04.12.2023 Döredijilik98 .

Çägi ýok asyl


Huzuryňa baryp togap etmegi,
Arzuw eýläp gezdim pasylma-pasyl.
Maksadyma ýeten günümden bäri,
Şahyrym, bagtymyň çägi ýok asyl.

Şygryýete bolup mydam wepaly,
Ýeňip geçdiň kyn günleri — jepaly,
Goşgularyň Sumbar kibi sapaly,
Ýagty pikirleriň çägi ýok asyl.

Il-gün üçin bir belent dag, saýadyň,
Ýoksullaryň hal-ahwalyn soradyň,
Öz ýurduňy şygryň bilen goradyň,
Watan söýgüsiniň çägi ýok asyl.

Goý, güllesin şygra baglanan ömrüň,
Biribardan halat — ussatlyk emriň,
Buýsanjy siz beýik, bagtyýar döwrüň,
Onuň bahasynyň çägi ýok asyl.

Goşgularyň okap bagt bagta duşdy,
Hoş habarlar belent daglardan aşdy,
Şahyr göwnüm bu gün ylhamdan joşdy,
Taryp-u-wasplaryň çägi ýok asyl.

Ogulgül ÖRÄÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki
8-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

"Watan" gazeti, 02.12.2023

Tmpedagog