10.11.2023 Döredijilik123 .

«Iňirdi ýetenok...»


Güýzlük bugdaý ekiljek ýerleriniň çil-çimiriniň, ýap-salmasynyň kem-käs ýerlerini taraşlap ýörüşlerine gün günorta sananda, çaý-nahar edinmek üçin ataly-ogul meýdan düşelgesine barýarlar. Derrew jagrama çöpläp, çaý gaýnadýarlar. Goýnuň jana tenekar gowurmasyndan çaýçorba edinip, mazaly naharlanansoňlar, burçak-burçak derledip, argynlygyňy zym-zyýat edýän taňkada gaýnan gök çaýy öňlerine alýarlar. Şol barmana kakasy ogluna ýeriň taby, ekişiň möhleti, ideg edilişi, ýerden bol hasyl almagyň syrlary barada nesihat berip başlaýar. Gepiniň arasyna dem salym dyngy beren badyna ogly:

— Kaka, şu aýdýan zatlaryňy günde-günaşa gaýtalap, halys irizýäň. Sähel ýalňyşsam, iňirdäp, gulak etimi guradýaň. Indi, näçe ýyldyr, daýhançylyk edip ýörün. Seniň aýdýan zatlaryňy menem bilýän-ä. Maňa bu maslahatlaryň indi geregem ýok — diýýär.

Kakasy ogluna biraz gatyrganyp:

— Oglum, her bir işe başlanyňda, meniň maslahatymy alsaň kem bolmaz. Ýaşulular siziň diňe üstünlikleriňiziň tarapdarydyr. «Günde aýdýaň» diýip ýokuş görme. Men saňa ýaşululardan eşiden bir gürrüňimi aýdyp bereýin — diýýär-de, gürrüňini dowam etdirýär:

— Öňem biriniň ogly bar eken. Ol oglan ýaşka: «Ähli zady kakam bilýär, kakamy diňleýän» diýýär. Ýaňky oglan orta ýaşansoň: «Aý, kakamyňam artyk bilýän zady ýok. Onuň bilýänlerini menem bilýän» diýer eken.

Wagtyň geçmegi bilen kakasy ýurduny täzeleýär. Oglunyň özem elli ýaşdan aşýar. Şonda ol: «Altmyş ýaşymdakam kakam öldi welin, şonda-da bir aljyradym» diýlen aýtgynyň rastdygyny aýdyp: «Hä-ä, ähli zady kakam bilýän eken-ow» diýipdir.

Soňundanam ýaşuly: «Oglum, heý, şahyryň: «Garrylar käýese, kineli bolmaň, Ýene ugruňyzda şolar janserek...» diýeniniň kösti barmy?» diýip, az salym ymyzganmak üçin ýassygyny tirsekleýär.

Kakasynyň berýän nesihatlaryna «iňirdi» diýip düşünen ýigit indiki ýyl başga bir ýerden özbaşyna kärendesine ýer alýar. Ekin ekýär. Ýöne hasyl öňki ýyllardaky ýaly bitginli bolmaýar. Ýigidiň ýakyn tanyşlarynyň biri: «Näme, how, hasylyň pes-le? Senem-ä ýere il deňinde ideg, yhlas etdiň. Bu nä beýle bolýar? Ekine näme ýetenok?» diýip soraýar.

Hälki ýigit:

— Wah, ekin ýetişdirmekde ähli zat ýeterlik-le. Ýöne meniň özüme bir zat ýetenok. Kakamyň maslahatlary, meniň bolsa «iňirdi, igenç» diýip düşünen zatlarym — diýýär.

Hydyrguly GURBANOW,
Türkmengala etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 10.11.2023

Tmpedagog