06.12.2023 Döredijilik62 .

Arzyly gün


Durmuşyň bize eçilýän şatlygy, buýsanjy, üstünligi bir ýa-da iki däl. Men munuň şeýledigine eje bolan günüm has aýdyň göz ýetirdim. Ilkinji perzendimiň jägildäp dünýä inmegi bilen ukudan oýanan ýaly boldum. Ençeme aýlap hut şu pursata garaşan hem bolsam, ýaňy dünýä inen balamyň näzijek sesiniň maňa beýle täsin duýgyny bagyş etjekdigini bilmändim. Ýogsa bala-çaganyň juda süýji bolýandygyny eşide-eşide gelýärdim.

Adam her bir zady öz başyndan geçirmese, aýdylan-diýleni bilen oňa doly düşünip bilmez eken. Şol günden bäri süýji-süýji ukulardan, toý-tomgudan az-kem daşlaşan hem bolsam, dünýäde menden bagtly adam ýok. Körpejämiň sülük ýaly barmajyklary, aglanda kemşerip gidýän dodajyklary, öýde iki ýana ýöresem meni yzarlaýan garaja gözleri meni özüne bendi edip goýupdy. Bu enaýyja perişdejige şeýle bir imrinipdim welin, ol-a ukymy köýdürmek eken, hut öz ýüregim gerek bolsa-da pikirlenmän bermäge taýýar boldum.

Heniz ulugyz döwürlerim ejem jan ukymyň agyrdygyny aýdyp: «Gyz maşgalanyň ukusy ýeňil bolsa gowy, gyzym, geljekde sen eje bolmalysyň, unutmagyn» diýip, maňa sargyt ederdi. Emma eje bolmagym meni şeýle bir duýgur etdi welin, çagamyň aglaýan sesi-hä däl, oýanan wagty dem alşynyň üýtgemegi bilen hem ukudan oýanyp duran boldum. Ozalkylarymdan has dözümsiz, işeňňir, bolandygymy, ýaşaýşa, maşgalama, öýüme höwesimiň artandygyny bilýän indi diňe özüm däldim. Bu özgerişlikleri görüp gaýynenemiň sözlerini köp ýatlaýardym. Ol kimiň gelninden gürrüň çyksa: «Ynha, bäbejigi bolar welin, gül ýaly bolar-da duruberer. Gelin eje bolandan soň başgaça pikirlenýändir» diýerdi. Köpi gören ýaşulularymyzyň barlygy nähili gowy. Olary üns berip diňleseň bar zady aýan edip goýaýýar. Asyl, eje bolmak bilen diňe pikirleniş ukybyň däl, tutuş göwün dünýäň, dünýägaraýşyň, hereketiň, gepiň-sözüň, akyl-paýhasyň özgerýän eken.

Bu gün süýji ukuda meýmiräp ýatan oguljygymyň galpajygyndan sypap oturyşyma: «Perzende eje terbiýe bermeli welin, sen öz ejeňi sözsüzje terbiýeläp bilýän perişdejik ekeniň-ä, balam» diýip ýylgyranymy duýman galýaryn. Men bu gün iň bagtly ene hökmünde, ähli zenanlara eje bolmak bagtynyň miýesser etmegini arzuw edýärin.

Oguldursun RUSTAMOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly
okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
46-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 06.12.2023

Tmpedagog