20.11.2023 Döredijilik221 .

Ene — mukaddeslik (Oýlanma)


Ene her bir ynsan üçin mukaddeslik. Ejem pahyr hemişe çagalarynyň ugrunda kökenek bolardy. Şol mahallar meniň hyýalymda: «Bizem eje bolsak, şeýle bolarmykak?» diýen pikir at salardy. Ol, hakykatdanam, şeýle bolýan eken. Indi özümiz eje bolanymyzdan soňra, ene ýüreginiň şeýle bir duýgur bolýandygyna anyk göz ýetirip bilýäris.

Ene — mukaddeslik. Käbämizi hiç bir zada deňäp bolmaýar. Her bir ynsan ak süýt beren mähriban käbesini hiç wagt, hiç haçan ynjytmasyn! Mähriban käbelerimiz biziň kalbymyzda, aňymyzda baky ýaşasyn!

Ejem jan, seniň perzendiňi ösdürip kemala getirmek üçin eden aladalaryň, ukusyz geçiren gijeleriň, bir ýere ugradanyňda intizar garan gözleriň elmydama kalbymda durandyr. Ösdürip kemala getiren gyzyň başga bir maşgalanyň törüni bezemeli bolýar, bu — tebigatyň kanuny. Ýöne her näçe giňlige salynsa-da, ene ýüreginiň bir parçasy elmydama çagasynyň ýanynda bolýar. Bir ýeriň agyrap-ynjasa-da: «Wah, eje jan» diýeniňi duýman galýarsyň. Özüň eje bolsaň hem, ýene-de ejeňi küýseýärsiň.

Türkmen halkynyň görnükli şahyrlarynyň biri Mämmet Seýidowda şeýle setirler bar. Men ol sözleri elmydama içimden gaýtalanymy duýman galýaryn:

«Sözleriň ýagşysyn saýla diýseler,

Böwrümi diňlemän «Ene» diýerdim...».

Hawa, «ene» sözi biziň barymyzyň kalbymyzda hemişelik orun alan. Çünki bu sözde gudrat bar, keramat bar, bu sözde dünýäniň naýbaşy mukaddesligi jemlenen.

Laçyn Gurbanowa,
Gyzylarbat etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
19-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 16.11.2023

Tmpedagog