10.11.2023 Döredijilik137 .

Bahaweddin hakynda rowaýat


Mirkülalyň şägirtleri kän bolsa-da, Bahaweddini aýratyn gowy görer eken. Ol ýasalan küýzeleri her gezek bir şägirdine peşgeş berip, kürä ot ýakmagy hem şoňa ynanar eken. Gezegiň Bahaweddine gelenini aňan şägirtler ony halypanyň öňünde ýüňsakgal edip, abraýdan düşürmegi niýet edipdirler. Olar dilleşip, oduny az ýygypdyrlar. Mundan habarsyz Bahaweddin küýzeleri kürä salyp, ot ýakypdyr. Emma heniz küýzeler bişip ýetişmänkä odunyň azalyp ugranyny duýupdyr. Ahyr barja oduny hem ýakyp gutaran Bahaweddin alaçsyz ähli eşiklerini çykaryp, ýakmaga başlapdyr. Emma olar hem az wagtlyk tutaşdyrlyk bolupdyr. Töweregine garanjaklap duran ýigit ýakar ýaly hiç zat tapmandyr. Kem-kem howry peselýän küredäki küýzeler harap bolup barýardy. Ol ahyr özüni küräniň içine oklapdyr. Alaw barha belentläp, küýzeler tabynda bişipdir. Bu ahwaly Mirkülala aýan edipdirler. Muňa görip şägirtler içlerinden heşelle kakypdyrlar. Mirkülal küräniň agzyny açyp:

— Bahaweddin! — diýip, gygyrypdyr. Hiç hili jogap bolmandyr. Görip şägirtleri halypalarynyň akly çaşandyr öýdüpdirler. Ol ikinji ýola ýene onuň adyny tutup gygyrypdyr. Mirkülal üçünji gezek has batly ses bilen:
— Bahaweddin, çyk! — diýipdir. Bahaweddiniň küreden çykyp gelýänini gören ýoldaşlarynyň haýran galmakdan ýaňa agyzlary uçuklapdyr.
Kakam bu rowaýaty kän gaýtalardy. Her gezek hem ol:
— Her kes öz çörek iýýän kesp-hünärine yhlasly bolsa, il içinde uly abraýa, durmuşda maksat-myradyna ýeter — diýip, sözüni jemlärdi.

Abadan MÄMEDOWA,
Akdepe etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 09.11.2023

Tmpedagog