07.12.2023 Döredijilik189 .

Geliň, sesleri öwreneliň!


Çekimli sesler

Dokuz sany dogan bar,
Aýry-aýry şekilli.
Özlerine mynasyp,
Atlary bar — çekimli.

Sap owazdan düzülýän,
Sesleri bar ýakymly.
Öwrenmeli olary,
Ýazjak bolsaň akylly.


Ýogyn çekimliler

A, o, u, y — ýogyn ses,
Ulanylýar köp ýerde.
Yza süýşýär azajyk,
Dilimiz bu seslerde.

Bardyr ýazuw düzgüni,
Kitaplaryň gatynda.
Öwrenmeseň kadasyn,
Ýalňyşarsyň hatyňda.


Inçe çekimliler

E, ä, i, ö hem-de ü —
Bular inçe seslerdir.
Bu sesleri aýdaňda,
Sesiňem inçeljekdir.

Inçe sesler ýazuwda,
Häli-şindi duşýandyr.
Bulary aýtsaň, diliň,
Az-kem öňe süýşýändir.


Dar çekimliler

I, u, ü, y seslerne,
Diýilýär dar çekimli.
Sapakda-da bu hakda,
Kän aýdylyp geçildi.

Aýdylanda agyzda,
Howaň ýoly daralýar.
Öwrenip goý, mekdebe,
Baran wagtyň soralýar.


Giň çekimliler

Bilip goý, giň çekimli,
A, e, ä, o, ö sesi.
Dilimizde olaryň,
Bardyr ýazuw kadasy.


Aýdylanda bu sesler,
Päsgelsiz geçer ýaly.
Giňelýändir agyzda,
Howanyň geçjek ýoly.


Çekimsiz sesler

Dilimizde bularyň,
Ady çekimsiz sesdir.
Ýeke söz hem düzülmez,
Bilseň, çekimsiz sessiz.

Olar ýigrimi bir sany,
Özleri örän köplük.
Olaryň ses belgisin,
Ozal öwretdi «Harplyk».


Açyk çekimsizler

Haçan-da garyşanda,
Owaz bilen galmagal.
Açyk çekimsiz sesler,
Peýda bolar şol mahal.

B, d, g, j, ž, l, m,
n, ň, r, w, ý hem z.
Açyk çekimsizler hem,
Kän ýerde gerek bize.


Dymyk çekimsizler

Dymyk çekimsiz bular,
Olaň şeýle ady bar.
Söz düzmeli bolanda,
Örän köp yhlasy bar.

Diňe sap galmagaldan,
Emele gelýär olar.
Söz düzmeli bolanda,
Kömege gelýär olar.

Ç, f, h, k, p, s, ş,
t sesleri dymykdyr.
Söz düzmeli bolanda,
Bularam ilgezikdir.


Jemleme

Çekimli ses çekimsiz,
Sesler bilen birleşip.
Düzýändir kän sözleri,
Öz ornunda ýerleşip.

Seslerden söz dörände,
Güýji artar dilimiň.
Şeýdip, olar ösdürer,
Diliň sözlük düzümin.

Şol sözlerde ýaňlanar,
Şygyrdaky bentlerim.
Şeýdip, dünýäň ýüzünde,
Saýrar dili türkmeniň.

Rejepguly AMANGELDIÝEW,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 07.12.2023

Tmpedagog