10.11.2023 Döredijilik97 .

Çelgi (Hekaýa)


Wagtyň geçmegi bilen geçilen ýollara egniň üstaşyry nazar aýlamagyň köpelmek bilen bolýar ekeni. Ýogsam mekdebiň mähriban gapylaryndan çykyp gaýdanymyza kän wagtam geçen däldir welin, sähel säginsem, şol tarapa gaňrylanymy bilmän galýaryn. Onuň sebäbini kän-kän zatlardan gözläp bolardy. Çagalygyň garma-gürmelikleriniň arasynda galan süýjüje günleriň her biri ol tarapa nazar aýlamagyňa sebäp bolup biljegi düşnükli zat. Ýöne meniň-ä mekdep ýyllarymyza hyýalymda dolanmagyma, köplenç, mugallymlarymyzyň aýdan sözleri, olaryň kalbymyzda galdyran täsirleri sebäp bolýar.

Adam gyssananda ýa-da aljyran halatynda geçilen menzillerdäki mähribanlaryny ýatlaýar. Olardan gaýybana-da bolsa, kömek tamakin bolýar. Aýdan sözlerini, öwüt-ündewlerini öz ýanyndan gaýtalap, olaryň «kömeklerinden peýdalanýar». Şeýle gaýybana hemaýatlar birde eneň-ataňdan, doganlaryňdan gelse, birde mugallymlaryňdan geler. Onsoň oturyp-oturyp ýagşylygyň, ýagşy gylyk-häsiýetiň seniň «sogap sandygyňy» dolduryp gezişine haýran galarsyň. Esasan-da, bu babatda men-ä ýaşuly mugallymymyz Atageldi mugallymyň «sogap paýyny» hemişe ýetirip ýörýärin. Sebäbi onuň her bir hereketi, her bir sözi, hatda gaharlanyşy-da biz üçin uly bir mekdepdi.

...Matematika sapagy bilen turuwbaşdan hiç «jynym jyňkyryşmady». Şunça jan edýänem welin, gyzygyp, içine girip gidiberemok. Onsoň ahyrsoňy öz ýanymdan: «Meniň ugrum däldir-dä» diýen karara geldim-de, ol sapakdan «bolşuna görä» okaberdim. Dogry, ýaramaz baha alan ýerim-ä ýok-dy, ýöne okaýşym, ol sapagy özleşdirişim öz göwnüme-de jaý däldi.

Meniň ýagdaýymy, ilki bilen, synp ýolbaşçymyz Atageldi mugallym duýdy. Bu meselede ikiçäk, gysgaça söhbetdeşlikden soň, ýagdaýymy doly anyklandyr-da, gaýdyp şol gürrüňe ýagşydan-ýamandan dolanmady. Ýöne şol günden soň hasap sapagyndan şeýle bir «ýüküm artandyr», heý, goýaý. Asyl, başga sapaga eliň deger ýaly däl. Ahyrsoňy men ýagdaýy Atageldi mugallyma duýdurdym. «Halys agyr düşýär, meniň göteräýjek ýagdaýyma görä-de has köp agram salynýar» diýen ýalyrak gürrüň edenimden soň, ýaşuly mugallym ýüzüme nägile äheňde seretdi-de, şeýle gürrüň berdi:

— Oglankak obamyzda Hally aga diýip biri bardy. Ol obada toý-tomgy bolanda «Ýaglyga towusdy» oýnuna gözegçilik ederdi. Hatda adaty günlerde-de, oglanlary ýygnap, oýun gurabererdi. Özem bar bilýäni «ýaglyga towusdydy». Ol ýaglyklary belli-belli belentlikde goýansoň: «Pylany dagynyň deňiniňki şü» diýer welin, şol agzalan topar öz-özünden saýlanyberer. Bilýä-dä her kim haýsy belentlige degişlidigini. Özem gaty ýatkeşdi. Kimiň haýsy belentlige bökýändigini ýadynda saklardy. Onuň ýene bir üýtgeşik tarapy — bir alan belentligiňe ikilenç dalaş etmäge rugsat bermezdi. Onsoň bir belentlige eýgermek üçin esli wagtymyzy gidirerdik. Käte biz ýaglygy biraz ýokarrakda daňýandygy üçin, oňa nägilelik bildirerdik. «Sähel aşagrakdan daňsaňyz, hökman alarys» diýip jibrinerdik. Şonda ol: «Meniň kesgitlän belentligime ýetibileňzok diýip, ölçegi aşak gaçyryp biljek däl. Ýaglygy aşak düşürmegiň arzuwyny edip ýörmäň-de, özüňizi tijäň. Indiki gezege çenli täze belentlige dalaş etjek boluň. Men siziň diýeniňizi etsem, şol bir bökýän ýeriňizden belende towusmanjyk geçersiňiz» diýerdi.

Atageldi mugallym gürrüňini tamamlap, bir pursat sesini çykarman oturdy. Soňam sözüni dowam etdi:

— Matematika mugallymyň seniň ýetip biläýjek belentligiňi kesgitleýändir. Senden tamasy uludyr. Şol belentlige ýetip biljegiňe öz gözüňem ýetmän duran däldir. Şonuň üçinem sähel agram düşende, çelgini aşak düşürtjek bolman, nazaryňy, pikiriňi has belentlere gönükdirmegi şu wagtdan endik et. Şonda ýetip bilmejek belentligiň bolmaz...

Hawa, häli-häzirlerem, käbir işiň öňünde ejizlejek bolubersem, Atageldi mugallym daga çagalykdan «Ýaglyga towusdy» oýnadyp ýören Hally aganyň aýdan sözlerini ýatlanymy duýman galýaryn...

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 10.11.2023

Tmpedagog