýaýy Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr , alili-
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz

― diýen setirleriň megerem şu ýerlerde dörän bolsa gerek. Berkarar döwletiň zaryny çekdiň. Il-günüň parahat ýaşaýyşy ugrunda göreşdiň, Pyragym! Bu gün seniň arzuwlan ajap zamanaň geldi. Ilimizde-günümiz bir supranyň başynda agzybirlikde , jebislikde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Bu zamanlary gören bolsadyň Şahyrym….! Beýik Allatagala türkmen ýurduna nazaryny saldy. Il- gün bolup seniň şanyňa toýlar toýlaýarys. Ol toýlarda şygyrlaryň joşup-joşup okalýar, olara döredilen aýdymlar belentden ýaňlanýar, şahyrym. Bu gün seni älem tanaýar. Şygyrlaryň dünýä dillerinde oklaýar. Türkmen topragyna arzuwlan ajap eýýamyň geldi, Pyragym.

Ine-de Magtymguly Pyragynyň okan Idris baba medresesiniň howlusy, asyrlar aşyp gelen goja tut, başy asmana direýän medresäniň binasy. Allanyň nazar salan ýerleri. Çünki, bu ýerlerde Pyragynyň yzy bar.

Serdar ÝAZHANOW,
Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiniň mugallymy



jeyhun.news

Tmpedagog